• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon
  • INÇEKESELIŇ DÖREMEGINE GETIRÝÄN TÖWEKGELLIK FAKTORLARY

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

INÇEKESELIŇ DÖREMEGINE GETIRÝÄN TÖWEKGELLIK FAKTORLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.41 (27 Ses)

Inçekesel örän howply, bejergisi kyn bolan ýokanç keseldir. Ol syrkawy üzak wagtyň dowamynda zähmede ukypsyz edýär, onuň ölümçilik bilen gutarýan wagty hem seýrek däl.

Köplenç inçekesel bilen adamyň dem alyş agzalary (öýken, bronhlar we plewra) zeperlenýär, ýöne beýleki agzalaryň  – içege, böwrek, peşew çykaryjy ýollaryň, süňkleriň, deriniň we limfatik düwünleriň zeperlenýän ýagdaýy hem  seýrek däl. Limfatik düwünleriniň inçekeseli köplenç çagalarda duş gelýär.

Ýokançlyga duçar bolandan soňra keseliň alamatlary peýda bolýança birnäçe aý ýa-da birnäçe ýyl geçip biler. Şuňa  adamyň bedeniniň goranmak güýjüniň,esasanhem immun ulgamynyň ýagdaýy uly täsir edýärKöplenç bu kesel bilen, inçekesele garşy goranyş ukybyny peseldýän töwekgellik faktorlary, mysal üçin, dowamly keselleri bar bolan adamlar syrkawlaýar. Şeýle hem inçekeseliň ýeterliksiz we sazlaşyksyz iýmit bilen baglydygy bellidir.  Ol esasan sosial taýdan goralmadyk, jemgyýetiň pes gatlagynda ýaşaýan, kesele garşy goranmak ukyby pes, üznüksiz ruhy dartgynlygy başdan geçirýän şahslarda  has ýygy duş gelýär diýip hasaplanýar.

Inçekesel ýokançlygyna sezewar bolmak töwekgelçiligi esasy iki faktorlara görä anyklanylýar: inçekeseliň açyk görnüşinden ejir çekýän syrkaw bilen aragatnaşykda bolmak we yokançlygy ýokary kabul edijilik. Inçekesel bilen zeperlenmek töwekgelçiligi bolan topara:

► inçekeseli bolan adam bilen hojalykda ýakyndan aragatnaşykda bolýan (bir maşgalanyň agzalary, umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýanlar...);

► spirtli içgileri we neşe serişdelerini çensiz ulanýanlar;

► tussaglar we penitensiar (jeza çekilýän) edaralaryň işgärleri;

► lukmançylyk edaralaryň işgärleri;

► hemişelik ýaşaýan ýeri bolmadyk, öýsüz adamlar degişlidir.

Mycobacterium tuberculosis köplenç ýagdaýda howa-damja ýoly bilen ýokuşýar. Öýken inçekeselinden ejir çekýän syrkawlar üsgürende, asgyranda, sözleşigiň dowamynda keseli gozgadyjy bölejikleri daşky gurşawa bölüp çykarýar. Olar guraýar we 1-10 mkm diametrden durýan, birki mikrob öýjüklerinden ybarat bolan  bölejikleri emele getirýär. Uzak wagtyň dowamynda, bu bölejikler agramlylygyň güýjiniň täsirine boýun bolman, howada gaýyp ýörýär we sagdyn adamyň öýkenine düşmek howpuny döredýär.

Mycobacterium bovis  alimentar ýol bilen – çig süýdüň üsti bilen geçýär. Ýokançlygyň bu görnüşiniň geçmişde  giňden ýaýrandygyna garamazdan,  häzirki döwürde wajyplygyny ýitirdi. Keseliň ýokuşmagynyň başga görnüşleri, mysal üçin ýaşaýyş gatnaşyklary we çaga çörekçesiniň üsti arkaly ýaýraýan görnüşleri hem häzirki wagtda örän seýrek duş gelýär.

Mycobacterium tuberculosis ýokançlygyna sezewar bolmak töwekgelligi ýokanjy ýaýradyjy bilen aragatnaşykda bolmaga, şol gatnaşygyň häsiýetine we uzaklygyna, syrkawyň kesel ýaýratmak ukybynyň derejesine, şeýle hem aragatnaşygyň nähili şertde bolup geçýändigine baglydyr. Syrkaw bilen ýakyndan aragatnaşykda bolnan ýagdaýynda, kesele duçar bolmak howpy, mikroskopiýa barlagynyň netijesinde syrkawyň gakylygynda kesel gozgadyjy anyklanan bolsa, has howply diýip hasaplanýar.

