• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • ENUREZ: SEBÄBI, BEJERGI ÇÄRELERINIŇ GÖRNÜŞLERI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ENUREZ: SEBÄBI, BEJERGI ÇÄRELERINIŇ GÖRNÜŞLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.52 (29 Ses)

Enurez (latyn. "enourein" - peşew etmek) – beden agzalarynyň näsazlyklary bolmazdan, çaganyň psihologiki ýaşyna deň gelmeýän, gündiz we (ýa-da) gije ygtyýarsyz peşew etme (buşukma) ýagdaýydyr.

Beýniniň kämilsizligi sebäpli täze doglan bäbekler günde ortaça 20 gezek peşew edýärler. Wagtyň geçmegi bilen, peşew haltasynyň göwrüminiň ulalmagy we buşukma hadysasyna erk etmäge öwrenme netijesinde gündelik peşew çykarmanyň ýygylygy azalyp, bir gezekdäki çykarylýan peşewiň mukdary bolsa artýar. Çaganyň 1-2 ýaşynda peşew etmek baradaky habar beýnä ýetip başlaýar. 2-3 ýaşlaryndaky çaga peşew haltasynyň dolandygyny duýup başlasa, 4-5 ýaşlarynda peşewi saklama ýa-da çykarma erk etmäni öwrenýär.

Dürli awtorlaryň maglumatlaryna görä, 4-15 ýaşdaky çagalaryň arasynda enureziň duş gelme ýygylygy 2,3%-den 30%-i tutýandyr. Gijeki enurezden ejir çekýän çagalaryň 8-10%-i ýetginjeklik we uly ýaşlarynda hem gündiz peşew etme näsazlyklaryna sezewar bolýarlar. Bu bolsa ruhy bozulmalara we ýaşaýşyň hiliniň üýtgemegine getirip, dowamly bejergini talap edýändir. Bu keseliň sosial ähmiýetliligini indiki maglumatlar tassyk edýär: ene-atalaryň 61%-i düşege buşukmany çynlakaý kynçylyk hasaplasalar, olaryň 1|3 bölegi onuň üçin çagalaryna temmi berýärler.

Enurez kesel kesgidini goýmak üçin aşakdaky şertler möhümdir:

► Çaganyň 5 ýaşdan uly bolmagy;

► Ýorgany öllemäniň yzgyderli gaýtalanmagy. Käbir awtorlaryň kesgitlemegine görä, her 21 günde bir gezekden ýygy bolup geçýän ýagdaýlar;

► Bu näsazlygyň döremeginde dermanlaryň ýa-da başga keselleriň gönümel täsiriniň bolmazlygy.

Enureziň sebäpleri

Enurez köp sebäpli kesel bolup, onuň ýüze çykmagynyň sebäplerini düşündirýän birnäçe çaklamalar orta atylýar.

Nerw ulgamynyň kämilleşmeginiň saklanmagy – bu çaklama laýyklykda, merkezi nerw ulgamynyň kämilsizligi bedeniň köp ulgamynyň işine edilýän gözegçilikde bökdençlik döredýär. Nerw ulgamyň kämilleşmegine kislorod ýetmezçiligi we şikeslenme esasynda beýniniň zeperlenmegi, nerw dokumasyna täsir edýän ýokançlyklar, gaýraüzülmeli geçen göwrelilik we dogrum ýaly sebäpler täsir edip bilerler.

Peşew çykaryş ulgamyň näsazlyklary we peşew haltanyň işiniň bozulmalary – barlaglar enureziň peşew çykaryş ulgamynyň näsazlyklaryndan habar berýän ýeke-täk alamat höküminde hem döräp bilýändigini görkezýär. Enurez bu ulgamyň doga kemislikleriniň, peşew haltanyň işiniň bozulmalarynyň, peşewiň peşew haltadan yzyna, peşew akarlara zyňylma ýagdaýynyň ilkinji alamaty höküminde ýüze çykyp bilýändir.

