• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Erkek saglygy
  • ERKEK ADAMLARY GYZYKLANDYRÝAN 11 SORAGA JOGAP

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ERKEK ADAMLARY GYZYKLANDYRÝAN 11 SORAGA JOGAP

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.31 (78 Ses)

Adamzadyň güýçli böleginiň "ikinji ýöregi" diýlip erkeklik jyns mäzine aýdylýan hem bolsa, erkek ujydyny hem esasy agzalaryň hataryna geçirip bolar. Bu agzanyň ululygy, işjeňligi onuň eýesiniň üns merkezinde bolup, erkek adamynyň özüne berýän bahasy, seksual durmuşynyň häsiýetnamasy oňa juda bagly bolup durýandyr. Uly ujydyň eýesi bolmak bolsa, uçdantutma hemme erkekleriň arzuwy bolup, bu ugurda dürli peýdaly ýa-da peýdasy şübheli bolan usullar ulanylyp bilner. Bu çynlakaý meselede aýdyňlyga ýetip, käbir düşünişmezlikleri aradan aýyrmak üçin birnäçe soraglaryň üstünde durup geçme peýdaly bolar.

1. Ujyt haýsy ýaşdan ulalyp başlaýar?

Erkeklik jyns agzasy takmynan 10-12 ýaşdan ösüp başlap, şu möhletden ýümurtgajyklar hem ulalyp, gasykda tüýler ösüp başlaýandyrlar. Ilkibaşdan ujyt uzynlygyna ulalsada, ol doly kemala geleninden soň, ýogynlygyna hem ulalyp başlaýandyr.

2. Adaty ýagdaýda ujydyň ortaça uzynlygy näçe?

Gowşan ýagdaýynda uly erkek adamynyň ujydynyň ortaça uzynlygy 5-den 12 sm. barabardyr. Sowuk howa hem-de emosional dartgynlylyk ýagdaýlary ujydyň uzynlygyny wagtlaýyn azaldyp bilýändir.

3. Ujydyň gönelen (ereksiýa) ýagdaýynda eýe boljak uzynlygyny onuň adaty, asuda ýagdaýynyň ululygy boýunça kesgitläp bolýamyka?

Ujydyň asuda hem-de gönelen ýagdaýyndaky uzynlygynyň görkezijileriniň arasynda hiç hili arabaglanşyk ýokdyr. Gönelen ýagdaýynda, adaty ýagdaý bilen deňeşdirlende onuň uzynlygy 10 – 150% aralygy ulalyp bilýändir.

4. Gönelen ýagdaýynda ujyt nähili uzynlyga eýe bolup biler?

Bu görkeziji her kimde her dürli bolup bilýndir. Gönelen halda onuň uzynlygy ortaça 12-14 sm-e deň bolup biler. Barlaglaryň görkezişi ýaly, bu ýagdaýda bu agzaň iň uzyny 30 sm-e, iň gysgasy bolsa 1,5 sm-e barabar bolupdyr.

5. Ujydyň ululygyny elleriň, aýaklaryň ululygy boýunça kesgitläp bolýarmy?

Başga beden agzalarynyň ululygy bilen ujydyň ululygynyň arasynda hiç hili arabaglanşyk ýokdur, ýagny onuň ululygyny elleriň, aýaklaryň ýa-da burnuň ululygy boýunça kesgitläp bolmaýar.

6. Ujydyň uzynlygyny derman gerdejikleriň, melhemleriň kömegi bilen uzaltmak mümkinmikä?

Şu güne çenli ujydyň ululygyna täsir edip biljek derman serişdeleri barada tassyklanan maglumat ýokdur. Hödürlenýän dürli derman serişdeleriň netijeliligi tassyklanmadyk bolup, olary hödürlemek gazanç etmäniň usuly bolup durýandyr. Ýetginjeklik döwründe, jynsy ösüşde yza galma anyklanylanda, erkeklik gormonlarynyň lukman tarapyndan ulanylmagy aýdylanlara degişli edilip bilinmez. Uly adamlarda bu gormonlaryň gözegçiliksiz ulanylmagy, ençeme gaýraüzülmelere getirip bilýändir. Olary diňe aýry ýagdaýlarda, görkezme bilen lukman belläp biler.

7. Ujydy ulaltmagyň netijeli usullary barmyka?

Ujydy hirurgiki usullaryň kömegi bilen ulaldyp bolýandyr. Ol maksat bilen baglaýjylar gasyk süňkünden ujyda geçirilip, ony 1-2 sm. uzaltmaga mümkinçilik döredilýändir. Netijäni berkitmek üçin, operasiýadan soň 6 aýlap ýörite ekstender abzalyny geýip gezme maslahat berilýär. Ekstender abzalyň bir tarapy ujyda geýdirilip, beýleki tarapy bolsa gasyk süňküne degip durandyr. Onuň kömegi bilen, günde 4-5 sagat geýlip gezilen ýagdaýynda, ujydy ýylda 0,5-1 sm-e çenli uzaldyp bolýandyr. Elbetde, netije kem-kemden gazanylýan bolsa-da, alnan santimetrler durnukly bolup durýandyr. Bu abzaly ýörite usul höküminde hem ulanyp bolýandyr.

Ujydyň ýogynlygy bedeniň başga ýerlerinden alnan ýag dokumasyny ujyda oturtma ýa-da oňa ýörite polimer torjagazyny “geýdirme" arkaly gazanylyp, onuň ýogynlygyny 1-2 sm. artdyrmaga mümkinçilik berýändir. Ulanylýan usula garamazdan, fiziologiki aýratynlyklara görä lukmanlar ujydy 4 sm-den artyk uzaltmazlygy maslahat berýärler.

8. Ýaşyň ulalmagy bilen ujydyň uzynlygy kemelýärmi?

Hawa, ýaşyň ulalmagy bilen ujyt kiçelýär. Şonuň ýaly-da, uzaga çekýän jynsy gowşaklykda hem onuň kiçelmegi ýüze çykyp bilýändir.

9. Erkek adamynyň agramy onuň ujydynyň uzynlygyna täsir edip bilýärmi?

Erkek adamyň agramy artyp, çanaklygynda ýagyň ýygnanma mukdary ýokarlandygy saýyn, ujydyň görünýän bölegi hem kiçelýändir. Beden agramy kada gelensoň, ujydyň uzynlygy başdaky görkezijilere gaýdyp gelip biler.

10. Wakuum pompasynyň kömegi bilen ujydyň ululygyna täsir edip bolýarmy?

Wakuum pompasy ujydyň töwereginde otrisatel basyşy döredip, onuň dokumasynyň uzynlygyna hem-de taraplaýyn süýnmegine täsir edip biler. Ýöne alynýan netijeler gysgamöhletleýin bolup, onuň ýygy ulanylmagy ujydyň damarlaryny zeperlendirip, gan ýygnanmalaryň emele gelmegine ýa-da ujydyň görnüşiniň üýtgemegine getirip biler.

11. Ýörite maşklaryň kömegi bilen ujydyň ulalmagyny gazanyp bolarmy?

Ujydyň mysşa süýümlerinden däl-de, gowak görnüşli bedenjiklerden ybaratdygy sebäpli, ýörite maşklaryň ýa-da owkalamalaryň kömegi bilen onuň ululygyna täsir etme synanşygy netijesizdir.

  • 33703 gezek okalan