• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon
  • SÜŇK INÇEKESELI: ALAMATLARY WE BEJERGISI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SÜŇK INÇEKESELI: ALAMATLARY WE BEJERGISI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.07 (14 Ses)

Häzirki wagtda süňk inçekeseli yüze çykyş ýygylygy boýunça öýkenden daşary döreýän inçekeseliň görnüşleriniň arasynda dördünji orny eýeleýändir.

Süňk inçekeseliniň gysga häsiýetnamasy

Eger inçekesel ýokanjy oňurgany we süňk bogunlaryny zeperlendiren bolsa, syrkawa süňk inçekeseli diýen kesel kesgidi goýulýar. Keseliň bu görnüşi Kohuň  taýajygynyň ilkinji inçekesel ojagyndan, gan arkaly,  süňk ýiligine geçmegi bilen döreýär we  on ýaşa çenli çagalarda has ýygy duş gelýär. Süňk inçekeseli  köplenç süňk ýiliginiň ahyrky böleklerinde (epifizde) ýaýbaňlanyp başlaýar. Soňra ol bogny örtýän nemli haltajygyna (sinowial haltajygy) we bogun kekirdewüklerine geçýär.

Bu ýokanç bognuň dürli böleklerini zeperlendirýär, şonuň üçin hünärmenler olary sinowial we süňk inçekeseline bölýärler.

Süňküň sinowial inçekeseli üçin suwuklykdan (ekssudat) dolan köpsanly tümmejikleriň emele gelmegi häsiýetlidir. Eger bejergi wagtynda başlansa, ýokançly hadysa gowşaýar we  zeperlenen ojaklarda dikeldiş özgermeleri başlaýar. Ýöne bejergi düýbünden geçirilmese ýa-da ol ýeterlik derejede alnyp barylmasa, bogny birleşdiriji damar apparatynyň dargamagyna getirýär, netijede süňküň bogun uçluklarynyň hereketjeňliginde näsazlyklar  ýüze çykýar.

Süňk inçekeseli dürli ýagdaýda geçýär. Ol süňk maddasynyň eräp dargamagyndan  ýa-da süňküň esli ýeriniň jansyzlanmagyndan başlanyp, wagtyň geçmegi bilen tutuş töweregine ýaýrap ugraýar. Ilkinji alamatlarynyň ýüze çykyşyna garamazdan, süňkiň we bogunlaryň inçekeseli iriňli deşikleriň ýa-da açylyp duran  köwegiň emele gelmegine getirýär. Ýöne birnäçe hepde geçenden soň çişme ýagdaýy kadalaşyp  kesel wagtlaýynça gowşap biler. 

Süňk inçekeseliniň geçiş  döwürleri

1 döwür – süňkiň bogna ýanaşýan böleginiň dargamagy bilen häsiýetlenýär;

2 döwür – inçekeseliň bogna geçmegi bilen häsiýetlenip, bogun sowuklamasynyň (artrit) döremegi ýüze çykýar;

3 döwür – süňk dokumasynyň sowuklama (osteomiýelit) hadysasy bilen häsiýetlendirilýär.

Süňk inçekeseliniň alamatlary

Süňk inçekeseline mahsus alamatlar – zeperlenen bognuň çişmegi, ýumşak dokumalaryň jansyzlanmagy, zeperlenen ojakda suwuklygyň ýygnanmagy, myşsalaryň we bogun böleginiň hereketiniň çäklenmegidir. Rentgenologiki barlaglaryň netijesinde süňkde çäkli boşluklaryň emele gelenini, süňk maddasynyň dykyzlygynyň peselendigi we ýygnanan suwuklygyň mukdaryna görä, bogunara boşlugyň giňänligi ýa-da daralanlygy ýüze çykarylýar. 

Inçekeseliň bu görnüşi zeperlenen böleklerde agyrynyň ýüze çykmagy, şeýle hem hereketiň durnuksyzlygy, çäklenmegi we süňk döwülmeleri bilen häsiýetlendirilýär. Bu ýagdaýda süňk inçekeseliniň alamatlaryny özwagtynda, daýanyş-hereket ediş ulgam bilen bagly bolan başga meňzeş kesellerden tapawutlandyrmak zerurdyr. 

