• Home
  • Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • PANKREATIT: SEBÄPLERI, ALAMATLARY WE BEJERIŞ AÝRATYNLYKLARY

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

PANKREATIT: SEBÄPLERI, ALAMATLARY WE BEJERIŞ AÝRATYNLYKLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (28 Ses)

Aşgazanasty mäzi iýmit-siňdiriş ulgamynyň işinde wajyp orny eýeleýän agza bolup, ol garyn boşlugynyň ýokarky, çep böleginde ýerleşýär. Bu mäz adamyň ýaşaýyş ukybyny sazlaşykly berjaý etmek bilen, beloklary, uglewodlary we ýaglary siňdirmek işine gönüden-göni gatnaşýan fermentleri işläp çykarýar.

Fermentler, ilki bilen, aşgazanasty mäziň birleşdiriji kanalyna, soňra bolsa oniki barmak içegä düşüp işjeň görnüşe eýe bolýarlar. Şol ýerde hem olaryň iýmit siňdiriş hadysasyna täsiri bolup geçýär. Şeýle hem, hut aşgazan asty mäzinde ýaşaýyş üçin zerur bolan insulin gormonyny işläp çykarýan özboluşly öýjükler ýerleşýär. Aşgazanasty mäziň çykarýan insulin gormony gana düşüp, bedende süýji çalşygynyň sazlaşygyny berjaý edýär. Bedende insulin ýeterlikli çykarylmadyk ýagdaýynda süýji keseli döreýär.

PANKREATIT NÄME?

Aşgazanasty mäziniň sowuklamasy pankreatit diýip atlandyrylýar. Pankreatitde, sowuklama esasynda mäziň çykarýan fermentleri wagtyndan öň işjeň ýagdaýa geçip, mäziň öz dokumasyny dargadyp başlaýarlar. Onuň esasynda mäziň öýjükleri dargaýar we olaryň ýerinde birleşdiriji dokuma emele gelýär.

Kesel ýiti we dowamly görnüşde geçip bilýär. Pankreatitiň ýiti görnüşi köplenç orta ýaşly we gartaşan adamlarda, semizlige ýykgyn edýänlerde, spirtli içgini öte köp kabul edýän adamlarda duş gelýär. Zenan maşgalalarda, erkek adamlar bilen deňeşdirilende bu kesel köp duş gelýär. Adatça çagalar bu kesel bilen syrkawlamaýarlar. Eger keseliň ilkinji alamatlary ünsden düşürilse, ol bejergisi kyn bolan, dowamly görnüşe geçýär.

KESELIŇ SEBÄPLERI

Keseliň döremeginiň esasy sebäbi höküminde öt çykaryş ýollarynyň keselleri netijesinde döreýän öt durgunlylygyny belleýärler. Şeýle ýaramaz şertleriň esasan öt haltanyň daş keselinde ýüze çykýandygyny bellemelidir. Pankreatitiň ýene bir sebäbi höküminde alkogol içgilerine (esasan hem piwo içgisi) ýykgyn edilmegini belläp, bu iki sebäbiň utgaşmasynyň 90% ýagdaýlarda keseliň döremegine getirip bilýändigini derňewler görkezýär.

Pankreatitiň başga sebäpleri höküminde aşakdakylary belläp bolar:

► Garyn boşlugyndaky agzalaryň şikeslenmegi, iýmit-siňdiriş agzalaryna geçirilen şikeslendiriji operasiýalar;

► Öt haltanyň, oniki barmak içegäniň sowuklamagy we baş keseli, bagryň sowuklamagy;

► Nädogry iýmitlenme (ýagly iýmitiň alkogol içgileri bilen utgaşmagy);

► Gurçuk keseli;

► Iýmit-siňdiriş agzalarynda endoskopiki barlaglarynyň geçirilmegi;

► Käbir derman serişdeleriniň ulanylmagy (antibiotikler, parasetamol, furosemid, brufen, estrogen gormony, sulfanilamid serişdeleri);

► Aşgazanasty mäziň çykaryjy ýodalarynyň we öt çykaryjy ýodalaryň doga darlygy we täze döremeler bilen basylmagy;

► Madda çalşygynyň bozulmagy, endokrin keseller;

► Ýokanç keseller (A, B, C, E wirusly gepatitler, hapgyrtma).

