• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon
  • IÇEGE ÝOKANÇLYKLARY

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

IÇEGE ÝOKANÇLYKLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.40 (10 Ses)

Bazarlarda duza ýatyrylan kömelekleri satyn alyp ýa-da ulanyş möhleti geçen süýt önümleri, konserwalar bilen iýmitlenip, biz içege ýokançlyklaryna uçrap bilýäris. Nahardan öň ýa-da hajathana girenimizden soň elimizi ýuwmagy ýadymyzdan çykaran wagtymyzda, bakja önümlerini, ir-iýmişlerini göwnejaý edip ýuwmaga ýaltanýan halatymyzda hem içege ýokançlyklarynyň ýokuşma ahtimallygy artýandyr. Uzak ýola syýahata gidýän adamlarda "syýahatçynyň iç geçmegi" ýüze çykyp biler.

"Içege ýokançlyklary" düşünjesi, ýokanç keselleriň uly toparyny öz içine alyp, iýmit siňdiriş ulgamynyň zeperlenmegi we iç geçme (diareýa) alamatlary bilen häsiýetlendirilýändir. Ondan başga-da, ýürek bulanma, gaýtarma, garynda agyrynyň döremegi hem ýüze çykyp biler. Ýiti içege ýokançlyklary öz ýaýraýşy boýunça, dem alyş ýollarynyň ýiti sowuklama kesellerinden soň ikinji ýerde durýandyr. Keselçilik tomus aýlary has artýandyr, ýöne gyş aýlary hem wiruslar bilen ýüze çykan içege ýokançlygy duş gelip biler.

Içege ýokançlyklary dürli-dürlüdir: bakteriýalar (salmonella, ganly iç geçmäni döredýän şigella, içege taýajygy, stafilokokk), wiruslar (rotawirus, enterowirus,astrowiruslar), ýönekeýler maşgalasyna degişli (amýoba, lýamblýa) ýokançlyklary. Dürli-dürli içege ýokançlyklary 30-a golaý keseli döredip bilýärler. Olaryň içinde iýmit zäherlenmesi iň ýeňil geçýän görnüşde bolsa-da, mergi, botulizim, garyn garahassalygy adama uly howp salyp biler.

Näsagdan ýa-da ýokançlygy göteriji adamlardan ýokançlyk daşky gurşawa täret, gaýtarylan iýmit galyndylary, käwagt peşew arkaly düşüp biler.

Içege ýokançlyklary toprakda, suwda, dürli zatlarda (meselem, çemçeler, tarelka, gapy tutawaçlary, mebelde) uzak wagt ýaşap bilýärler. Ylaýta-da olar süýt önümlerinde, üwelen etde, et çorbasynda, suwda (has hem tomus aýlary) örän çalt köpelýärler.

Sag adama içege ýokançlyklary agyzdan düşüp biler: iýmit, suw arkaly, hapa elleriň üsti bilen(şol sebäpli oňa, "hapa elleriň keseli" hem diyiyär). Meselem, ganly içgeçme gaýnadylmadyk süýt ýa-da ondan edilen peýnirçe, gaýmak iýlende hem döräp biler. Içege taýajygyny hili pes bolan gatyk ýa-da ýogurt bilen "iýip" bolar.

Stafilokokk ýokançlygy kremli tort önümlerinde özüni oňaýly duýýandyr. Salmonellýoz döredijiler (olaryň 400 görnüşi bellidir) islendik zäherlenen önümlerde – towuk eti we ýumurtgasy, gaýnadylan şöhlat , büzmeçeler, çala ýuwlan bakja önümleri we gök otlarda duşup biler.

Agyzdan ýokançlyk aşgazana, ol ýerden hem içegelere düşüp, köpelip başlaýandyr. Içege ýokançlygynyň inkubasion döwri 6-48 sagady öz içine alýar.

Keseliň alamatlaryny ýokançlygyň özi ýa-da onuň bölüp çykarýan zäheri (toksini) döredýändir. Içege ýokançlyklary ýiti gastrit (garnyň ýokarky böleginde agyry hem-de gaýtarma), enterit (içiň geçmegi), kolit (täretde ganyň görünmegi we onuň bozulmagy), enterekolit (içegäniň hemme bölekleriniň zeperlenmegi) görnüşde ýüze çykyp biler.