Kesele duçar bolan syrkawlar ilki-ilkiler gaty ýokary bolmadyk, ýöne hiç aýrylmaýan bedeniň gyzgynynyň galmagyna, çalt ýadamaklyga arz edýärler. Soňabaka bolsa egilende, hereket edilende agyry döreýär. Has ýygy ýagdaýlarda myşsalar zeperlenip, mysal üçin, bir aýagyň myşsalarynyň mese-mälim horlanmagy, gowşamagy ýüze çykýar. Süňk-bogun inçekeseli bar bolan syrkawyň  rentgen suratynda süňkleriň ujunda suwda ereýän gant şekerine meňzeş ýagty bölekleri synlap bolýar. Bu gataşma (sekwestr) entek aýdyň serhedi bolmadyk başlangyç tapgyrydyr. Süňkleriň dykyzlygynyň peselme alamatlary ýok. Bogunara boşluk ilki bilen giňeýär, soňra daralýar, bogun kekirdewüginiň ýüzi tekizligini ýitirýär. Süňk inçekeseli adatça, inçekeseliň açyk görnüşinden ejir çekýän syrkawlardan ýokuşýar we ösüşiň gidişi haýal ýaýbaňlanýar. Onda keseliň irki döwürlerine mahsus bolan zäherlenme alamatlary ýüze çykýar. Şeýle hem  bu kesele iriňli başyň döremegi, bedeniň  arryklamagy, zeperlenen el-aýaklaryň gysgalmagy mahsusdyr. 

Süňk inçekeselini anyklamak

Süňk inçekeselinde süňkiň beýleki çişme kesellerinden tapawutlykda, Mantu synagy položitel netije görkezýär. Iriňli boşlukdan alnan suwuklyk ýörite taýynlanan mikrobiologiki gurşawlara ekilende inçekesel taýajygyny ýüze çykaryp bolýar, ganyň düzüminde bolsa, limfasitleriň mukdary köpelýär.

Süňk inçekeseliniň bejergisi

Direg-hereketlendiriş ulgamynyň başga kesellerinde bolşy ýaly, süňk inçekeseliniň bejergisi hem utgaşykly bejeriş çäreleri bilen alnyp barylýar. Bejerginiň dowamynda hünärmenler dürli bejeriş usullary bilen bir hatarda operatiw bejergini hem ulanýarlar.  

Bejerginiň esasy özenini inçekesel taýajygyna garşy ulanylýan (antibakterial) serişdeler düzýändir. Çiş tapgyrynyň ýaýbaňlanmagynyň öňüni almak üçin ony mümkin boldugyça ir başlamalydyr. Antibakterial serişdeleri ýerli, bognuň,  wena we arteriýa gan damarynyň içine goýberýärler. Käte olary punksiýa geçirme usuly arkaly, iriňli boşluklara we emele gelen köweklere hem goýberýärler. Eger adamda käbir sebäplere görä operatiw bejergi bilen aýryp bolmaýan süňk inçekeseliniň alamatlary güýjeýän bolsa, antibakterial serişdeleri ulanma bejerginiň esasy usuly bolup galýar. 

Bejergi tapgyrynyň hökmany bölümi ortopediki usuly ulanmakdyr. Onuň maksady – çiş hadysasynyň ýaýramagy doly togtadylýança, bognuň zeperlenen böleginiň işini ýeňilleşdirmekdir. Bu maksat üçin zeperlenen bölegi gipsa salma, ýörite korsetleri, şinalary ulanmadan peýdalanýarlar. Soňky ýyllarda, täze serişdeleriň işlenip taýýarlanmagy bilen, süňk inçekeselini bejermekde ortopediki usulyň täsiri azaldy. Ýöne muňa garamazdan, birnäçe keselhanalarda olar üstünlikli ulanylýar. 

