• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon
  • GEPATIT С: ALAMATLARY, BEJERGISI, ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GEPATIT С: ALAMATLARY, BEJERGISI, ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.26 (34 Ses)

2012-nji ýylyň 28-nji iýuly – gepatit keseline garşy bütündünýä göreş güni. Bu sene Bütündünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan 2011-nji ýylda resmileşdirilip, halkyň gepatit keseli barada düşünjesini artdyrmaga, ony bejermek we öňüni alyş çärelerini ýerlikli geçirmek baradaky işleri alyp barmaga gönükdirilendir

Gepatit sözi, gadymy grek dilindäki hepar, hepatos sözlerinden gelip çykýar we bagyr diýmegi aňladýar. Bagyr adamyň bedeniniň iň uly mäzidir. Onda ýüze çykýan näsazlyklar bolsa bedende düýpli bozulmalara getirip biler. Hytaý lukmanlarynyň bellemegine görä, adam bedeniniň garramagy bagrynyň ýagdaýy bilen gönüden-göni baglydyr. Sagdyn bagyr doly gymmatly ýaşaýyşyň girewidir. Şeýle-de, ol bedeniň özboluşly "biohimiýa laboratoriýasy" bolup durýar. Bagyr zäherleýji maddalary zyýansyzlandyrýar, ganyň belokly maddalaryny işläp çykarýar, onda öt we glikogen emele gelýär, şeýle hem bagyr limfa suwuklygynyň emele gelmesine gatnaşýar, ganyň mukdaryny we uýamagyny sazlamak we saklamak wezipesini ýerine ýetirýär.

Gepatit – bagryň dokumasynyň üýtgemegine getirýän keselleriň umumy ady bolup, dürli sebäplere görä ýüze çykýar we olara baglylykda birnäçe toparlara bölünýär:

  • Wirus gepatitleri ( Oňa – A, B, C, D, E, F, G görnüşleri degişlidir).
  • Dowamly gepatit
  • Zäherleýji (toksiki) gepatit
  • Ýiti gepatit

A, B, C, D, E, F, G gepatitleriň wiruslary keseliň ýiti we dowamly görnüşleriniň ýüze çykmagyna we bagryň düýpli üýtgemelerine getirýär hem-de bagryň sirroz keseliniň, bagryň düwnük keseliniň emele gelmegine sebäp bolýar. Dünýäde 240 milliona golaý adam gepatit B ýokançlygynyň dowamly görnüşi bilen zeperlenen bolsa, takmynan 170 million adam gepatit С ýokançlygynyň bu görnüşinden ejir çekýändir. Wirusly gepatitiň C görnüşine "sessiz, mylakatly ganhor" hem diýýärler. Sebäbi bu ýokançlygy göterip ýören adamlar uzak wagtyň dowamynda şeýle howply derde uçranlygyny aňmaýarlar. Keseliň başlangyç tapgyrynda syrkawlaryň 80%-de keseliň alamatlary düýbünden duýulmaýar.

Gepatit С – bagryň ýokançly keseli bolup, gepatit С wirusy bilen zeperlenmegi netijesinde ýüze çykýar. Onuň ýiti we dowamly görnüşleri bar. Bu ýokançlyga sezewar bolan syrkawlaryň 20 %, hiç bir bejergisiz, keselden gutulyp gidýän wagtlary hem bar. Lukmanlar bu ýagdaýy adamyň immun ulgamynyň gen aýratynlygy bilen baglanyşdyrýarlar. Ýöne gepatit C keseline uçran adamlaryň 70-80%-de ol dowamly görnüşe geçýär. Bu bolsa öz gezeginde bagryň sirroz keseline, howply çişiň emele gelmegine getirip biler. Häzirki döwürde bu kesele garşy birnäçe netijeli derman serişdeleri döredildi. Wagtynda, sowatly geçirilen bejergi 60-80% ýagdaýlarda keselden doly saplanmaga mümkinçilik berýär. Ýöne gynansak hem, gepatit C keseliniň öňüni almak üçin waksina entäk tapylanok.

Keseliň ýüze çykmagynyň sebäpleri

Gepatit C howa-damja ýollary bilen, elleşilende, hojalyk enjamlaryny bilelikde ulanylanda, iýmit, içgi arkaly geçmeýär. Ol diňe wirusy göterijiniň ýa-da keselli adamyň zeperlenen gany, haýsy-da bolsa bir ýol bilen sagdyn adamyň ganyna geçen ýagdaýynda ýokuşyp bilýär. Diýmek, keseliň çeşmesi syrkaw adam ýa-da wirusy göterijidir.