→ Nesil yzarlama häsiýeti – barlaglar 1 derejeli garyndaşlykda bolan dogan-garyndaşlaryň 75%-niň bu keselden ejir çekme ähtimallygynyň uludygyny görkezdi. Ene-atasynyň ikisiniň hem enurezden kösenmegi çagalarynda onuň döremegini 77% ýokarlandyrýan bolsa, ene-atalary sag çagalarda bu ähtimallyk peselip, 15%-e deň bolýandyr.

Antidiuretik gormonynyň derejesiniň bozulmagy we gije öndürilýän peşewiň mukdarynyň artmagy – gijeki sagatlar antidiuretik gormonynyň (wazopressin) mukdarynyň köpelmegi gije peşewiň işlenilip çykarylmagynyň azalmagyna ýardam berýär. Bu gormonyň işlenilip çykarylmagynyň bozulmagy, pes dykyzlykly peşewiň köp mukdarynyň işlenilip çykarylmagyna getirýär. Enurezli çagalaryň 75%-de gije köp mukdarda peşewiň bölünip çykmagy syn edilýär.

Uky wagty peşew haltanyň işiniň bozulmalary – barlagçylaryň käbiri, ukynyň çüň tapgyryna enureziň sebäbi höküminde garaýarlar.

Sosial-psihologiki sebäpler we stress – ene-atasynyň aýrylyşmagy ýa-da ölümi, maşgalada döreýän dawa-jenjeller ýaly maşgala meseleleri, özünden kiçi jigisini gabanma, başga çagalar bagyna ýa-da mekdebe geçme, ejesi tarapyndan buşukma erk etmäni öwretmek maksady bilen ýalňyş çemeleşmeler enureziň döremeginiň sebäbi bolup bilýärler.

Enureze sebäp bolup biljek beden keselleri – oňurga şikeslenmeleri, peşew çykaryş ýollaryň ýokançlyklary, iç gatama, gormonal näsazlyklar, böwregiň keselleri, gije dem gysma sebäpli horlama, süýjikeseli, gipertireoz ýaly ýagdaýlar bar bolsa, ilkinji nobatda bu sebäpler aradan aýrylmaga çalşylmalydyr.

Bejergi usullary

Enurezli çaga we maşgalasyna bu näsazlyk barada ýeterlik düşünjäniň berilmegi bejergiň netijeliligi üçin möhümdir. Bejerginiň başynda aşakdaky käbir ýönekeý düzgünlere eýerilmelidir:

⇒ Iýmitlenme endikleri gözden geçirilip, gündelik içilmeli suw mukdary tertipleşdirilmeli. Günde 6-7 gezekden 250 ml ýa-da agramyna görä günde 30 ml/kg mukdarynda suw içirilmeli;

⇒ Agşam ýatmazdan öň suw içmekden gaça durmaly. Agşam naharyndan soň kofe, çaý, gazlandyrylan içgiler, gatyk, duzly önümleri iýmeden gaça durmaly;

⇒ Iç gatamagy bejerilmelidir;

⇒ Fiziki işjeňlik tertipleşdirilmeli – uzak wagtlap telewizor görme, oýun oýnama ýaly oturymly ýagdaýlaryň öňi alynmaly;

⇒ Öýde, mekdepde, çagalar bagynda her 2-3 sagatdan hajathana gidip buşukma endigini ýola goýmaly;

⇒ Ýatmazdan öň çaga hökman peşew haltasyny boşatmalydyr. Köp halatlarda, çaga uka gideninden 2-3 sagat soň, ony oýaryp buşukdyrma netijeli bolup biler;

⇒ Çaganyň gündüz we gije hem üşemeginiň öňüni almaly;

⇒ Gije hajathana aňsat baryp biler ýaly şert (otagda ýiti ýanmaýan çyra we baş.) döretmeli;

⇒ Ýatanynda arlyk, pampers ulanmakdan gaça durmaly.

Ýokardaky goldaýyjy düzgünleri özbaşdak ulanma ýeterlik däldir. Olaryň netijeliligi beýleki bejergi usullary we serişdeleri bilen birlikde ulanylanda ýokarlanýandyr.

