• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • GYZYL WOLÇANKA: SEBÄBI, ALAMATLARY, GAÝRAÜZÜLMELERI, BEJERGI ÇÄRELERI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GYZYL WOLÇANKA: SEBÄBI, ALAMATLARY, GAÝRAÜZÜLMELERI, BEJERGI ÇÄRELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.35 (20 Ses)

Wolçanka (umumy gyzyl wolçanka – UGW, deri inçekeseli) – bu autoimmun kesel bolup, adam bedeniniň birleşdiriji dokumaly agzalarynyň-bogunlaryň we siňirleriň zeperlenmegi bilen häsiýetlendirilýän keseldir.

Wolçankanyň döredýän sowuklama alamatlary bedeniň dürli agzalaryna täsirini ýetirip, kesel öz geçişi boýunça dürli agyrlykda ýüze çykyp bilýändir. Bu immun ulgamynyň bedeniň özüne garşy döredýän antitela öýjükleriniň görnüşlerine we mukdaryna hem-de zeperlenýän agzalara bagly bolup durýandyr. Umumy gyzyl wolçankadan ejir çekýän näsaglaryň 90%-i 16-40 ýaş aralygyndaky aýal maşgalalar bolup, seýrek halatlarda gyzjagazlarda, şeýle-de uly ýaşly aýallarda we erkeklerde hem döräp biler. Edebi maglumatlara görä, kesel akýagyz adamlar bilen deňeşdirlende, afrikan halklarynyň arasynda has ýygy duş gelýändir.

Beýleki autoimmun keselleri ýaly, ylyma wolçankanyň döremeginiň sebäpleri soňuna çenli belli däldir. Bu kesel immun ulgamynyň genetiki näsazlyklar ýa-da ýokançlyklaryň täsiri bilen bozulmagy netijesinde, bedeniň özüne garşy antitetelalary işläp çykarmagynyň esasynda ýaýbaňlanyp biler.

Wolçankanyň döremeginde birnäçe mälim bolan sebäpler:

► Ultramelewşe şöhleleriniň täsiri (gün şöhlesi) wolçankany ýa-da onuň alamatlaryny döretmäne ukyplydyr;

► Aýal jyns gormonlary göni wolçankany döredýän sebäp bolmasa hem, onuň geçişine täsirini ýetirýär. Aýal jyns agzalarynyň keselleriniň gormonlaryň ýokary mukdary bilen bejerilmeginiň keseliň döremegine itergi berip biljekdigini mysal getirip bolar;

► Çilim çekmeklik wolçankanyň döreme ähtimallygynyň bir şertidir. Keseliň ýaýbaňlanmagyna we agyr derejesiniň döremegine itergi berýär;

► Birnäçe derman serişdeleri (sulfanilamidler, antibiotikleriň käbiri) keseliň ýaýbaňlanmagyny çaltlaşdyryp biler. Şeýle-de, gidralazin, prokainamid, izoniazid, minosiklin ýaly serişdeleriň kesele mahsus alamatlary döredip bilýändigini we dermanlaryň ulanylmagy bes edilensoň, bu alamatlaryň ýitip gidýändigini bellemelidir;

► Himiki serişdeleriň käbiri, meselem, trihlozetilen serişdesi, saçlar üçin boýag reňkleri, laklar keseliň döremeginiň sebäbi bolup bilerler;

► Wiruslaryň käbiri, meselem, sitomegalowirus, parwowiruslar, C gepatitiň wirusy gyzyl wolçankany döredip biler. Barlaglaryň görkezişi ýaly, Epşteýna-Barra wirusy çagalarda wolçankanyň döremeginiň esasy sebäpleriniň biri bolup durýandyr.

