Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
SÖZENEK KESELINIŇ ALAMATLARY WE KLINIKI GÖRNÜŞLERI
Sözenek keseliniň taryhyndan gysgaça maglumat
Sözenek (gonoreýa) – jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän keselleriň arasynda iň ýygy duş gelýän görnüşi bolup, ol dürli alamatlaryň ýüze çykmagy we gaýraüzülmeleriň döremegi bilen tapawutlanýandyr.
Adamzada sözenek keseli gadymy asyrlardan bäri belli bolup, onuň alamatlaryna meňzeş keseliň häsiýetlendirmesine b. e. öň IV asyra degişli kitaplarda duş gelmek bolýar.
Orta asyrlarda bu keseliň alamatlarynyň doly öwrenilmändigi sebäpli, ony "täsin" keselleriň hataryna degişli edipdirler. Lukmanlaryň köpüsi merezýel keseli bilen sözenegi bir keseldir diýip hem pikir edipdir.
Diňe XIX asyryň ikinji ýarymynda alym-dermatowenerolog Neýsser keseli dörediji gonokkoklary açyp, keseliň gelip çykyşyny mälim edipdir.
Bütün dünýäde ol "gonoreýa" ady bilen belli bolsa-da, Germaniýada ony "tripper", Fransiýada bolsa "blennoreýa" diýip atlandyrýarlar.
Bütündünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, bu kesel bilen ýylda 200 milliona golaý adam keselleýändir.
Sözenek keseli aýal we erkek jyns agzalarynyň zeperlenmesine getirip, önelgesizligiň döremeginiň hem sebäbi bolup bilerler.
Adaty bolmadyk jynsy gatnaşyklarda ol damagy we göni içegäni hem zeperlendirip bilýändir.
Sözenegiň erkeklerde ýüze çykyş alamatlary we gaýraüzülmeleri
Erkek adamlarda keseliň inkubasion döwri 2-5 güne deň bolup, ol peşew çykaryş kanalynda agyrynyň döremegi, ondan sarymtyl iriňli bölünip çykmalar, çalt-çaltdan buşukma, ýamyzda agyrylaryň döremegi bilen häsiýetlendirýändir.
Peşew çykaryş kanalynyň zeperlenmegi (uretrit) dogry we yzygider bejerilmedik ýagdaýynda, ýokançlyklaryň utgaşykda ýüze çykan ýagdaýynda (gonokokklar we hlamidiýa, mikoplazma, trihomonada) ýa-da bedeniň dürli dowamly kesellerinde (süýji keseli, inçekesel, ganazlyk, alkogolizm) dowamly häsiýete eýe bolup biler.
Bejerilmedik sözenekli näsag uzak wagt ýokuşma çeşmesi bolup, onda dürli gaýraüzülmeleriň döremegi mümkindir .
Erkek adamlarda ýüze çykýan gaýraüzülmelere aşakdaky ýagdaýlar degişlidir:
- Ujydyň kellejiginiň we ony ýapýan pürçügiň zeperlenmesi – sowuklama ýagdaýy olaryň çişmegine we ulalmagyna getirip hem-de pürçügi yza çekip bilmezlik ýagdaýyny döredip, buşukmanyň kynlaşmagyna getirip biler. Köplenç gonokokklar ujydyň limfa damarlaryna hem aralaşyp, olaryň sowuklamagyna (limfangit) sebäp bolýandyrlar.
- Ujydyň gowak görnüşli bedenjikleriniň sowuklamasy (kawernit) – gonokokklaryň ujydyň gowak görnüşli bedenjiklerine aralaşmasy netijesinde döräp, ujydyň ereksiýasynda (gönelen ýagdaýynda) agyrylar, şol ýagdaýda onuň gyşarmagy, agyryly buşukmalar bilen häsiýetlendirilip bilner.
- Tohum tümmejiginiň (kollikulit) zeperlenmegi – peşew çykaryş kanalynyň yzky bölümleriniň zeperlenmesinde ýüze çykyp, kanaldan bölünip çykmalar, peşew bölünip çykandan soňky gan gelmeler bilen häsiýetlendirilip biler. Bu zeperlenme dölüň dökülmeginiň wagtyndan öň ýüze çykmagyna, jynsy gowşaklyga getirip biler.
