Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AGYZDAN YS GELME: SEBÄPLERI WE OLARY ARADAN AÝYRMAGYŇ ÇÄRELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.23 (44 Ses)

Agyzdan ýakymsyz ys gelme ýagdaýyna biz köp halatlarda üns bermeýän hem bolsak, bu çynlakaý kynçylykdyr. Düýnki şowhunly geçirilen agşamdan ýa-da täze bolmadyk iýmit netijesinde zäherlenme ýagdaýy bolsa, elbetde düşnükli zat. Şeýle halatlarda özüňi kadaly ýagdaýa getirmek ýeterlik bolýar.

Eger agyzdan gelýän ýaramaz ys adamyny hemişe biynjalyk edýän bolsa, bu başga kynçylykdyr.

Ynjalyksyzlanmadan başga, bu çynlakaý psihologiki we maşgala gatnaşyklaryna ýaramaz täsirini ýetirip biljek kynçylyga öwrülip biler.

Agyzdan ýakymsyz ys gelme  ýa-da "halitoz" ady bilen belli bu keseliň sebäpleri dürli-dürli bolup, şol sebäpleri aradan aýyrma ýagdaýy kadalaşdyryp biler.

Agyzdan ys gelmäniň iň köp duş gelýän sebäplerine diş we dişiň eti bilen baglanşykly ýagdaýlar degişlidir. Dişleriň kariýes keseli, paradontoz keseli, dişlere şowsuz goýlan plombalar, diş protezleriň ýalňyş ýasalmagy ýa-da olary nädogry ýuwmak, şonuň ýaly-da diş etiniň sowuklama ýagdaýlary ýa-da kömelekli zeperlenmeleri, agyz boşlugynda dörän başlar we ýaralar hem ýakymsyz ysyň döremeginiň sebäbi bolup biler.

Ondan başga-da, agyz boşlugynyň guramagy (kserostomiýa) hem agyzda ysyň döremegine getirip biler.

Tüýkülik – agyzy nemlendirýän aýratyn düzümli suwuklyk bolup, ol özboluşly tebigy arassalaýjy biologiki serişdedir.

Iýmit siňdirişe başlangyç täsirini ýetirmeden başga-da, tüýkülikde zyýanly bakteriýalary öldürýän fermentler saklanýar. Tüýkülik ýeterlik bölünip çykman, agyz guran ýagdaýynda, tüýküligiň ýetmezçiligi netijesinde onuň bakteriýalardan goraýjylyk täsiri peselip, olaryň köpelmegine sebäp bolup biler.

Kserostomiýa antigistamin (allergiýa täsirliligine  garşy) serişdeleri, ruhy gamgynlylyga garşy ulanylýan dermanlar, buşukdyryjy serişdeler, gan basyşy kadalaşdyryjy dermanlar, narkotiki serişdeleri kabul etmeklik hem getirip biler.

Kserostomiýadan uzak wagt ejir çekýän adamlarda diş etiniň sowuklama keselleri hem ýüze çykyp, bu hem öz gezeginde agyzdan gelýän ysy güýçlendirip bilýändir.

Agyzdan ys gelme kynçylygy bolmadyk adamlarda hem käwagtlar ýakymsyz ys bilen baglanşykly kynçylyk döräp biler. Siziň köpüňiz, irden, ýaňy ukudan turan çagyňyz, demiňiziň tämiz däldigini duýýansyňyz. Bu ýagdaý, gije tüýküligiň az bölünip çykyp, agyz boşlugynyň guraýanlygy sebäpli bolup geçýär.

Şoňa meňzeş, agzyň guramagy, hünäri  köp geplemek bilen bagly mugallymlarda, kazyýetde işleýän aklawjylarda, aragatnaşyk ulgamyň işgärlerinde hem duş gelýär.

Megerem Siz, köp çilim çekýän adamlaryň deminiň özboluşly ysynyň barlygyny duýýansyňyz.

Çilimiň tüssesinde saklanýan nikotin, şepbeşik maddalar dişlerde we agyz boşlugynyň dokumalarynda (dulugyň iç ýüzi, diş etinde, dilde) toplanyp, ýaramaz ysyň çeşmesine öwrülip biler.

Ondan başga-da, çilimiň agzy guradyp, kadaly tüýküligiň bölünip çykmagyna täsir edýändigini ýatdan çykarmaly däldir.

Agyzdan ys gelmäniň sebäbine gulak-burun-bokurdak keselleri hem degişli edilip bilner.

Basyk, gulagyň, burnuň, ýüzüň açyk boşluklarynyň (gaýmorit, frontit) sowuklamasy, bronhit, öýken sowuklamasy ýaly keseller agyzdan ys gelmä getirip bilýändir.

Iýmit siňdiriş agzalarynyň kesellerini hem ýatdan çykaryp bolmaz. Sebäbi aşgazan sowuklamasy, aşgazanyň we onki barmak içegäniň baş keseli, saryň gaýnamagy, gägirmek, içiň geçmegi ýa-da tersine gatamagy bilen häsiýetlendirilýän içegäniň sowuklamasy hem agyzdan ys gelmäni döredip biler. Bu keselleriň hemmesi gastroenterolog lukmanyň bejergisini talap edýändir.

