Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
WENERIKI KESELLER: TRIHOMONIAZ (TRIHOMONOZ)
Jyns ýollarynyň trihomoniazy – iň köp ýaýran weneriki keselleriň biri bolup, ony jynshana trihomonadasy döredýändir. Bu kesel jyns gatnaşygy arkaly geçip, başga zatlaryň (süpürgiç, moçalka, düşek we başgalar) üsti bilen ýokuşmak ýoly örän seýrek duş gelýär.
Keseliň geçişi bedeniň kesellere garşy göreşiji güýçlerine, jyns ýollarynyň ýagdaýyna we başga ýokançlyklar (gonokokklar, kömelekler, mikoplazmalar) bilen utgaşmagyna baglydyr.
Keseliň inkubasion (keseliň ýokuşyp, birinji alamatlarynyň ýüze çykýan wagty) döwri 2 - 3 güňden 3 - 4 hepdä çenli dowam edip bilýär.
Trihomoniazyň birnäçe görnüşleri bardyr:
- Täze dörän ýiti trihomoniaz;
- Alamatlary doly aýdyň bolmadyk, 2 aýdan uzak dowam eden dowamly trihomoniaz;
- Trihomonada göterijilik – bu ýagdaýda adamda hiç hili görünýän kliniki alamatlar ýüze çykmaýar.
Aýallarda trihomoniaz jynshananyň nemli gatlagyna, ýatgynyň boýunjygyna, ýatga, yatgynyň turbalaryna zyýan ýetirip bilýär. Seýrek ýagdaýlarda ol peşew ýollaryna, peşew haltasyna, göni içegä, dem alyş ýollaryna, badam şekilli mäzlerine hem zeper ýetirip biler.
Keseliň täze başlan döwründe aýallary garnyň aşagynda agyry, agyryly buşukma, daşky jyns agzalarynda gijilewik we alawlama, jynshanadan köp mukdarda bölünip çykmalar biynjalyk edip biler.
Trihomoniazyň dowamly görnüşinde diňe gijilewik we bölünip çykmalar bolup biler.
Erkek adamlarda trihomoniaz esasan peşew ýollaryna zeper ýetirýändir. Agyryly peşew etme, peşew ýollaryndan iriňli bölünip çykmalar ýaly alamatlar ýüze çykýar. Keseliň dowamly görnüşinde bu alamatlar kän bir duş gelenok ýa-da olar mese-mälim bildirýär.
Erkek adamlarda trihomoniazyň gaýraüzülmeleri kän duş gelip, ol erkeklik jyns mäzine, tohum haltajygyna zyýan ýetirme bilen häsiýetlendirilýär.
Keseliň kesgitlenmegi kliniki alamatlaryň we bakteriologiki barlaglaryň kömegi bilen geçirilýär.
Bejergi aşakdaky düzgünlere laýyklykda geçirilýär:
- Aýalyň we erkek adamynyň bilelikde bejergi almagy;
- Bejergi wagty jynsy gatnaşyklary gadagan etmek;
- Trihomoniaza garşy doly bejergi almak;
- Bar bolan başga keselleri hem bejermek.
Bejergi keseliň hemme kliniki görnüşlerinde hem geçirilmelidir. Adamsynda trihomoniaz tapylyp, özlerinde tapylmadyk aýallar hem doly bejergini geçmelidir.
Trihomoniaza garşy ulanylýan peýdaly serişdelerden metronidazol (trihopol, flagil, klion, orwagil) we fazižin (tinidazol) bellidir.
Keseliň başga ýokançlyklar bilen (trihomoniaz+bakteriýalar+kömelekler) utgaşyp geçen ýagdaýynda, klion-D-100, makmiror, efifan, utrikan-250, tiberal-Roş ýaly serişdeler kabul edilýär we jynshana goýulýar.
Näsagyň ýagdaýyna, keseliň görnüşine, getiren gaýraüzülmelerine laýyklykda dermanlar bilen bejermegiň dürli shemasy ulanylýar. Her näsag üçin bejergini degişli barlaglardan soň lukman bellemelidir. Özbaşdak bejergi geçirmek keseliň ötüşip, dowamly görnüşe geçmegine, agyr gaýraüzülmeleriň döremegine getirip biler.
Bejergi geçirilýän wagty, şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmek hökmandyr.
Bejergiden soň näsagy bakteriologiki barlagdan geçirlip, bejerginiň netijeliligini barlamalydyr.
- 7593 gezek okalan