• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Agyz boşlugynyň saglygy
  • HÄZIRKI ZAMAN DIŞ LUKMANÇYLYGYNDA TAÝÝARLANYLÝAN DIŞ PROTEZLERINIŇ GÖRNÜŞLERI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

HÄZIRKI ZAMAN DIŞ LUKMANÇYLYGYNDA TAÝÝARLANYLÝAN DIŞ PROTEZLERINIŇ GÖRNÜŞLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.51 (37 Ses)

Geçen asyrda stomotologiýanyň ortopediýa ugrunda dişleri üýtgedip salmakda köp üýtgeşiklikler bolup geçdi. Tehnologiýanyň ösmegi we täze materiallaryň döredilmegi bilen, dişleriň öz fiziologiki işini berjaý etmäge we tebigy görnüşlerini saklamaga mümkinçilik berýän birnäçe ylmy öňe gidişlikler amala aşyryldy. Mundan başga hem, diş protezleriniň äňiň kadaly işleýşini üpjün edip, ulanylan wagtynda oňaýsyz ýagdaýlaryň bolmazlygy üçin köp zatlar göz öňünde tutuldy we olaryň üstünde işlenilip gelinýär. Dişleriň protezirlenmegi agyz boşlugynda sagaldyş işlerini geçirmek bilen alynyp barylýar: protez ýasamak üçin ýaramlylygy bolmadyk zaýa, bozulan dişler sogrulýar, kariýes bilen şikeslenen dişler bejerilip, ýörite petikleýji serişdeler (plomba göýma) bilen petiklenýär.

Esasy ýetilmeli netijeleriň biri hem, protez ulanylanda oňa söýget berýän dişleriň özüne düşýän agramyny saklap bilmeklerini gazanmakdyr.

Ýygy ulanylýan protezleriň görnüşleri

Häzirki wagta, agyz boşlugynyň ýagdaýyna baglylykda protezleriň şu aşakdaky görnüşleri maslahat berilýär we ýasalýar:

► çykarylýan, ýagny äňde hemme dişleriň bolmadyk ýagdaýynda ýasalýan protezler;

► bölekleýin çykarylýan protezler, olar agyz boşlugynda bir ýa-da birnäçe dişler galan ýagdaýynda taýýarlanýar;

► çykarylýan býugel protezleri;

► metal gaplamalar;

► metalsyz plastmassa;

► keramika;

► metallokeramika;

► gaplama salnan dişler.

Haçanda näsag köp dişlerini ýitirip, protezleriň başga görnüşini ulanmaga mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda doly çykarylýan (rus. – sýemnyý) protezler ýasalýar. Agyz boşlugynda birnäçe dişler bolan ýagdaýynda bölekleýin protezler taýýarlanýar. Başga-da býugel (egilen ýaý ýa-da aý ýaly) protezi, çykarylýan kiçi (mikroprotez) we şertli protezler ulanmaga ýasalýar. Olaryň hemmesi plastmassa esasynda bolup, proteziň oturjak ýeriniň görnüşini gaýtalaýarlar. Her protez ýasalanda görnüşi boýunça kosmetiki talaplara deň gelip, näsagyň islegi hem göz öňünde tutulýandyr. Ol protezler ýasaýjy serişdeleriň hili boýunça birnäçe görnüşlerde bolup bilýändir.

Çykarylýan protezleriň her nahardan soň çykaryp hem-de ýuwup, hususy gigiýena çäreleriniň berjaý edilmegini talap etmegi – bu protezleriň ýetmezçilikli tarapy bolup durýandyr. Orta ýaşdaky adamlaryň birnäçe aýry-aýry dişleri ýiten ýagdaýynda çykarylmaýan protezler ýasalýar. Ol protezler dişleriň görküne owadanlyk bermek bilen iýmit çeýneme işini kadaly amala aşyrýarlar.

