Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝOLDAŞYM ÖRÄN GABANJAŇ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.83 (6 Ses)

yoldasym oran gabanjanSalam Saglyk.

Ýoldaşym örän gabanjaň. 8 ýyl durmuşyň dowamynda görmedik günüm galmady. Aýrylyşmajak bolup her zadam etdim. Bolmady. Psihologa gideli hem diýdim. Men onuň hemişe aýdýan erbet sözlerinden, yňyrdylaryndan, kemsitmelerinden gaty ýadadym. Men näme etmeli?

Gadyrly Mähri!

Siziň hatyňyzda gürrüň berşiňizden, ýoldaşyňyzda adaty gabanjaňlyk däl-de, patologiki (kadaly däl) gabanjaňlyk ýagdaýynyň bardygyny bilip bolýar.

Elbetde, siz öz adamyňyzyň ýagdaýyny bilip, oňa gabanmaga sebäp boljak ýagdaýlardan gaça durmaga synanşýansyňyz we oňa ýeterlik üns berýänsiňiz. Onuň gabanjaňlygynyň sebäbi nämekä? Meselem, ol sizi özünden juda dogumly we erjel görýänligi üçin şiziň üstüňizden gözegçiligi gowşatmajak bolup ýa-da size duşmazdan öň ikilik edilmä duçar bolma tejribesiniň bardygy üçin özüni şeýle alyp baryp biler. Köp halatlarda, aýalyna ikilik edýän erkek adamlar, aýalyny hem özi ýalydyr öýdýärler.

Sekiz ýyl bile ýaşan durmuşyňyzda siz kemsitmeleri çydap ýaşandygyňyzy, çykalga gözläp, hatda psihologyň kömegini hem teklip edendigiňizi ýazýarsyňyz. Eger islegi bolsa, diňe ýoldaşyňyzyň özi özüni üýtgedip, gatnaşygyňyzy dikeldip biler. Diňe şonda oňa siziň goldawyňyz we psihologyň kömegi gerek bolar. Ýöne ýoldaşyňyz özüni nädogry alyp barýandygyny boýun alyp, üýtgemäge çalyşmasa, onda iki çykalga bolup biler: siz boýun bolup, çydap ýaşaýarsyňyz ýa-da aýrylşýarsyňyz.

Ýoldaşyňyzyň wagtyň geçmegi bilen köşeşjekdigine ynanmaň. Size we siziň çagalaryňyza kemsitmeler we görgüler bilen geçýän durmuş gerekmi? Öz psihologiki kynçylyklaryňyz, lapykeçligiňiz, göwniçökgünligiňiz bilen bile galmajak boluň. Goldaw gözläň. Ýakyn adamlaryňyz (ejeňiz, daýzaňyz, doganyňyz, joraňyz) bilen howsalalaryňyzy paýlaşyň.

Onsoňam, öz-özüňizi günäkärlemäň. Bu ýagdaýda: "Ilde bar zatla, men hem çydaýyn", "Aýal çydamly bolmaly, ol erkekdirdä!" diýme düýbünden ýalňyş pikirlerdir. Öz artykmaçlyklaryňyza, durmuşy üstünlikleriňize üns berip, bagtly ýaşamaga hukugyňyzyň bardygyny unutmaň!

Men siziň dogry çözgüt tapyp biljekdigiňize ynanýaryn.

Hormat bilen, psiholog.

  • 2211 gezek okalan