Gakylygynyň barlagy otrisatel netije görkezen öýken inçekeseli ýüze çykarylan  syrkawlar we inçekeseliň öýkenden daşary görnüşlerinden ejir çekýänler bolsa düýbünden ýokançly däl diýseň hem bolýar.

Ýokançlyga duçar bolmak töwekgelligine garanyňda, kesellemek töwekgelligi esasy endogen faktorlaryna (bedeniň içki gurşawyndaky faktorlara), aýratyn hem Mycobacterium tuberculosisa hususy duýgurlygyna we öýjük immunitetiniň ýagdaýyna baglydyr.

Eger kesel ýokançlyk bedene düşenbadyna dörese, muny ilkinji döwürdäki  inçekesel diýip atlandyrýarlar.  Keseliň bu görnüşi, köplenç 4 ýaşa ýetmedik çagalarda ýüze çykýar. Ilkinji döwürdäki inçekeseliň agyr we ýaýrama häsiýetibilen geçýänligine garamazdan, syrkawlar, adatça ýokançly bolmaýarlar. Haçan-da ol has uly ýaşda ýokuşsa, immun ulgamy özbaşdak ýokançlygy ýeňip geçmegi başarmagy ahmal (iň bolmanda wagtlaýyn). Ýönebedeniňkesele garşy göreşmek ukybyýokançlygyň ýaýbaňlanmasyny basyp ýatyryp bilmese,  ilkinji iki ýylyň dowamynda  inçekeseliň ösüşi başlaýar. Ol onlarça ýylyň dowamynda hem  gizlin görnüşinde  saklanyp bilýär. Soňra inçekeseli döredijiniň täzeden işjeňleşmegi bolup geçýär we keseliň ikinji döwri  başlaýar. Adatça, ikinji döwürdäki inçekesele duçar bolanlar örän ýokançlydyrlar. Umuman ýokançlyga duçar bolanlaryň 10%-de  inçekeseliň işjeň görnüşi ýüze çykýar. Ikinji döwürdäki inçekesel taýajygynyň gaýtadan  ýokuşmasy bilen hem bagly bolup biler.  Onuň ýaramaz epidemiologiki  şertleriň dörän ýerlerinde ýaýramagy hem  ähtimal.

Birnäçe barlaglaryň netijesine görä, kesellemek töwekgelçiligi,  saldamly derejede ýokançlyga sezewar bolanlaryň ýaşynada baglydyr. Ýokançlygy göterýänleriň arasynda inçekesel bilen syrkawlaýanlaryň sany ýetginjek we irki kämillik ýaşyndaky adamlarda has ýokary bolup, onuň sebäpleri häzirki güne çenli doly anyklanylmadykdyr. 25-34 ýaşlar aralygyndaky aýallar, şol ýaşdaky erkek adamlara garanyňda has köp inçekesel bilen syrkawlaýarlar. Emma ýaş ulaldygyça, olar ornuny çalyşýar. Gartaşan adamlarda immun ulgamynyň pese düşenligi sebäpli  syrkawlamak töwekgelçiligi  ýokarlanýar.

Mycobacterium tuberculosis ýokançlygyny göterýänleriň arasynda aktiw inçekeseliň döremegine birnäçe keseller täsir edip biler. Olaryň arasynda, öýjük immunitetini gowşadýan, AIW ýokançlygy öňdebaryjy orny eýeleýär.

Şeýle hem inçekesel bilen syrkawlamak howpy: önümçilik zeperlenmelerinde (silikoz, asbestoz we ş.m.), limfoma, limfogranulematoz, leýkoz (akganlyk) keselleri we başga-da howply täze döremelerde, gemofiliýa, insulin mätäçligi bolan süýji keselinde, immun ulgamyň işini peseldýän serişdeler kabul edilende, igläp tapdan düşme ýagdaýynda ýokarlanýar.