С görnüşli gepatitiň wirusynyň ýokuşma ýollary:

  • neşe serişdesini damardan goýbermek üçin neşekeşleriň şol bir sanjym iňňäni ulanan ýagdaýynda;
  • pirsing we tatuirowka edilende, syrkaw adamyň ýa-da ýokanjy göterijiniň gany bilen hapalanan gural arassalanylman ulanylanda;
  • päki, manikýur enjamlary, diş çotgasyny bilelikde ulanylanda;
  • gemodializ ("emeli böwrek" enjamy) bejergi çäresi geçirilende;
  • gan serişdeleri goýberilende ( Bu ýagdaý häzirki döwürde, örän seýrek duş gelýär. Ösen ýurtlarda gan serişdeleri ulanylmazdan öň, gepatit C ýokançlygyna ýörite barlagdan geçirilýär.);
  • jynsy gatnaşygynda (syrkaw adam ýa-da wirusy göteriji bilen goragsyz jynsy gatnaşygynda bolmak 3-5 % ýagdaýda ýokançlyga uçramak howpuny döredýär);
  • syrkaw ýa-da wirusy göteriji eneden düwünçege geçmek (5%-den hem seýrek duş gelýär, ýokançlyk dogrum wagtynda hem geçip bilýär);
  • lukmançylyk işgärleri gan bilen bagly dürli işleri zyýansyzlandyrylmadyk enjamlar bilen ýerine ýetirende ýokançlyga duçar bolmak howpy döreýär;
  • 40% ýagdaýda keseliň çeşmesi näbelli bolup galýar.

Ösüp gelýän ýurtlarda gepatit C ýokançlygynyň lukmançylyk çäreleri geçirilende ýokuşmak howpy entek saklanýar. Eger-de sanitariýa düzgünleri gödek bozulýan bolsa, lukmançylyk işleri geçirilýän her-bir otag howply wirusy ýaýradýan çeşme bolup biler.

Keseliň alamatlary

Ýokançlyk bedene geçenden soň 2-3 hepdeden 6-12 aýa çenli kliniki alamatlar ýüze çykmaýar.

Ýiti gepatit C örän seýrek we köplenç tötänden anyklanylýar. Keseliň ýiti görnüşiniň başlangyç, gizlin tapgyry 2-3 hepde dowam edýär we bogun agyrylar, ýadawlyk, gowşaklyk, iýmit siňdirişiň bozulmagy ýaly alamatlar bilen geçýär. Ýokançlygyň gizlin tapgyry geçen soň keseliň alamatlary ýňze çykyp başlaýar. Sarygetirme alamatlary ýüze çykýança gepatit dümewi ýada salýar. Kesel bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, umumy bitaplyk, endam-janyň döwlüp barmagy (agyrmagy), bogun agyry, käbir ýagdaýlarda derä örgün örmegi bilen başlanýar.

Adatça alamatlar haýallyk bilen ýüze çykýar, gyzgynyň galmagy hem birsydyrgyn haýal geçýär. Birnäçe günden soň keseliň alamatlary üýtgeýär: işdä ýitýär, sag gapyrganyň aşagynda agyry peýda bolýar, ýürek bulanma, gaýtarma ýüze çykýar, peşew goýy sary reňke boýalýar , täretiň reňki solýar (ak täret).

Lukmanlar bagryň we seýrek ýagdaýda dalagyň ulalandygyny ýüze çykarýarlar. Ganyň düzüminde gepatitlere mahsus üýtgeşmeler bolup geçýär: bilirubiniň derejesi ýokarlanýar, bagryň işini görkeziji synag barlaglary üýtgeýär, ýokançly gepatitiň özboluşly markerleri peýda bolýar. Adat bolşy ýaly, sarygetirme ýüze çykandan soň syrkawlaryň ýagdaýy gowulanýar. Wagtyň geçmegi bilen olaryň 20%-de alamatlar yzyna gaýdyp , doly sagalma getirýär. Ýene 20%-i gepatit C wirusyny göterijä öwrülýärler. Bu ýagdaýda hiç hili alamatlar bildirmeýär, ganyň biohimiýa derňewinde hem üýtgeşmeler anyklanylmaýar. Ýokançlygy göterijiler, adatça, barlag geçirilende tötänden ýüze çykarylýar. Bagryň zeperlenendigini laborator barlaglary anyklap bilmeýän ýagdaýynda hem gepatit C beterleşip bilýändir.

Ýiti gepatitiň C görnüşini başdan geçirenleriň 70%-de С gepatitiň dowamly görnüşi ýüze çykýar.

Dowamly gepatit C

Gepatitiň dowamly tapgyra geçmegi beden üçin has howpludyr. Ony häsiýetlendirýän alamatlar: bitaplyk, ýokary ýadawlyk, bedeniň öňki fiziki işjeňliginiň peselmegi. Bu alamatlaryň umumy we durnuksyz bolanlygy sebäpli syrkawlar kesele çynlakaý garamaýarlar. Şeýle hem: ýürek bulanma, garyn agyry, bogun we beden myssalarynyň agyrysy, täretiň bozulmagy ýüze çykyp biler.

Sarygetirme, peşewiň goýy sary reňke boýalmagy, deri gijemesi, ganjarmaklyk, horlanmak, bagryň we dalagyň ulalmagy, damar ýyldyzjyklarynyň döremegi – dowamly wirusly gepatitiň ötüşen tapgyrynda ýüze çykýar.