Wolçankanyň alamatlary

Wolçankanyň alamatlarynyň köpdürliligi sebäpli, bu keseli başga keseller bilen çalyşma ähtimallygy ýokarydyr. Meselem, bogunlaryň birleşdiriji dokumasynyň zeperlenmegi netijesinde dörän bogun sowuklamasy (artrit) guragyry keselde döreýän bogun zeperlenmesi bilen çalşylyp bilner. Käwagtlar keseliň geçişi garaguşagyry keselini ýa-da beýniniň zeperlenmesi netijesinde döreýän ruhy keselleri hem ýadyňa salyp bilýändir.

Keseliň esasy alamatlaryny aşakdakylar bilen häsiýetlendirip bolar:

♦ Beden gyzgynynyň ýokarlanmagy – kesel beden gyzgynynyň ýiti görnüşde ýokary galmagy bilen hem başlap biler. Köp halatlarda gyzgynyň wagtal-wagtal galyp peselmegi ýaly ýagdaý ýyllaryň dowamynda kadaly ýüze çykyp bilýändir.

♦ Bogun agyrylary – näsaglaryň 90%-de ýüze çykyp, bogunlaryň ýeňil derejeli zeperlenmegi ýa-da birnäçe bogunlaryň agyr derejeli şikeslenme ýagdaýlary hem döräp bilýändir. Köp halatlarda, bogunlaryň agyrmagy keseliň ýeke-täk alamaty höküminde ýüze çykyp biler. Bogunlaryň uzak wagtlaýyn zeperlenmegi, onuň şikeslenmegine getirse hem, guragyryly şikeslenmeden tapawutlylykda, süňküň dargamagy bolup geçýän däldir.

♦ Deri alamatlary – köp duş gelýän alamat bolup, deri örgünleri ýüzde, boýunda, döşde, tirsekde peýda bolup bilýändir. Burnuň arkasynda we duluklarda emele gelýän, "kebelek" görnüşli gyzyl örgünler – keseli häsiýetlendirýän alamat bolup durýandyr. Agyzda döreýän ýarajyklar hem kesele mahsus alamatdyr. Eliň aýasynda we barmaklarda gyzyl-melewşe reňkli örgünler, dyrnaklaryň töwereginde bolsa gyzarmanyň hem-de çişginliligiň döremegi häsiýetlidir. Keseliň ýiti döwründe saçlaryň düşmegi syn edilýändir. Wolçankadan ejir çekýänleriň ýarysyndan gowragy gün şöhlelerine düýgur bolup, güne aňsatlyk bilen ýanyp, örgünleriň beterlemegine sezewar bolup bilýändir.

♦ Içki agzalaryň zeperlenmegi – käwagtlar öýkeniň daşyny gurşap alýan bardanyň zeperlenmegi netijesinde plewrit keseli ýüze çykyp, dem almada agyrylaryň sebäbi bolup biler. Eger zeperlenme ýüregi gurşap alýan bardada ýüze çyksa, perikardit döräp, gursakda dowamly döreýän agyrylara getirip biler. Çagalar we ýaş adamlar üçin limfa düwünleriň, näsaglaryň 10%-i üçin bolsa dalagyň ulalmagy häsiýetli alamatdyr. Böwrekleriň zeperlenmegi glomerulonefrit keselini döredip, özwagtynda bejerilmedik halatlarynda gan basyşyň ýokarlanmagyna, böwrek ýetmezçiligine we ölüme hem getirip biler.

♦ Nerw ulgamyň zeperlenmegi – pikirlenmegiň kynlaşmagy, dowamly kelleagyrylar, tutgaýlaryň döremegi bilen häsiýetlendirilip bilner. Seýrek ýagdaýlarda beýnä gan inme hem ýüze çykyp bilme ähtimallygy bardyr.