Inçekeseliň ýokuşmagyna sebäp bolýan töwekgellik faktorlarynyň içinde has möhüm orny eýeleýäni – wagtly-wagtynda howasyny çalşyp bolmaýan jaýyň içinde adamlaryň jemlenmegidir. Mysal üçin, tussaghanalarda inçekesel bilen syrkawlaýanlaryň sany erkin durmuşda ýaşaýanlar bilen deňeşdireniňde 16 esse ýokarydyr, onuň ölümçilik bilen gutarýan ýagdaýy bolsa 4 esse ýokary. Ýöne bu mesele ähli raýatlara degişlidir. Sebäbi tussagda ýerleşýän adamlar irugiç azatlyga çykýar we ýokançlygy ýaýradyjy çeşmä öwrülýär. Soňky 8 ýylyň içinde bu edaralarda ýagdaý ele alnyp, ony düzetmegiň ugrunda dürli çäreler görülýär.    

Ýöne geçirilýän çärelere garamazdan, häzirki wagta çenli halkyň sosial taýdan şowly gatlagynyň arasyndan hem bu keseli ýok edip bolanok.   

INÇEKESELIŇ OJAGYNDA GEÇIRILÝÄN ÖŇÜNI  ALYŞ ÇÄRELERI

Inçekesel bilen syrkawlamak töwekgelçiligi, esasy daşky faktorlara bagly diýip bellemek bolar. Lukmana giç ýüz tutanlygy sebäpli, öýken inçekeseliniň işjeň görnüşine duçar bolanlar  kesel anyklanylmanka, adatça,  2-3 adamy kesele sezewar edip  ýetişýär.  Şol sebäpli keseliň öňüni alyş lukmançylygynyň öňünde iki uly wezipe dur:

♦ syrkawyň töweregindäki adamlara ýokançlygy ýaýratmagyň derejesini peseltmek (has gowusy ýok etmek);

♦ bedeniň goranyş güýjüniň işjeňligini ýokarlandyrmak we syrkawlar bilen   aragatnaşykda bolýanlaryň immun goranyşyny peseldýän faktorlaryň täsirini kemeltmek.

Keseliň köp görnüşlerinde syrkawy ýöriteleşdirilen keselhana ýerleşdirýärler. Inçekeseliň açyk görnüşi anyklanylan syrkawyň öýünde we işinde hökman arassalaýyş çäreleri (dezinfeksiýa) geçirilýär.

Käbir ýagdaýda syrkaw bejergini öýünde alyp bilýär. Bu ýagdaýda ol lukmanyň görkezmelerini gyşarnyksyz ýerine ýetirmeli we ýakynlaryny keselden goramaga mümkinçilik berýän, şahsy gigiýenanyň kadalaryny doly berjaý etmegi unutmaly däldir.

Otagda gündeki arassalyk çärelerini berjaý edip, çyg mata bilen  ýa-da arassalaýjy serişdeleri bilen öý goşlaryny we syrkawyň aragatnaşykda bolan zatlaryny süpürip durmaly.

Mycobacterium tuberculosis daşky gurşawyň faktorlarynyň täsirine durnuklydyr. Belli bolşy ýaly otag temperaturasynda olar 4 aýyň dowamynda, suwuň içinde – 5 aýa çenli işjeňligini saklaýar. Ýöne göni düşen günüň şöhlesi Mycobacterium tuberculosisy bir ýarym sagadyň içinde, ultramelewşe şöhleleri bolsa 2-3 minudyň içinde öldürmäge ukyplydyr. Şol sebäpli näsagyň otagyna adaty ýagtylygyň düşüp durmagy örän wajypdyr.

INÇEKESELE DUÇAR BOLMAZLYGYŇ ESASY ŞAHSY ŞERTLERI:

1. Wagtynda, sazlaşykly iýmitlenmek. Onuň düzümine hökman mal belogy (et, balyk), gök önüm we miwe (ter we konserwirlenen görnüşde) bolmaly, şeýle hem witamin serişdelerini ulanmaly.

2. Hereketiň ýeterlikli bolmagy – arassa howada gezelenç, sport bilen meşgullanmak, maşklary berjaý etmek.

3. Çilimkeşlikden we başga ýaramaz endiklerden çetde durmak.

4. Bedeni taplama.

5. Şahsy gigiýenany berjaý etmek we öz saglygyňa ünsli bolmak, dem alyş ulgamyň kesellerini (bronhit, öýken sowuklamasy, plewrit) özwagtynda bejermek, yzygiderli lukmanyň gözegçiliginden geçmek.

Umuman aýdanymyzda, saglygymyzy saklamak üçin özümiz degerli çäreleri wagtynda geçirmegiň aladasynda bolmalydygymyzy unutmaly däldir.

  • 7172 gezek okalan