Keseli anyklamak

Ýiti gepatitiň bu görhüşini anyklamak we bejermek işini ýokanç keseller lukmany alyp barýar, dowamly gepatit C keseli bilen bagly bejeriş işleri gepatolog ýa-da gastroenterolog lukmanlary alyp barýarlar. Gepatit C keselini anyklamak üçin barlagyň birnäçe laborator we enjamlaşdyrylan usullaryny ulanýarlar:

  • Alaninaminotransferaza (AлAT), alaninaminotranspeptidaza (АсАТ), bilirubini barlamak üçin ganyň  biohimiýa derňewi;
  • Ganyň düzüminde gepatit C ýokançlygyna antitelalaryň derňewi (anti-HCV);
  • Wirusy ýüze çykarmak üçin polimeraz täsirli barlagy ulanmak;
  • Garyn boşlugynyň agzalarynyň ultra ses derňewi;
  • Bagryň biopsiýasy.

Keseliň dowamly görnüşi has howply hasaplanýar, sebäbi ol köplenç bagryň sirroz we düwnük keseline geçýär. Gepatit C keseliniň ýokançly gepatitiň başga görnüşleri bilen utgaşykda gelmegi keseli has agyrlaşdyrýar we syrkawa heläk bolmak howpuny salýar.

Gepatit C keselini bejermek

Bu keseliň bejergisi onuň görnüşine we agyrlygyna baglydyr. Bejerginiň maksady:

  1. Gepatit keseliniň sirroza geçmezligi üçin bagryň dokumasynyň üýtgemeginiň öňüni almaly.
  2. Bedende, has hem bagyrda wirusyň mukdarynyň peseldilmegini ýa-da düýbünden ýok edilmegini gazanmaly.

Bagry öwrenmek boýunça Ýewropa assosiasiýasy gepatit С keselini bejermegiň esasy usullaryny işläp taýýarlady. Ähli bejergileriň esasynda olar interferon-alfa serişdesini ulanýarlar. Bu serişde bagryň täze öýjükleriniň (gepatositleriň) ýokançlyk bilen zeperlenmeginiň öňüni alýar. Interferonyň täsir etmegi netijesinde adamyň bedeninde grip keselini ýada salýan alamatlar ýüze çykýar: beden gyzgynynyň galmagy, umumy gowşaklyk. Serişdäniň zyýanly täsiri derman kabul edilenden soň 12 sagada golaý dowam edýär, soňra bolsa geçip gidýär. Onuň täsiri bejerginiň ilkinji iki hepdesinde has güýçli ýüze çykýar. Interferon kabul edilende, bejerginiň netijeliligine baha bermek üçin, her aý ganyň derňewini geçirmeli. Bu serişdäni ulanmak keselden doly saplanmagy kepillendirip bilmeýär, ol bagryň sirroz keseliniň we düwnük keseliniň öňüni alýar. Interferon ribawerin bilen utgaşyklykda ulanylanda bejerginiň täsiri has ýokarlanýar. 40-60% ýagdaýda bejergi oňaýly netije berýär. Bejergi tapgyry gutarandan soň, birnäçe aýyň dowamynda ganyň derňewini yzygiderli geçirip, gözegçilikde saklamak zerurdyr, sebäbi käbir näsaglarda bagryň üýtgeme alamatlary gaýtadan peýda bolup biler.

Eger maşgalada gepatit С keseli bilen näsaglan bar bolsa, näsag ýa-da ýokançlygy göteriji maşgala agzasy ýokançlygyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin ähli çäreleri ýerine ýetirmelidir:

  • Nasaglar gan tabşyrmakdan (donorçylyk) saklanmaly;
  • Keseliň geçmegine sebäp bolýan durmuş enjamlaryny bilelikde ulanmakdan saklanmaly (päki, manikýur, pedikýur enjamlary, epilýatorlary, diş çotgalaryny we sapaklary);
  • Kesilen ýaralary, sypjyryklary gan daşyna çykmaz ýaly hasa ýa-da plastyr bilen ýapmaly. Eger-de ýarany daňyp bermeli bolan ýagdaýynda lukmançylyk elligini geýmeli.

Gepatit С ýokanjy daşky gurşawda (mysal üçin gurap galan gan damjalarynda) otag ýylylygynda azyndan 16 sagat, galyberse-de 4 güne çenli saklanyp bilýändigi anyklanyldy. Ýokançlyga duçar bolan maşgala agzasynyň gany tötänden düşen ýerlerini zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen arassalamaly – mysal üçin, düzüminde hlor bar bolan ýuwujy serişdeler bilen ýa-da hlor hekini suw bilen 1:100 gatnaşykda garylan ergini ulanmaly. Ýokançly gan eşige we beýleki ýuwulýan zatlara degen bolsa, 60ºС ýylylykdaky suwda 30 minut ýuwmaly, gaýnadylan ýagdaýynda bolsa gepatit С ýokanjy 2 minudyň içinde ýok bolýandyr.

Adam sagdyn durmuş şertlerini berjaý eden ýagdaýynda hem howply kesellerden ätiýaçlanyp bilmeýär. Gepatit C keseli bizden seresaplyk, arassaçylyk şertlerini berjaý etmegi talap edýändir.

  • 16217 gezek okalan