Bagryň käbir keselleri (gepatit, gepatoz, holesistit) hem-de alyş-çalyş ýagdaýlaryň bozulmagyda demiň tämiz bolmazlygynyň sebäbi bolup biler.

Öte geçen, dowamly keseller netijesinde agyzdan gelýän ys has ýakymsyz we güýçli bolup biler.  Şonuň üçin hem, dowamly keselden ejir çekýän bolsaňyz, onuň "öz-özünden geçmegine" garaşman, lukmana ýüz tutup, degişli bejerginiň berilmegi, ýakymsyz demi aradan aýyrmaga kömek edip biler.

Aýallarda hem, gormon üýtgeşmeleri netijesinde aýbaşynyň başlamagynyň öňýanynda agyzdan  ysyň döremegi ýüze çykyp biler.

Agyzdan gelýän ýakymsyz ysdan dynmak üçin, oňa getirýän keselleri aradan aýyrmakdan başga-da, dişleri, diş etini, dili dogry arassalamaga üns bermek wajypdyr.

Et, balyk, süýt önümleri ýaly, beloga baý iýmitleri kabul edilenden soň, agyz boşlugyny tämizlemek has hem möhümdir, sebäbi beloklar agyz boşlugynda köpelmäni halaýan anaerob (kislorodsyz şertlerde ýaşaýan) bakteriýalar üçin oňaýly iýmit çeşmesi bolup durýandyr.

Iýmitlenmeden soň, dişlerde we diş etinde bakteriýalara baý bolan örtükden dynmak üçin dişleri we diş etini diş çotgasy hem-de diş  sapagy bilen gowy arassalamalydyr.

Diş sapagyny ulanmagyň zerurlygy barada ýene belläp geçesimiz gelýär. Diş çotgasynyň baryp bilmeýän, dişara ýerlerini her gün gowy arassalamazdan,  agyzdan gelýän ýakymsyz ysdan dynmak örän kyn mesele bolup biler.

Diliňizi iýmit örtüginden arassalamaga çalşyň. Onuň üçin, diliň yzky tarapyndan (ýetip bilme mümkinçiligine görä) başlap, çotga bilen arassalama hereketleriňizi onuň öňki bölegine çenli dowam ediň. Hereketleriňiz diliň üstüne biraz basyjy häsiýetli bolmalydyr, ýöne diliň nemli bardasyny gyjyndyrmaz ýaly aşa güýçli bolmaly däldir.

Agyz boşlugyny tämizlemekde, Size ony arassalama çäreleri bilen birlikde, hlorid setilpiridony we sinki saklaýan diş pastasy we agyz boşlugyny suwuk görnüşli tämizleýjileri ulanmak hem peýdaly netijeleri berip biler.

Agzyň gigiýenasyny saklamak çäreleri bilen birlikde, demi tämizlemekde degişli kömegi narpyzly süýjüleri, sakgyçlary ulanmak, petruşkanyň ýapraklaryny ýa-da kofe dänelerini çeýnemek hem  kömek berip biler. Şonuň ýaly-da, gök çaýy, suwa garylan baly, narpyz bilen çopantelpegiň garyndysy ýakymly dem almagy üpjün edip biler.

Eger lukman agzyňyza diş protezlerini oturdan bolsa, ol Size olary  arassalamagyň usuly barada gürrüň bermelidir. Diş protezlerinde hem, bakteriýalaryň toplanýanlygy sebäpli, olary hem iç we daş ýüzünden diş ýa-da ýörite çotga bilen arassalanmalydyr. Arassalamadan soň, protezler ýörite arassalaýjy ergin (onuň görnüşini lukman maslahat berýär) bilen doldurylan gaba salynmalydyr.

Hünärmenler, günüň dowamynda köp mukdarda suwuň içilmeginiň hem agyzdan gelýän ysy gowşatmaga ýardam berjekdigini belleýärler.
Suw ýetmezçiliginde, beden ony saklamak maksady bilen tüýküligiň emele gelme mukdaryny hem peseldýär. Şonuň esasynda, az işläp çykýan tüýküligiň bakteriýalary "ýuwup" aýyrma häsiýeti gowşaýar we ysyň döremegine getirýär. Suwuň ýeterlik mukdaryny kabul etmek ýa-da kadaly agzy suw bilen çaýkamak kserostomiýadan ejir çekýänlere has hem zerurdyr.

Gelmintoz keselinden ejir çekýän çagalarda hem demiň ysly bolup biljekdigi barada maglumatlar bar. Bu barada, Zonguldak şäheriniň (Türkiýe) lukmançylyk uniwerstitetiniň barlagçylary geçiren barlaglarynyň esasynda habar berdiler. Barlagçylaryň bellemegine görä, içege gelmintozyndan ejir çekýän çagalaryň ene-atalary öz çagalarynyň agzyndan ýaramaz ysyň gelýändigini habar beripdirler.

Alymlar, çagalaryň agzyndan gelýän ýaramaz ysyň mugthor sebäpli, içegede täretiň saklanmagy netijesinde ýüze çykýar diýip düşündirýärler.

Demi tämizlemek çärelerini geçirmezden öň hökman stomatolog lukmanyna ýüz tutuň. Ol agyz boşlugyň kesellerini ýüze çykaryp, bejergi çärelerini geçirmäge, görkezme boýunça başga hünärmenlere ýüz tutmagy maslahat berip biler.

  • 15818 gezek okalan