Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GYZYLJA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 2.67 (3 Ses)

Gyzylja (krasnuha) – ýiti ýokanç keseli bolup, ol deride örgüniň ýüze çykmagy we daşky limfa düwünleriniň ulalmagy bilen häsiýetlenýär. Gyzylja keselini RNK saklaýan toparyna degişli wiruslar döredýärler. Olar daşky gurşawyň täsirine çydamsyz bolup, ultramelewşe şöhleleriniň täsiri bilen tiz gyrylýarlar.

Iňlis dilinde gürleýän döwletlerde gyzyljany käwagt "nemes gyzamygy" diýip atlandyrýarlar, sebäbi bu kesel XIX asyryň ahyrlarynda Germaniýada has gowy öwrenilipdi.

Birnäçe asyrlaryň dowamynda daşky alamatlarynyň meňzeşlikleri üçin gyzylja, gyzamyk we garamyk bir kesel hasap edilip gelnipdi. Gyzylja ilkinji gezek nemes lukmany F. Hofman tarapyndan 1740-njy ýylda öwrenilýär. Ýöne gyzyljany aýratyn kesel hökmünde 1881-nji kabul edýärler.

Keseliň ýaýramagy. Gyzyljadiňe adamlaryň arasynda ýaýraýar. Kesel ýaýradyjy çeşme gyzylja bilen kesellän adam bolup biler. Gyzylja ýolugan adam örgüniň peýda bolmazyndan 7 gün öň we peýda bolandan  4 gün soň  ýokançly hasap edilýär. Kesel adamlara howanyň üsti bilen ýokuşýar. Şeýle hem wiruslar kesellän adamyň peşewinde we nejasatynda bolup bilýändigi üçin, ol käbir zatlaryň (oýnawaçlaryň, gap-gaçlaryň) üsti bilen hem geçip biler. Aýal göwrelilik döwründe gyzylja ýolugan bolsa, bu kesel onuň göwresindäki çaga-da ýokuşýar. Şeýle çaga dünýä inenden 1-2,5 ýyla çenli gyzylja wirusynyň "ojagy" hasaplanylýar

Gyzylja bütin dünýäde ýaýran keseldir. Ol adamlara aňsatlyk bilen ýokup bilýär. Bu keseliň möwsümleýin, ýagny gyş we ýaz aýlary hem-de her 3-5 ýyldan ýaýraýandygyny bellemek gerek. Gyzylja bilen esasan hem 1-2 ýaşdan 7-10 ýaş aralygyndaky çagalar keselleýärler.

Keseliň döreýşi. Gyzylja keseliniň wiruslary dem alyş ýollarynyň üsti bilen gana düşýärler. Soňra bedeniň limfalarynda, deri dokumalarynda mekan tutýarlar, köpelýärler we zyýanly täsirini ýetirip başlaýarlar. Gyzylja bilen kesellän göwreli aýalyň çagasyna hem ýokýar (ýatgy içindäki gyzylja). Göwreliligiň ilkinji aýlarynda gyzylja köplenç göwredäki çaganyň ölmegine we düşmegine getirýär. Bu kesel bilen kesellän göwreli aýallardan maýyp, şikesli  çagalaryň dünýä inmegi ahmaldyr (60%).

Keseliň alamatlary. Keseliň inkubasion döwri 15-24, köplenç 16-21 güne çenli bolýar. Onuň ilkinji we esasy alamaty - endama örgüniň örmegidir. Syrkawyň umumy ýagdaýy gaty agyr bolmaýar. Onda ýüzleý ysgynsyzlyk, kellagyry, burnundan suw akmak, gözüniň içiniň gyzarmagy ýaly alamatlar peýda bolýar. Adaty alamatlarynyň biri – limfa düwünleriniň, esasan hem boýnunyň ýeňse mäzleriniň çişmegi we agyrmagydyr. Birbada ýa-da 1-2 günden syrkawyň ýüzünde we 2-3 sagadyň içinde bolsa bütin teninde açyk gülgüne reňkli örgün peýda bolýar. Ol esasan hem el-ýagyň epilýän ýerlerinde, otyrýerde, arkada we butlarda bolýar. Örgün az-kem gyzgynyň galmagy bilen bolup geçýär we ol 2-3 gün saklanyp, yz goýman, aýrylyp gidýär. Gyzyljany käbir adamlar ýeňil geçirse, käbirleri agyr geçirýär (gyzgynyň has ýokary galmagy, kelläniň we myşsalaryň agyrmagy).

Gyzylja keseliniň gaýraüzülmeleri gaty seýrek ýüze çykyp, bogunlaryň (artrit) we beýniniň sowuklamasy (ensefalit) görnüşinde geçip biler.

Gyzyljany beýleki ýokanç keselleri bolan gyzamykdan, täjihorazdan, mononukleazdan tapawutlandyrmalydyr. Gyzylja sowuklama alamatlaryň ýüzleý  döremegi, ýaňagyň iç ýüzünde Filatowa – Kopligiň alamatynyň ýoklugy, örgüniň birden örmegi we limfa düwünleriniň ulalmagy bilen tapawutlanýar.

Keseliň bejerilişi. Gyzyljanyň ýörite bejergisi ýokdur. Syrkawy köplenç öýde saklaýarlar. Örgün döwründe düşek düzgüni berjaý edilmeli, şeýle hem syrkawyň şahsy arassaçylyk düzgünlerini oňat saklamagyny gazanmaly. Adatça hiç hili derman ulanylmaýar, ýöne witaminleri  bermek bolar. Eger kesel agyr geçäýän bolsa, syrkawy keselhana ýerleşdirmeli. Syrkaw keselden gutulandan soň dowamly lukman gözegçiligine alynmaýar. Onuň ýaşan öýünde, edil gyzamykdaky ýaly, ýokançsyzlandyrma işleri geçirilýär. Syrkaw bilen gatnaşykda bolan çagalar 21 günüň dowamynda lukmanyň gözegçiliginde bolmaly.

Keseliň öňüni alyş çäreleri. Gyzylja keseliniň garşysyna ýörite waksina döredildi we häzir ony keseliň öňüni alyş çäresi hökmünde ulanýarlar. Bellenilen meýilnama boýunça gyzylja garşy öňüni alyş sanjymlary 12-15 aýlykda we 6 ýaşda geçirilýändir.

  • 3107 gezek okalan

Teswirler (0)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location