• Home
  • Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon
  • AÝAL JYNS AGZALARYNYŇ INÇEKESELI: GÖRNÜŞLERI WE ANYKLAÝYŞ ÇÄRELERI

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

AÝAL JYNS AGZALARYNYŇ INÇEKESELI: GÖRNÜŞLERI WE ANYKLAÝYŞ ÇÄRELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.71 (14 Ses)

Aýal jyns agzalarynyň inçekeseli inçekesel taýajygynyň täsiri bilen döräp, özbaşdak kesel däl-de, bedendäki inçekesel ýokançlygynyň ýüze çykmagydyr.

Jyns agzalaryna gan damarlarynyň usti bilen köplenç öýkenden, seýrek ýagdaýlarda içegeden ýokançlygyň düşmegi zeperlenmeleriň başyny başlap biler. Inçekesel mikobakteriýalary köp wagtlap limfatiki düwünlerde saklanyp, bedeniň kesellere durnuklylyk häsiýeti gowşan ýagdaýynda ýaýrama ukyply bolýandyr.

Ýokançlygyň jyns agzalaryna düşmegi, köplenç çagalyk ýa-da ýetginjeklik döwründe bolup geçip, anyklama çärelerinde bolýan kynçylyklar sebäpli giç bilnip hem biler. Anyklanylýan içki agzalaryň sowuklama keselleriniň 10-11% ýagdaýlaryny inçekesel sebäpli döreýän bozulmalar tutýandyr.

Önelgesizlikden ejir çekýän aýallaryň 10-22%-de, aýbaşy halkasynyň bozulmalary bilen ýüz tutýanlaryň bolsa 8,2-8,4%-de inçekesel sebäpleri anyklanylýar.

Keseliň alamatlary

Jyns agzalarynyň inçekeseline belli bir zeperleniş häsiýetliligi mahsusdyr. Eger bu ýokançlykly aýallaryň 100%-de ýatgynyň goşundylary zeperlenýän bolsa, ýatgy 25-30%, ýumurtgalyklar 6-10% ýagdaýlarda zeperlenýändir. Jynshana bilen daşky jyns agzalary bolsa has seýrek ýagdaýlarda zeperlenip biler.

Ýatgynyň goşundylarynyň inçekeselinde ginekologiki barlagyň netijeleri başga sowuklama ýagdaýlarynda alynýan netijelere meňzeş bolýar.

Oňa garamazdan, käbir näsaglarda ýatgynyň goşundylarynyň dowamynda tesbi şekilli ýognalmalar, uly sepleşme ýagdaýlary anyklanylyp, agyrylaryň azlygy bilen häsiýetlenýändir.

Inçekeseliň dargama görnüşleri bedeniň gyzgynynyň galmagy, gan akmalar bilen geçip, ýatgynyň hem zeperlenmeleri bilen utgaşýandyr. Ýatgynyň goşundylarynyň inçekeseli düzgün bolşy ýaly, ikitaraplaýyndyr.

Ýatgynyň inçekeselinde esasan onuň nemli gatlagy zeperlenip, ol alamatsyz geçip biler. Näsaglary esasy biynjalyk edýän alamat aýbaşy halkasynyň bozulmagydyr. Keseliň uzak dowam edýän ýagdaýynda, ýatgynyň nemli gatlagy birleşdiriji dokuma bilen örtülip we sepleşmeleriň döremegine getirip, ýatgynyň içki görnüşiniň üýtgemegine sebäp bolýandyr. Şol sebäpli aýbaşynyň doly bolmazlygy hem bolup biler.

Ýatgynyň boýunjygynyň inçekeseli üýtgeme ýagdaýlarynyň ýatgynyň içki gatlagyndan ýaýramagy netijesinde döreýär. Ýatgy boýunjygynda döreýän inçekesel başlary öz görnüşi boýunça hakyky eroziýadan az tapawutlanýandyr. Diňe biopsiýa barlagy netijesinde zeperlenmäniň sebäbini anyklama mümkinçiligi döreýär.

Ýatgynyň boýunjygyndaky inçekesel zeperlenmeleriň dargamagy netijesinde döreýän eroziýa, rak keselinde ýüze çykýan başlary hem ýada salyp biler.

Jynshananyň inçekeseli seýrek duş gelip, ýatgynyň boýunjygynda döreýän başlary ýadyňa salýan zeperlenmeler bilen ýüze çykýandyr. Jynshana başlary esasan yzky gümmezde we jynshananyň yzky diwarynda ýerleşýändirler.

Daşky jyns agzalarynyň inçekeselinde uly bolmadyk başjagazlar kiçi jyns dodaklaryň içki ýüzünde ýaýraň ýerleşip, juda agyryly bolýarlar.

Anyklaýyş çäreleri

Aýal jyns agzalarynyň inçekeselini anyklamak keseliň taryhy barada anyk maglumat ýygnamaga, tuberkulin synagyny geçirmäge, biopsiýa alnan serişdäni gistologiki we mikrobiologiki barlagdan geçirmäge, aýbaşy çykyndylary ekip barlamaga, rentgen we endoskopiki usullara esaslanan bolýandyr.

Jyns agzalaryň inçekeseline güman edilýän näsaglaryň kesel taryhynda, çaga we ýetginjeklik döwründe ýygy geçýän ýokançly keselleri (plewrit, öýken sowuklamasy, bronhlaryň sowuklamasy), ýatgynyň ösüntgileriniň sowuklama ýagdaýlarynyň aýbaşynyň bolmazlygy bilen utgaşmagy, inçekeselli näsaglar bilen gatnaşygy barada maglumatlar bolup biler.