Wolçankanyň anyklanylşy

Görşümiz ýaly, keseli anyklamaklyk keseliň dürli alamatlylygy sebäpli kynçylyk döredip biler. Keseliň alamatlary başga keselleri ýada salyp hem biler. Ganyň barlagynda näsaglarda hemişe kesele mahsus antitela öýjükleri anyklanylýar. Bu öýjükleriň başga kesellerde hem duş gelme mümkinçiligini göz öňüne tutup, iki spiralli DNK antitela öýjüklerine barlag geçirmelidir. Böwrekleriň zeperlenme derejesi ganyň we peşewiň derňewi netijesinde anyklanylýar. Kähalatlarda, dogry bejergini saýlap alma maksady bilen böwregiň biopsiýa barlagy hem geçirilýändir. Ýüregiň we öýkeniň ýagdaýy EKG, ehokardiografiýa we döş kapasasynyň rentgen barlagyny geçirme arkaly anyklanyp bilner.

Wolçankanyň bejergisi

Wolçankanyň bejergisi çylşyrymly we dowamly bolup, ol keseliň alamatlarynyň agyrlyk derejelerine baglydyr. Bejergi hemişe lukmanyň gözegçiliginde alnyp barlyp, keseliň geçişine görä dermanlaryň mukdarlary hem üýtgedilip bilner.

Wolçankany bejermekde ulanylýan häzirki zaman derman serişdeleri:

1. Sowuklama garşy steroid däl serişdeler

Wolçankanyň döredýän sowuklama alamatlarynda steroid däl serişdeleri bolan naproksen (anaproks, nalgezin, floginas) we ibuprofen (nurofen, ibiprom) serişdelerini ulanmak peýdaly netijeleri berýändir. Güýçli steroid däl serişdeler meselem, diklofenak (olfen) lukmanyň görkezmesi boýunça bellenilýär. Islenilmeýän netijeler:garynda agyry, seýrek ýagdaýlarda aşgazandan gan akma, böwrek bilen bagly meseleler, ýürek ýetmezçiliginiň döreme ähtimallygynyň ýokarlanmagy.

2. Gyzdyrma garşy serişdeler

Adatça gyzdyrma garşy bellenilýän gidroksihlorohin (Plakwenil) ýaly serişdeler wolçankanyň alamatlaryny kadalaşdyrmana kömek edýärler. Islenilmeýän netijeler:aşgazanda oňaýsyzlyklar, seýrek halatlarda gözüň torly gatlagynyň zeperlenmegi.

3. Kortikosteroid gormonlary

Korikosteroid gormonlar – sowuklama garşy güýçli täsir ediji serişdeler bolup, olaryň içinden metilprednizolon, prednizolon, deksametazon ýaly serişdeleri mysal getirip bolar. Bu derman görnüşlerini diňe lukman belläp biler. Olaryň dowamly ulanylşy uzak wagtlap islenilmedik alamatlary döredip biler: agramyň artmagy, osteoporoz, gan basyşyň ýokarlanmagy, süýji keseliň döreme ähtimallygy we ýokanç kesellere garşy durnuklylygyň gowşamagy.

4. Immunosupressor serişdeleri

Immun ulgamynyň işjeňligini peseldýän derman serişdeleri wolçankada we beýleki autoimmun kesellerinde öräň peýdaly bolup hyzmat edýärler. Olardan siklofosfamid (sitoksan), azatioprin (imuran), mikofenolat, leflunomid, metotreksat ýaly serişdeleri belläp geçip bolar.

Islenilmeýän netijeler:ýokançyklaryň kabul edijiliginiň ýokarlanmagy, bagryň zeperlenmegi, köp görnüşli täze döremeleriň peýda bolma mümkinçiliginiň ýokarlanmagy.

Hirurgiki bejergi çäreleriň geçirilmeginiň we göwreliligiň keseliň geçişinde gaýraüzülmelere getirip bilýändigini göz öňüne tutup, şeýle ýagdaýlaryň lukmanyň ünsli gözegçiligini talap edýändigini ýatda saklamalydyr. Göwreli aýallarda düwünçegiň düşme howpy köp duş gelýändir. Şeýle-de, dogrumdan soňky döwürde keseliň beterleşmegi syn edilip bilner.

  • 7178 gezek okalan