Keseliň başynda näsagy ysgynsyzlyk, kelle agyry, işdäniň peselmegi, bedeniň gyzgynynyň galmagy biynjalyk edýär. Biraz wagtdan ýürek bulanma, gaýtarma, garynda sanjyly agyrylar, içiň geçmegi, içegäniň ýellenmegi ýüze çykýar. Käbir içege ýokançlyklaryň öz ýüze çykyş aýratynlyklary bardyr. Meselem, rotawirus ýokançlygy üçin gaýtarma, suwuk görnüşli täretlenme, umumy ysgynsyzlyk ýaly alamatlar bilen ýeňil geçiş häsiýetlidir. Näsag bilen gatnaşykda bolan ulular we çagalar hem keselläp bilerler.

Ganly içgeçmä (dizenteriýa) bolsa, içiňde ýüze çykýan güýçli sanjyly agyrylar, nemli we ganly täret etme ýaly alamatlar bilen agyr görnüşde geçmek mahsusdyr. Batgalygyň läbigine meňzeş ýaşylymtyl, suwuk täretiň döremegi bolsa salmanellýoz üçin häsiýetli alamatdyr.

"Syýahatçylaryň iç geçmesi" diýip, öz hemişelik ýaşaýan ýerini üýtgeden ýagdaýynda, günde üç we ondan hem kän gezek bolýan içiň geçme ýagdaýyna düşünilýär. Bu alamatlar syýahatçyda ýerli  içege ýokançlyklarynyň täsir etmegi netijesinde ýüze çykýandyr.

Ýiti içege ýokançlyklarynyň iň howply gaýraüzülmeleriniň biri hem, bedeniň iç geçme we gaýtarma netijesinde suwsuzlanmagydyr. 2 ýaşdan kiçi çagalarda we garry adamlarda bu ýagdaý has hem agyr geçýändir. Bedeniň suwsuzlanmagyna içiň geçip, günde 5 gezekden artyk gaýtarma, örän suwuk görnüşli täret, üznüksiz gaýtalanýan gaýtarma, bedeniň gyzgynynyň galmagy bilen (39-40 Cº) geçýän içege ýokançlyklary  getirip biler.

Bejerilmedik suwsuzlanma ýagdaýy böwrek ýetmezçiligi, şok (suwuklygyň ýitirilmegi sebäpli) ýagdaýynyň ýüze çykmagynyň sebäbi bolup biler.

Içege ýokançlyklaryny meňzeş alamatly başga kesellerden tapawutlandyrmak möhümdir: dermanlar bilen bedeniň zäherlenmegi, ýiti köriçege, ýüregiň infarkty, öýken sowuklamasy, ýatgydan daşary dörän göwrelilik ýagdaýy.

Ýiti içege ýokançlyklaryny ýada salýan alamatlar ýüze çykan badyna ýokanç keseller lukmanyna ýüz tutmalydyr. Keseli dogry anyklamak maksady bilen lukman täreti we gaýtarylan iýmit galyndylaryny bakteriologiki barlaga iberýändir. Zerurlyk ýüze çykanda anyklaýşyň serologiki usuly hem ulanylýar.

Içege ýokançlyklarynyň bejergisi ýörite berhiz tutmakdan başga-da, iýmit siňdiriş ulgamyna hemme taraplaýyn täsiri talap edýändir:

  • Keseliň alamatlary we bakteriologiki barlagyň netijesine görä, içege antiseptiklerini (furazolidon,ersefuril, nifuroksazid) ýa-da ýokançlyklara  garşy serişdeleri (metranidazol, ftorhinolin toparynyň dermanlaryny, eritromisin, seftriakson we ş.m.) ulanylyp bilner. Häzirki wagtda ýeňil we orta agyrlykda geçýän içege ýokançlyklaryna antibiotikleri ulanmakdan saklanýarlar. Eger-de mümkinçilik bolsa, keseliň ýiti döwründe ýokançlyga garşy ýokary täsiri bolan immunoglobulin serişdesini ulanmak bolýar. Eger ýokançlygyň görnüşi anyklanylan bolsa, bakteriofag (meselem, intesti-fag, salmonellýoz bakteriofagy we başgalar) hem ulanmak peýdaly netijäni berer.
  • Içegäniň kadaly içki gurşawyny düzýän dürli bakteriýalary saklaýan serişdeleri ulanmak – Lineks, bifudum bakterin, floradofilýus .Olary keseliň ýiti döwri geçenden soň hem 7-10 gün aralygy kabul etmek maslahat berilýär. Iýmit siňdiriş agzalarynyň işini ýeňilleşdirmek maksady bilen ferment serişdeleri  bolan, mezim, panzinorm forte, kreon - 5-10 gün kabul etmelidir.
  • Bedeniň suwsuzlanmak ýagdaýy ýüze çykan ýagdaýynda, esasan hem ýaş çagalarda, ýitirilen suwuň öwezini dolmak hökmany bejeriş çäresidir. Onuň üçin duz erginleri (regidron), 5%-li glucoza ergini, çaý içirmelidir. Kiçi çaganyň agramyny we suwsuzlanmanyň derejesini göz öňüne tutup, duzly erginleriň kabul ediş mukdaryny lukman belleyändir.
  • Bedenden ýokançlyklaryň toksinlerini çykarýan serişdeler bolan Smekta, pekto, filtrum, kömrüň gerdejiklerini bermelidir.Ondan başga-da, içege ýokançlyklarynda ýüze çykýan alamatlara baglylykda: ýürek bulanma we gaýtarmada – motilium, garynda ýüze çykan agyrylarda – no-şpa, bedeniň gyzgyny galanda – gyzgyny peseldiji dermanlary ulanyp bolar.

Içege ýokançlyklaryň ýiti döwründe, imodium we ş.m. serişdeleri ulanmakdan saklanmalydyr. Olar iç geçmäni saklaýan dermanlar bolup, içege diwarlarynyň gysylmagynyň öňüni alýandyr we içegeden gana ýokançlyk zäherleriň düşmegine getirip biler. Bu bolsa bütün bedeniň zäherlenmegine getirer.

Içege ýokançlyklarynyň esasy bejergisine goşmaça halk serişdelerini hem ulanmak peýdalydyr: nar gabygynyň gaýnan suwy, tüwüniň suwy, dub agajynyň gabygy. Bu halk serişdeleri içiň geçmegini saklamaga kömek edip biler.

Içege ýokançlyklary köplenç öý şertlerinde bejerilýär. Aşakdaky ýagdaýlar ýokanç keseller keselhanasyna ibermäge görkezme bolýar:

  • Gyzgynyň galmagy, saklap bolmaýan gaýtarma we iç geçme bilen geçýän agyr ýokançlyk;
  • Bejerginiň peýdasyzlygy netijesinde bedende ýüze çykýan suwsuzlanma ýagdaýy;
  • Newrologiki alamatlaryň ýüze çykmagy (tutgaýlar, samrama, huşuň ýitmegi);
  • Näsag adam ýa-da çaga gerekli ideg hem-de bejergi çäreleri geçirmäge mümkinçilik bolmadyk ýagdaýlary.

Içege ýokançlyklarynyň öňüni almagyň iň ygtybarly ýoly – bu şahsy arassaçylyk çärelerini berjaý etmekdir:

  • Nahardan öň we hajathana barlandan soň eliňi ýuwmak;
  • Suwy we süýdi gaýnadyp içmek;
  • Eti we balygy gowy bişirip iýmek;
  • Tiz zaýalanýan önümleri sowadyjylarda saklamak;
  • Bakja önümleri we ir-iýmişleri gowy ýuwup iýmek.

Çäreler, ýönekeý we belli hem bolsa, sizi ýakymsyz içege ýokançlyklaryndan halas eder. Iýmit önümleriň, içgileriň hili sizde şübhe döredýän bolsa, olary iýmekden we içmekden saklanyň!

  • 9739 gezek okalan