Näsaglarda geçirilen inçekeseliň galyndy alamatlaryny öýkende, süňk-bogun ulgamyndan we başga agzalardan ýüze çykaryp bolar. Inçekesel sebäpli döreýän bozulmalary adaty ginekologiki barlaglar bilen ýüze çykarma mümkin bolmaýar.

Keseliň bejergisi

Bejergi ýöriteleşdirilen keselhanalarda, inçekesele garşy dispanserde, şypahanalarda geçirilýär. Bejergi geçirilende bedende inçekeseliň bar işjeň ojaklary barada hem barlaglara esaslanmalydyr.

Inçekesele garşy bejergini, olaryň netijeliligini we özleşdirme ukybyny göz öňüne tutup, himioterapiýa serişdeleriniň ikiden az bolmadyk utgaşmasy bilen geçirýärler. Şol maksat üçin izoniazid, streptomisin, tubazid, ftiwazid, PASK, samozid, etambutol, rifampisin, kanamisin serişdeleri ulanylýar.

Adatça bejerginiň birinji tapgyrynda (12-18 aý) streptomisin, (kanamisin, biomisin) ýa-da PASK bilen tubazidiň ýa-da ftiwazidiň utgaşmalary ulanylsa, beterleşmeleriň öňüni almak üçin (ýaz, güýz aýlary) tubazid ýa-da ftiwazidiň tibon bilen utgaşmasy ulanylýar.

Ýokançlyga garşy serişdeler bilen bir hatarda gurplandyryjy çäreler (witaminler, antioksidantlar, beloga, minerallara, ýaga baý bolan berhiz) hem geçirilýär.

Häzirki wagtda, inçekesele garşy bejerginiň döwrebap geçirilmegi, jyns agzalarynyň inçekeselinde hirurgiki bejergini geçirmek zerurlygyny aradan aýyrdy. Inçekesel sebäpli döreýän önelgesizlik ýagdaýynda ýatgynyň turbalarynyň plastikasyny geçirmek maslahat berilmeýär.

  • 4229 gezek okalan

Teswirler (8)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Inçekesel durmuşy keselligi sebäpli ony adamynyň bedeniniň her bir agzasynda ýüze çykmagyna örän ýakymsyz hem bolsa garaşmak mümkin. Iň ýaramazy hem göwreli aýalyň onuň bilen kesellemegi sebäpli ol iki adamynyň kesellemegine getirýä.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Menin bir gyz tanysym bar yone onyn kellesi kkel ony nadip bejerip bolarka lukman eger komek etseniz men sizden gaty minnedar bolardym

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Hormatly Lukman! Maslahatyňyz üçin sag boluň. Örän minnetdar.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Ýigit!<br /><br /> Eger Siziň halaýan gyzyňyz öň inçekesel bilen kesellän bolsa, barlagy öň inçekeseliň zeperlendiren agzasyny (öýken, süňl ýa-da aýal jyns agzalary) barlamakdan başlama dogry bolardy. Şoňa görä-de ýüz tutmaly lukmanlar...

Ýigit!<br /><br /> Eger Siziň halaýan gyzyňyz öň inçekesel bilen kesellän bolsa, barlagy öň inçekeseliň zeperlendiren agzasyny (öýken, süňl ýa-da aýal jyns agzalary) barlamakdan başlama dogry bolardy. Şoňa görä-de ýüz tutmaly lukmanlar kesgitlener ( işleri inçekeseli bejermäge ugrukdyrylan ftiziatr-pulmonologlar,hirurg,ginekolog we baş.) Eger siz maşgala gurmadan öň öňüni alyş-anyklaýyş maksady bilen barlagdan geçirmekçi bolsaňyz, ilki bilen maşgala lukmanyna ýüz tutuň. Ýagdaýa görä ol sizi gerekli barlaglara ugrukdyrar.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Meniň söýýän gyzym bar. Ýakyn wagtlarda öýlenmek isleýärin. Şonuň üçinem daşky jyns agzasyndan mazok alyp, inçekesel bilen keselländigini bilip bolýan bolsa maksada laýyk bolardy. Nirede barladyp bolarka!?

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Ýazylanlara ser salsaň, käbir keseller, galybersede, inçekeseliň aýal jyns agzalaryny zeperlendirip biljekdigine göz ýetirýärsiň. Şonuň üçin hem lukmanlaryň aýallaryň belli bir wagtlarda aýal lukmanynyň (ginekologa) barlagyna baryp durmaklaryny...

Ýazylanlara ser salsaň, käbir keseller, galybersede, inçekeseliň aýal jyns agzalaryny zeperlendirip biljekdigine göz ýetirýärsiň. Şonuň üçin hem lukmanlaryň aýallaryň belli bir wagtlarda aýal lukmanynyň (ginekologa) barlagyna baryp durmaklaryny örän ýerlikli diýip hasaplaýmaly.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

HORMATLY LUKMAN MEN 22 YASHYMDA MEN INCEKESEL BOLANYMA 4 AY BOLDY MENIN OYKENIM DESIGINI NADIP BITIRMELI JOGABYNYZA GARASHYAN

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Menin 40 yasly ayal doganym yurek agyry keselinden kop wagt bari kosenya. sol keselden halas bilmana komek edin

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location