Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
GEPATIT C – SIZ NÄME BILMELI?
HAÇAN BARLAGDAN GEÇMELI?
↪ Keselli neşekeşden alnan şpris ulanylan bolsa;
↪ Keselli donoryň gany guýlan bolsa;
↪ Bedene agza (transplantat) oturdylanda;
↪ Näsag bilen jynsy gatnaşykda bolan bolsaň;
↪ Näsagyň şahsy serişdelerini (päki, diş çotga, dyrnak gaýçysy) ulanan bolsaň;
↪ Rugsatnamasyz işleýän tatu we pedikýur salonlaryna baran bolsaň;
↪ Ejeňde bu kesel bar bolsa;
↪ Zyýansyzlandyrma düzgünleri doly berjaý edilmezden lukmançylyk çäreleri geçirilen bolsa (diş sogurma, sanjym etme, gan guýulma).
GEPATIT C KESELINI BEJERIP BOLÝARMY?
➤ Täze bejergi usullary bedeni wirusdan doly arassalamaga mümkinçilik berip, howply gaýraüzülmeleriň öňüni almaga kömek berýär.
KESELIŇ ÖŇÜNI ALYŞ ÝOLLARY
↺ Şahsy gigiýeniki serişdeleriňizi diňe özüňiz ulanyň;
↺ Lukmançylyk edaralaryna ýüz tutanyňyzda hemme bejeriş çäreleriniň bir gezek ulanylýan gurallar bilen geçirilýändigine güwä geçiň;
↺ Tatuaž ýa-da gözellik salonlaryna baranyňyzda, hünärmenleriň arassaçylyk düzgünlerini berjaý edip, bir gezek ulanylýan gurallar bilen işleýändigine üns beriň;
↺ Eger siz lukmançylyk ulgamynyň işgäri bolsaňyz, ýiti lukmançylyk gurallary we adamyn biologiki suwuklyklary (gan, peşew, döl, jynshana nemi we ş.m.) bilen işläniňizde goraýys düzgünlerini doly berjaý ediň.
- 4349 gezek okalan