Operatiw bejergi çäreleri näsaglara süňklerde dargama ýagdaýynyň açyk bildirýän halatlarynda bellenilýär. Bu ýagdaýda hirurgiki usullar sükňlerde hem-de bogunlarda dargama hadysasyny togtatmaga, bognuň fiziologiki işjeňligini dikeltmäge ýardam berýär. Häzirki wagt operatiw bejerginiň dürli görnüşleri geçirilýändir. Ýöne bogun perdesini kesip aýyrma (ekstirpasiýa) ýa-da sinowektomiýa usullary has ýygy ulanylýar. Şeýle-de, lukmanlar dikeldiş operasiýalaryny  giňden ulanýarlar.  Bu usullar bilen birlikde, inçekeseliň gapdalyndan ýüze çykýan gaýraüzülmeleri aradan aýyrmak boýunça utgaşykly bejergiler alnyp barylýar. Operasiýadan soň syrkawa belli bir wagt ýorgan-düşekli ýatma düzgüni bellenilýär. Ondan soň bolsa gazanylan netijeleri ýöriteleşdirilen şypahanalarda berkitmek maslahat berilýär. Bu işler dikeldiş döwrüniň çaltlaşmagyna we saglygyň bekemegine ýardam berýär. 

Keseliň öňüni alyş çäreleri

Süňk inçekeseliniň öňüni almak boýunça işler, umumy inçekesele garşy çäreler  bilen bilelikde alnyp barylýar, sebäbi keseliň bu görnüşine garşy ýörite usul ýok. Ol inçekeseliň beýleki görnüşleri bilen umumy bolup, inçekesel dispanserleriniň üsti bilen ýokançlygyň ýaýramagyny peseltmek we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylmalydyr.

Inçekesel ýokançlygynyň ýaýramagyna garşy göreş, esasan, bedene inçekesel taýajyklarynyň geçmeginiň öňüni almak  çäreleriniň kömegi bilen alnyp barylýar: 

► ýokançlygyň ýaýraýan ojaklaryny anyklap, zyýansyzlandyrma işlerini geçirmek;

► inçekesel taýajygyny bölüp çykarýanlary anyklap, aýry saklamagy ýola goýmak we olar bilen aragatnaşykda bolanlary gözegçilige almak;

► syrkawyň gakylygyny, ulanan gap-gaçlaryny,  süňkde iriňli oý emele gelen näsaglaryň  daňylaryny we iriňlerini zähersizlendirmek;

► ýokanjyň howa we iýmit arkaly ýaýramagyna, olary zyýansyzlandyrma çärelerine aýratyn üns bermeli (mysal üçin, çagalar üçin niýetlenen süýt we ondan taýynlanan önümlere üns bermek). Ol mazaly gaýnadylan (pasterizleşdirilen) bolmaly  ýa-da sagdyn, inçekesel ýokanjy bolmadyk maldan alynmaly. 

Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak inçekeselden goranmakda wajyp çäreleriň biridir. Ol zähmet we ýaşaýyş-durmuş şertlerini sagdynlaşdyrmak boýunça giňden ulanylýan sanitar-gigiýena çäreleriniň, şeýle hem şahsy gigiena endikleriniň we bedeni bedenterbiýe we sport arkaly, zähmedi we dynç alyşy peýdaly gezekleşdirmek bilen gazanylýar. Şuňa birinji orunda BSŽ waksinasiýasy geçirme öňüni alyş çäreleri hem degişlidir. 

Eger kesel eýýäm ýokuşan bolsa, ondan şowly gutulmak üçin:

► süňk we süňk-bogun inçekeselini başlangyç döwürde anyklamak;

► näsaglarda gaýraüzülmeleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak;

► süňk inçekeseli üznüksiz, dowamly, doly bejerginiň geçirilmegini talap edip, ol keseliň gowşamagyna, gaýraüzülmesiz geçmegine ýardam berýändir.

Keseliň bejergisi näçe ir başlansa, onuň bedene ýetirjek zyýany şonça az bolup, gutulmak mümkinçiligi artýandyr.

  • 8126 gezek okalan