- Peşew çykaryş kanalynyň daralmagy – peşew etmäniň kynlaşmagy esasy alamatlaryň biri bolup, peşewiň akymy inçe bolýar, käwagtlar ol damjalap bölünip çykýandyr.
- Ýumurtgajyklaryň ösüntgisiniň (epididimit) sowuklamagy – agyrylaryň, üşütmäniň, kellagyrylar, gyzgynyň galmagy ýaly alamatlar bilen ýüze çykýandyr. Gonokokklar bilen sikeslenme ýumurtgajyklaryň ösüntgisiniň damarlarynda ýara yzlarynyň emele gelmelerine getirip, erkeklik öýjükleriniň az işlenip çykmagyna we önelgesizlige getirip biler.
- Ýumurtgajyklaryň sowuklamasy (orhit) – seýrek duş gelip, ýumurtga haltajykda güýçli agyrylar, näsagyň umumy ýagdaýynyň has erbetleşmegi bilen ýüze çykýandyr.
- Erkeklik jyns mäziniň (prostatit) sowuklamasy – onuň ulalmagy, onda agyryly gatylyklaryň emele gelmegi, agyr ýagdaýlarda mäziň dokumasynda iriňli boşluklaryň emele gelmegi we mäzi dargatmagy bilen häsiýetlendirilýär. Ujyda, bütin çanaklyga, bile ýaýraýan agyrylar, ýygy-ýygy buşukma, agyr ýagdaýlarda buşukmanyň kynlaşmagy ýa-da düýbünden buşugyp bilmezlik ýagdaýy, jynsy gowşaklygyň ýüze çykmagy ýaly alamatlar döräp biler.
Sözenek keseliniň aýallarda ýüze çykyş görnüşleri
Aýallarda sözenegiň geçişi ýumurtgalyklaryň işiniň ýetmezçiligine, ýokançlyklaryň utgaşmasyna, bedeniň umumy ýagdaýyna bagly bolup, birden köp jyns agzalarynyň zeperlenmegi bilen häsiýetlendirilip bilner.
Aýallarda keseliň inkubasion döwri 5-10 güne deň bolup,ol dürli kliniki alamatlar bilen geçip biler:
- Peşew çykaryş kanalynyň zeperlenmegi – gijileme, peşew etmäniň başynda ýüze çykýan agyrylar, ondan nemli reňksiz bölünip çykmalar bilen döräp biler.
- Jynshana girelgesinde ýerleşýän uly mäziň sowuklamasy (bartolinit) – mäziň daşyna çykýan kanallarynyň zeperlenmegi bilen häsiýetlendirip, oňa basma netijesinde biraz bulanyk nemiň bölünip çykmasy mümkindir. Çykaryş kanallary ýapylan wagty içi suwuklykly, jynshananyň girelgesine tarap ösýän dürli ululykda, agyryly kistalar döräp bilerler.
- Ýatgynyň boýunjygynyň we onuň kanalynyň zeperlenmegi – aýallarda sözenegiň iň ýygy duş gelýän görnüşi bolup, boýunjygyň daşky kanalynda nem we iriň gatyşykly bölünip çykmalar bilen ýüze çykyp biler.
- Ýatgynyň nemli gatlagynyň sowuklamasy(endometrit) – ýatgynyň ulalmagy, biraz ýumşaklygy we agyrylaryň döremegi bilen ýüze çykyp, aýbaşynyň üýtgemegine, fiziki agramlylyk düşen ýagdaýlarda ýa-da jynsy gatnaşykda agyrylaryň döremegi bolup biler. Ýiti döwürde bedeniň gyzgynynyň galmagy ýüze çykýar.