Häzirki zaman tehnlogiýanyň ösmegi çykarylmaýan protezleriň her hili görnüşlerini ýasamaga giň ýol açyp, olaryň fiziologiki işini kämilleşdirmäge goltgy berýär.

Häzirki wagtda ýeke gaplama, emeli dişler we köprigörnüşdäki protezler aýry-aýry ýasaýjy serişdelerden ýasalyp, metal (polat, gyzyl), serişdeleriň utgaşdyrylmagy (meselem, metal, plastmassa gaplama we dişleriň ýüz tarapyny örtmek (oblisowka) üçin plastmassa), keramika we metallokeramika ulanylýar. Protezlar dişe gaplamalaryň ýa-da implantat bilen berkidilýär. Çykarylmaýan protezlere ýene-de kiçi protezler (mikroprotez) degişli edilip, olar dişleriň şikeslenmesiniň derejesi boýunça petikler goýlup bolunmaýan ýagdaýynda dişe goýumjyklar (wkladki) we winirler (keramik goýumlar) bilen berkidilýär.

Protezleriň iň täze görnüşleri

Häzirki döwürde näsagyň dişleriniň tebigy görnüşine gabat gelýän we uzak möhletli hyzmat etmegi üpjün etjek täze serişdeleriň gözlegine köp üns berilýär.

1965-nji ýylda doktor Branemarkyň birinji gezek operasiýa geçirmegi bilen emeli dişleriň implantasiýasy (täze ýere oturtma) amala aşyryldy we özüniň gowy netijelerini berdi. 1983-nji ýylda stomotolog Mattsom Anderseniň stomatologiýada implantasiýa etmegiň täze ugruny öňe sürmegi bilen, her näsag üçin hususy implantantyň ýasalmagyna ýol açyldy. Soňra ol ugur Nowel Rçoseranyň usuly ady bilen, dişleriň görnüşine gabat gelýän ýokary hilli protezleri ýasamaga mümkinçilik döretdi.

2002-nji ýylda näsaglara implantaty we gaplamalary dişler sogrulandan soň, şol günüň özünde oturtmak amala aşyrylyp ugraldy.

Oturdylýan emeli titan kökleri aşaky we ýokarky eňekde doly çykarylýan protezler üçin hem daýanç bolup durýarlar.

Häzirki wagtda implantirleme tehnologiýasynyň kämilleşmegi bilen, titanyň süňk dokumalary bilen çalt sepleşip, implantirlenýän dişiň çalt dikeldilýändigi sebäpli, adamyň öz dişleri ýaly çeýnemegi gazanylýar. Implantasiýa degna ulgamyny, ýumşak we gaty dokumalary şikeslendirmezden amala aşyrylýar. Şikeslendirme dörän ýagdaýynda hem lazeriň kömegi bilen degna ulgamynyň, ownuk gan damarjyklarynyň çatylmagy bilen birlikde, agyry hem-de çişginlilik döreme ýagdaýynyň öňi alynýar. Protezler ýasalanda, her näsagyň äňiniň anatomiki aýratynlyklary göz öňüne tutulyp, onuň öz tebigy dişleriniň görküni saklamaga ymtylynýar. Häzirki wagtda ulanylýan protezlere allergiýa täsirliliginiň döremeýändigini we tagam, temperatura duýujylygynyň bozulmaýandygyny hem aýratyn bellemelidir.

Size proteziň haýsy görnüşiniň gerekdigini tejribeli, stomatolog-ortoped lukmany kesgitläp biler. Ýöne her diş protezi taýynlanylanda, adam bedeniniň mümkinçiliklerini göz öňüne tutup hem-de öz saglyk we maddy ýagdaýyňyza görä seljerip, lukmanyň maslahaty bilen belli bir netijä gelmelidir. Oňat ýasalan protez Size oňaýly çeýnemegi üpjün edip hem-de ýakymly, ynjalykly we saglygyňyz üçin howpsyz bolup, uzak wagt hyzmat etmelidir.

  • 9974 gezek okalan