PANKREATIT KESELINIŇ ALAMATLARY

Ýiti pankreatitiň ýüze çykyşy bagryň we öt çykaryş ýollaryň keselleriniň alamatlary bilen meňzeş bolýar:

♦ Ýagyrna, pilçä we döşe ýaýraýan çep gapyrganyň aşagyndan aýlawly ýüze çykýan güýçli agyry. Sag gapyrganyň aşagynda bildirýän agyrlyk duýgusy;

♦ Garnyň ýokarky böleginde dörän agyry bir näçe sagatdan, bir näçe gije-gündize çenli dowam edip biler;

♦ Garnyň çep bölegine basylan badyna agyry güýjeýär;

♦ Agyry duýgusy iýmitiň kabul edilmegine bagly bolmaýar;

♦ Ýygy bolup geçýän, köpürjikli bulamak görnüşli, siňmedik iýmit böleklerini saklaýan, ýakymsyz ysly täretiň bolmagy;

♦ Ýüregiň bulanmagy we gaýtarmak.

Aşgazanasty mäziň gan aýlanşygynyň bozulmagy netijesinde onuň dokumasynyň ölmegi sebäpli, edil ýürek etiniň infarktyndaky ýa-da aşgazanyň baş keselinde onuň deşilmegi bilen döreýän agyra meňzeş çydap bolmaýan agyry ýüze çykýar.

Dowamly görnüşde geçýän pankreatit keselinde beden gyzgyny birden ýokarlanyp ýa-da birden pese düşüp bilýär.

♦ Näsagyň işdäsi gaçýar, gägirme, hemişe içiň jugurdamasy, garnyň çişip, içegeleriň ýellenmesi ýüze çykýar;

♦ Näsag horlanyp, beden agramyny ýitirip başlaýar;

♦ Garnyň ýüzünde, arkada, döşde uly bolmadyk gyrmyzy tegmiller – ownuk damarlaryň giňelme alamaty peýda bolýar;

♦ Diliň ýüzüni ak örtük tutýar;

♦ Awitaminozyň ilkinji alamatlary ýüze çykýar: dyrnaklaryň soýulmagy we saçyň düşmegi güýjeýär, deri örän gury bolup, hamyň hem soýulmasyna getirýär, dodagynda agyryly ýaryklar döreýär.

Keseliň dowamly görnüşi üçin onuň alamatlarynyň gowşap, ýene güýjemegi häsiýetlidir. Keseliň agyr geçmegi netijesinde mäziň dokumasynyň uly häsiýetli zeperlenmegi ýüze çykanda, dörän beden zäherlenmesi näsagyň ölümine hem getirip biler.

PANKREATIT KESELINIŇ ANYKLANYLŞY

Pankreatitiň geçiş derejesini kesgitlemek ganyň, peşewiň we täretiň laborator barlagyny geçirmekden başlanýar. Ganyň düzümindäki leýkositleriň derejesiniň on esse we ondan hem ýokary galmagy mäzde sowuklama hadysasynyň döränliginden şaýatlyk edýär. Mäz dokumasynyň düýpli dargama ýagdaýlary döremedik ýagdaýynda ganyň düzüminde aşgazan asty mäziň antigeni ýüze çykarylmaýar. Ýiteleşme döwründe köplenç onuň derejesi 50-60%-e barabar bolýar. Glýukozanyň derejesi adatdakydan has ýokary galyp, holesterin kadadan has pese düşýär. Mäze mahsus amilaza fermentiniň derejesi kadadan 10 esse ýokary bolýar, gamma-globulin belogynyň derejesi birden pese düşýär. Peşewde mäziň fermentleriniň (tripsin, lipaza, amilaza) derejesi ýokarlanýar. Täretiň barlagynyň netijesinde iýmiti siňdirmekde degişli ferment ýetmezçiliginiň görnüşi kesgitlenýär.

Anyklaýyş çärelerinde mäziň USB-gy, öt çykaryş ýollaryň endoskopiki barlagy, garyn boşlugyndaky agzalaryň rentgen barlagy peýdaly maglumatlary berip bilýändir.