- Ýatgynyň tutbalarynyň sowuklamasy (salpingit) – turbanyň gatlaklarynyň zeperlenmegine we onuň içinde ýygnanýan iriňli suwuklygyň garyn boşlugyna dökülip, turbanyň, ýumurtgalyklaryň, ýatgynyň, içegeleriň we garyn içýagynyň arasynda sepleşmeleriň döremegine getirip biler. Emele gelen toplumda aýry agzalary aýyl-saýyl edip bolmaýar. Sözenekli turba zeperlenmeleri ol diýen ýiti geçmeýär we diňe spirtli içgileriň kabul edilmegi, jynsy gatnaşykdan soň beterleşip biler. Näsaglary aýbaşydan, täret etmeden, fiziki işjeňlikden soň ýüze çykýan agyrylar (käwagt burgy häsiýetli) biynjalyk edip biler. Sözenekli salpingit ýatgy turbalarynyň geçirijiligini bozup, ýatgydan daşky göwreliligiň ýüze çykmagyna, önelgesizlige getirýändir.
- Garnyň ýylmanak bardasynyň zeperlenmegi (peritonit) – gonokokklaryň ýatgynyň turbalaryndan garyn boşlugyna düşmegi, suwuklykdan doly turbanyň ýarylmagy netijesinde ýokançlygyň ýaýramagy bolup biler. Näsaglarda güýçli, burgy görnüşli agyrylar, içiň ýellenmegi, gaýtarma, gyzgynyň 38-40ºС çenli ýokarlanmagy ýaly alamatlary bilen ýüze çykyp biler. Çanaklykda emele gelen iriňli suwuklyk göni içegä, peşew haltasyna ýa-da jynshana özbaşdak akyp bilýändir. Bu zeperlenme hem önelgesizlige getirýän sebäpleriň biri bolup durýandyr.
Keseli anyklamagyň çäreleri we bejergi aýratynlyklary
Sözenegi anyklamakda keseliň kliniki alamatlaryny hazara almakdan başga-da, laborator barlaglara uly üns bermelidir.
Zeperlenen agza baglylykda, olardan bölünip çykmalara geçirilýän bakterioskopiki we bakteriologiki usullar, immunoferment, polimeraza zynjyrly w ligara zynjyrly reaksiýa usullary keseli takyk anyklamaga kömek edýärler.
Sözenegiň bejergisinde, antibiotikleriň we sulfanilamid serişdeleri ulanmak esasy çäre bolup durýandyr. Bejergi çäreleriň netijeliligi bar bolan bejergi usullarynyň toplumynyň ýerlikli ulanylşyna baglydyr:
- Antibiotikler (penisillin topary, makrolidler, azalidler, sefalosporinler, aminoglikozidler) we uzak täsirli sulfanilamid serişdeleri (biseprol, bakrtim, berlosid 480 we 960, sulfaton, sulfamonometoksin), ftorhinolin toparynyň serişdeleri.
- Spesifiki (sözenek waksinasy) we spesifiki däl immunobejergi (pirogenal, lewamizol, metilurasil, timalin, taktiwin, näsagyň öz ganyny lazer bilen şöhlelendirip yzyna guýmak).
- Fizioemleri (ýapgylar, parafin, ozokerit, elektrofarez, ultrases, elekroimpuls bejergisi, darsonwal toklary, induktotermiýa emleri).
- Ýerli bejergi çäreleri (erkeklik jyns mäziniň owkalanmasy, kümüşiň nitraty, protargol, lýapis bilen işlemek, 1%-li lýugolyň erginini, kaliý permanganat erginini ulanmak, zeperlenen mäzleri aýyrmak, iriňli boşluklary arassalamak).
- Bejergi wagty we ondan soň belli iýmit düzgünini alyp barmak, alkogol içgileri içmekden, agyr fiziki işlerden, jynsy gatnaşyklary geçirmekden saklanmak.
- Näsag bilen jynsy gatnaşykda bolýan adamlara barlag we bejergi çärelerini geçirmek.
Sözenekli näsaglara hemme bejergi çärelerini we ondan soňky barlaglary, gözegçilikden aýyrmak üçin görkezmeleri diňe wenerolog lukmany kesgitläp we geçirip bilýändir.
- 10153 gezek okalan