Derman serişdeleri bilen bejergi

Ukynyň çuňlugyny kadalaşdyrmak maksady bilen uklatma täsiri bolan rahatlandyryjy (Radedorm, sidnokarb, amitriptilin) serişdeler çaganyň ýaşyna görä degişli mukdarda bellenilýändir.

Newrotiki ýagdaýlary bejermek üçin degişli mukdarda we dowamlylykda Ataraks, Medazepam, Trimetozin ýaly serişdeler maslahat berilýär. Şeýle hem, merkezi nerw ulgamyň kämilleşmegini gazanmak üçin 4-8 hepde dowamlylykda, ýaşa görä mukdarda kalsiýa pantetenat, glisin, pirasetam, semaks, instenon serişdeleri ulanylýar.

Peşew haltanyň işiniň kadasyzlygy sebäpli dörän enurezde driptan (oksibutinin gidrohlorid) serişdesi ulanylýar. Gijeki enurezde dermanyň 5 mg. günde 2-3 gezek bellenilip, ýaramaz täsirleriň öňüni almak üçin bejergi dermanyň mukdarynyň ýarsyndan başlanylýar. Onuň soňky mukdary uka gitmezden öň kabul edilýär.

Peýdaly derman serişdelerine desmopressin (wazopressin gormonynyň emeli görnüşi) hem degişli edilýändir. Bu dermanyň burna damdyrylýan (Adiuretin-CD), gerdejik (Minirin) we burna sepilýän (Presaýneks) görnüşleri ulanylyp, dermanlaryň mukdary belli bir tertipde, lukmanyň görkezmesi bilen bellenilýändir.

Peşew çykaryş ýollaryň ýokançlyklaryny bejermek üçin barlaglaryň netijesine baglylykda, antibiotikler (amoksisillina klawulanat, sefiksim), ýokançlyklara garşy serişdeler (furamag, furadin), ösümliklerden taýynlanan serişdeler (kanefron, fitolizin, tutukon) maslahat berlip bilner.

Bejerginiň dermansyz görnüşleri

"Oýandyryjy jaňjagazlar" (peşew sagatlary) – çaganyň buşukmany hajathanada ýa-da hajathana gabynda dowam etmegi üçin, peşewiň birinji damjalary bölünip çykanda çagany oýatmaga ýardam berýän sensorlardyr. Kadaly ulanylan ýagdaýynda, peşew haltanyň dolmagy esasynda oýanma endigini ýola goýýar. Maşgala agzalaryndan takatlylygy talap edip, netijeliligi gazanmak üçin 6-8 hepde wagt gerekdir.

"Oýandyryjy jaňjagazlaryň" ýerine çagany gijäniň dowamynda belli bir wagt aralygynda buşukma üçin oýandyrylmagyny hem ulanyp bolýar. Ýöne ters netije alynmaz ýaly, buşukma üçin çaganyň doly oýanmagyny gazanmalydyr.

Fiziki emler bilen bejergi – magnit, lazer, iňňe sançma bilen bejergi çäreleri derman bejergisi bilen bile ulanylyp, olaryň netijeliligi näsagyň ýaşyna we keseliň ýüze çykyş aýratynlyklaryna baglydyr.

Enurezden ejir çekýän çaga ene-ata tarapyndan käýýelmän we temmi berilmän, goldawa mätäçdir. Temmi berme netijesinde siz ondaky stress ýagdaýyny has hem beterleşdirip, çaganyň özüne bolan ynamyny gowşadýarsyňyz. Çagany netijelilige höweslendirmek maksady bilen, gündelik tutup, "öl" gijäni "bulutjagaz", "guryny" bolsa "günjagaz" bilen bellemegi maslahat beriň. Çaga 5-10 "gury" gijeler üçin ýörite sowgadyň beriljekdigini belläp, höweslendiriň.

Siziň çagaňyza edýän goldawyňyz we dogry geçirilen bejergi çäreleri, barlaglaryň görkezişi ýaly, köplenç 14-15 ýaşa çenli enurezden dynmaga ýardam berýändir.

  • 6763 gezek okalan