Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TOPARLAÝYN PIKIRLENME NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

toparlayyn pikirlenmeToparlaýyn pikirlenme (iňlisçe: groupthink) psihologik hadysa bolup, ilkinji gezek 1972-nji ýylda sosial psiholog Irwing L. Janis tarapyndan ulanylýar. Toparlaýyn pikirlenme endigi gowy niýetli adamlardan düzülen toparlaryň oýlanyşyksyz we ýaramaz hereket etmegine getirýär. Jebislik ýa-da jebislige bolan isleg topardaky adamlary hemme zada göz ýumup, ylalaşmaklyga iterip bilýär. Bu ýagdaý toparyň düşünişmezliklerden gaça durmagyna we tankydy pikirlenmän karara gelmegine sebäp bolýar. Karara gelmegiň bu usuly belli bir talaba boýun bolmagyň ýa-da agzybirligi oýlanyşykly pikirlenmekden öňde goýmagyň netijesinde döräp bilýär.

Toparlaýyn pikirlenilende, topardakylar şübhelerini we tankytlaryny aýtmakdan ýa-da gelnen karar bilen ylalaşmazlykdan gaça durýarlar. Olar agzybirligiň hatyrasyna ahlak, etiki taýdan ýaramaz kararlara göz ýumýarlar.

Toparlaýyn pikirlenmäniň alamatlary

Toparlaýyn pikirlenmäni anyklamak üçin, ilki bilen onuň esasan haýsy ýagdaýlarda ýüze çykyp bilýändigini kesgitlemek gerek. Topara fiziki howp abananda ýa-da onuň abraýyna zyýan ýetjek bolanda, "olar biziň garşydaşymyz" düşünjesi döräp bilýär. Bu bolsa, topar agzalaryny şahsy garaýyşlaryna ters gelýän toparlaýyn garaýyş bilen razylaşmaga iterip bilýär. Şeýle hem, toparlaýyn pikirlenme howlugyp karar berlende ýüze çykyp, käte juda ýaramaz netijeleri berip bilýär.

Janis toparlaýyn pikirlenmäniň 8 alamatyny belläp geçýär:

 1-nji görnüş: Toparyň öz güýjüne we ýörelgesine aşa ýokary baha bermegi

↪ Özüňi güýçli saýmak çendenaşa optimistlik döredip, töwekgelçilige iterýär.

↪ Toparyň ahlak ýörelgesine şeksiz ynanmak agzalaryň öz hereketleriniň netijesine pitiwa etmezligine sebäp bolýa.

2-nji görnüş: Ýapyk pikirlilik

↪ Toparyň çaklamalaryny soraga çekip biljek duýduryşlary gowulyga ýormak.

↪ Topara garşy çykýanlary ejiz, duşman, betgüman, kineçil, gowşak ýa-da akmak diýip tagmalamak.

3-nji görnüş: Birmeňzeşlik basyşy

↪ Toparlaýyn ylalaşykdan çykmazlyk üçin edýän we diýýän zatlaryňa aşa üns bermek.

↪ Dymyşlygy razyçylyk hökmünde kabul etmek.

↪ Topary tankyt edýän agzany "dönüklikde" aýyplap, ylalaşmagy üçin basyş etmek.

↪ Pikir goragçylary özleriçe topary üýtgeşik pikirlenmekden goraýarlar.

Toparlaýyn pikirlenmäniň öňüni almak

Howpy mümkin boldugyça azaltmak üçin, meseleleri doly ara alyp maslahatlaşar ýaly hem-de her kim öz garaýşyny aýdyp biler ýaly, topar agzalaryna ýeterlik wagt berilmeli. Üýtgeşik pikirlere näçe hoşniýetli garalsa, toparlaýyn pikirlenme şonça-da az ýüze çykýar. Köp duşýan nädogry düşünjeler barada öwrenmek we olary anyklap bilmek hem toparlaýyn pikirlenmäniň ýüze çykmak ähtimallygyny azaldyp biler.

  • 1800 gezek okalan