Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ADAMYŇ METAPNEWMOWIRUSY NÄME? OL HOWPLUMY?
Adamyň metapnewmowirusy (AMPW) dem alyş ýollarynyň ýokary böleginiň infeksiýasyna sebäp bolýan wiruslaryň bir görnüşi bolup, köplenç dümewe meňzeýär.
Bu wirus pnewmowiruslar maşgalasyna degişli bolup, ilkinji gezek 2001-nji ýylda üsti açyldy we dünýäniň ähli ýerinde adamlara ýokuşmagyny dowam edýär.
AMPW edil COVID-19 ýaly howply ýokançlyk däl we köp adamda ýeňil geçýär, emma çagalara we immunoýetmezçilikli adamlara örän agyr degip bilýär.
AMPW nädip we haçan ýaýraýar?
Bu wirus hem beýleki dümew wiruslary ýaly, dem alyş ýollaryndan çykýan suw damjalarynyň üsti bilen adamdan adama geçýär. Ýagny, AMPW bilen kesellän adama ýakynlaşmak ýa-da onuň bilen bir ýapyk ýerde uzak wagt geçirmek arkaly saňa wirus ýokuşyp bilýär. Şeýle-de, bu wirusyň üstüne düşen zatlaryny we ýerlerini elläniňden soň gözleriňi, burnuňy ýa agzyňy ellemeklik hem keseliň ýokuşmagyna alyp barýar.
AMPW wirusynyň ýaýraýyş ýagdaýlaryna diňe birnäçe ýurt ýakyn gözegçilik edýär. Şonuň üçin hem heniz bu wirusyň ähli sebitlerde we ähli klimatlarda nädip ýaýraýandygy barada ýeterlik düşüje ýok.
Barlaglar AMPW-nyň salkyn howaly ýerlerde gyşyň aýaklaryna we ýazda köp ýaýraýandygyny görkezýär, şeýle-de bolsa, wirus ýylyň bütin dowamynda az mukdarda ýaýramasyny we adamlara ýokuşmasyny dowam edýär.
Ýokuşanda nähili alamatlar ýüze çykýar?
Adatça AMPW ýokuşan adamlarda dümewe meňzeş alamatlara syn edilýär:
↪ Üsgülewük;
↪ Gyzzyrma;
↪ Bokurdagyň agyrmasy;
↪ Burnuň akmasy ýa-da dykylmasy;
↪ Bedende agyrylar;
↪ Kelleagyry.
Bu kesel käbir adamlara agyr degip, öýken sowuklamasyna (pnewmoniýa) ýa-da bronhiolit we bronhit ýaly dem alyş ýollarynyň sowuklamasy ýaly ýagdaýlara ýazýar. Kesel agyr degende alamatlary hyžžyldyly dem almagy, demgysmany, döş agyrysyny, baş aýlanmany, aşa ýadawlygy, suwsuzlygy we uzak wagtlap peselmeýän gyzzyrmany öz içine alýar. Bu ýagdaýlary başdan geçirýän adama tizden-tiz lukmançylyk kömegini almak maslahat berilýär.
AMPW kimlere has uly howp salýar?
Adamyň metapnewmowirusy esasan bäbeklerde we 5 ýaşdan kiçi çagalarda ýokarky dem alyş ýollarynyň infeksiýasynyň köp duş gelýän görnüşi bolup durýar. AMPW islendik adama ýokuşyp bilýär, emma ýaş bäbekler, gartaşan adamlar we immunoýetmezçilikli hem-de öýken keselli we demgysmaly adamlar bu wirusdan agyr keselleme töwekgelçiligi astynda bolýarlar. Töwekgelçilik toparyndaky adamlary we saglygy goraýyş işgärlerini dem alyş ulgamynyň infeksiýalaryndan goramak üçin artykmaç seresaplylyk çäreleri berjaý edilmeli.
AMPW nähili bejerilýär?
Edil dümew wiruslary ýaly, AMPW-ny hem dermannamasyz berilýän derman serişdeleri bilen (agyra, gyzzyrma, burun dykylmasyna we üsgülewüge garşy dermanlar) bejerip bolýar. Köp dynç almak we ýeterlik suwuklyk kabul etmek hem kömek edýär. Häzirki wagtda ýörite AMPW üçin çykarylan derman ýok. Munuň bilen kesellän köp adam birnäçe günden özlerini gowy duýup başlaýarlar. Eger-de kesel gün geçdigiçe beterleşse, lukmana ýüz tutmaly. Şeýle-de, töwekgelçilik toparyndaky adamlara hatda kesel agyr degmedik hem bolsa lukmana görünmek maslahat berilýär.
AMPW-nyň nädip öňüni almaly? Onuň sanjymy barmy?
AMPW-nyň öňüni alyş çäreleri hem beýleki dem alyş ýollarynyň keselleriniň öňüni alyş çärelerine meňzeş bolup durýar:
↪ Köpçülikde we gowy howalandyrylmaýan ýerlerde maska geýmek;
↪ Içerleri ýerlikli we ýeterlik howalandyryp durmak (meselem, äpişgeleri açyp durmak);
↪ Elleri wagtly-wagtynda we mazaly sabyn ýa-da spirtli arassalaýjylar bilen arassalap durmak;
↪ Elleri arassalaman gözleriňi, burnuňy ýa-da agzyňy ellemekden saklanmak.
Immun ulgamyň güýçli bolmasy hem infeksiýalardan goranmaga gowy kömek edýär. Dogry we dürli önümler bilen iýmitlenmek, ýeterlik suw içip gezmek, yzygiderli fiziki hereket etmek we gowy uky almak immunitetiňi berkitmegiň esasy syrlarydyr.
Häzirki wagtda AMPW-nyň waksinasy (sanjymy) ýok, emma onuň ugrunda barlaglar dowam edýär.
Bu wirus bilen kesellän adam ony başgalara ýokuşdyrmagyň öňüni almak üçin birnäçe zatlary berjaý edip biler:
↪ Öýde oturmak we köpçülige çykmazlyk;
↪ Üsgüreniňde we asgyranyňda agzyňy we burnuňy salfetka ýa-da tirsegiň bilen örtmek;
↪ Başgalaryň ýanynda maska geýmek;
↪ Içeriň howa çalşygyna üns bermek;
↪ Elleriňi arassa saklamak we elleýän ýerleriňi dezinfisirläp durmak.
COVID-19, dümew we AMPW ýaly dem alyş ýollarynyň infeksiýalaryny nädip biri-birinden tapawutlandyrmaly?
Dem alyş ýollarynyň infeksiýalarynyň birmeňzeş alamatlarynyň bardygy sebäpli, olary biri-birinden tapawutlandyrmak kyndyr. Emma welin, bularyň bejergileri biri-birinden tapawutlanyp biler, esasan-da kesel agyr degende. Meselem, COVID-19 we dümew (influenza) üçin ýörite antiwirus serişdeler ulanylyp bilner. Lukmanlar bejerginiň nähili geçirilmedigine karar bermezden öňürti diagnostik barlaglaryň üsti bilen keseliň sebäbini anyklap bilerler.
- 136 gezek okalan