PANKREATIT KESELINIŇ BEJERGISI

Keseliň bejergisi diňe hassahanada, lukman tarapyndan geçirilmelidir. Ilkinji bir-iki günde näsaga bejergi erginleri damja görnüşde göýberilýär. Bu günler adaty iýmiti kabul etmek gadagan bolup, ýörite bellenen berhiz tutulýar. Howply döwür geçenden soň agyrylar gowşaýar we kem-kemden näsagy biynjalyk edýän alamatlar ýok bolýar. Ýöne mäz dokumasynyň dikelmegi üçin birnäçe aýyň gerekdigini göz öňüne tutup, gözegçiligi dowam etmek we berhizi saklamak maslahat berilýändir.

Öý şertlerinde, lukman gelip ýetýänçä agyrylary gowşatmak maksady bilen agyrsyzlandyryjy serişdeleri (no-şpa, platifillin, nasogin, spazmolgon) kabul etmek maslahat berilýär. Bejerginiň esasy maksady mäziň işläp çykarýan fermentleriniň işjeňligini peseltmäge (kontrikal, gordoks) gönükdirilen bolmalydyr. Sowuklama hadysalaryny aradan aýyrmak üçin bejergä antibiotik serişdeleri hem goşulyp bilner.

Degişli bejergi netije bermän, mäziň dargamagy we şol esasynda gaýragoýulmasyz ýagdaý dörän haladynda hirurgiki bejergini amala aşyrmak ýerliklidir. Mäze geçirilen hirurgiki bejergiden soň, lazer şöhleleri bilen täsir etmek peýdaly netijeleri berip bilýändir.

Pankreatiti bejermede magnit tolkunlarynyň täsirini ulanma hem peýdaly netijeleri berip, sowuklama ýagdaýlaryny peseldýär. Bu usulyň hwoýaly wannalary ulanma bilen utgaşdyrylmasy, mäzde gan aýlanşygy kadalaşdyryp, zeperlenme hadysalarynyň peselmegine getirer.

PANKREATIT KESELINDE BERHIZ SAKLAMAK

Dowamly pankreatit keselinde berhizi berjaý etmek bejerginiň möhüm bölegi bolup durýar. Bu döwürde iýmitde uglewodlary kabul etmekden saklanmaly, ýaglary ep-esli azaltmaly, ýöne kabul edilýän beloklaryň mukdaryny ýokarlandyrmalydyr. Irimçik süýümli önümleri, gowurlan tagamlary iýmekden saklanyp, onuň ornuna buglanan iýmit ulanma maslahat berilýär. Iýmit tertibini kada salyp, günüň dowamynda 5-6 gezek, az-azdan iýmit kabul etmeli. Gaýnadylan et, buga bişirlen heýgenek, suwa bişirlen ýarmalar, gök ömümlerden taýýarlanan çorba, gaýnadylan ýer almasy, dorog, gaýnadylan ýa-da buglanan balyk, gatyk, süýtli çaý ýa-da guradylan miwelerden taýýarlanan şerbet – bejergi döwründe iýmitde ulanmak bolýan önümleriň gysgajyk sanawy şulardan düzülen bolup biler. Duza ýatyrlan, kakadylan we ýiti iýmit önümleri, alkogol we gazly içgileri pankreatit keselinden ejir çekýän näsaglara ulanmak düýbünden bolmaýar.

  • 5375 gezek okalan

Teswirler (3)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Toyguly

Lukman aga sonky dowur sag gapdal gapyrgan gapdaly asgazana yakyn yeri halys syzylap agyrya name etmeli

 
  1. Seýran.

Lukman aga! Soňky mahallar men her naharlananymdan soň hökman uly meýdan edäýmeli. Barlaglardan geçdim. Täretimi ýokançlyklara tabşyrdym. Hiç hili üýtgeşiklik ýok diýdiler. Nämeden beýlekä? Iýýän iýmitimdenmikä ýa-da bir ýetmezim barmyka?

 
  1. Gerçek

Àşgazan asty mäzi diýip eşitýärdim, ýöne beýle içgin bilemokdym. <br />Gyzykly hem gerekli makala minnetdarlyk bildirýän awtora.

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location