Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

“MEN HEMIŞE ÝAŞ GÖRÜNMEK ISLEÝÄRIN...“

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.12 (33 Ses)

Zenanlar hemişe özlerine timar bermegi, owadan egin-eşikleri geýmegi, gymmatbahaly bezegleri dakynmagy halaýarlar. Emma gynansak-da ýaş "gidip barýar". Wagt geçýär, ýaşymyz ulalýar. Elbetde, tebigy taýdan bu hökmany bolmaly hadysalaryň biridir. Ýöne adamyň bedeni garrasa-da, onuň göwni garramaýar. Zenan maşgala bolsa öz gözelligini has uzak saklamak isleýär. Hiç bir zada aňsatlyk bilen ynanmaýan adamlar ýaşarmagyň mümkindigine müňkür bolýarlar. Ýöne biz şonda-da ýaşy 45-e ýetip, 25-30 ýaşly zenanlar ýaly görmegeý we ýaş görünmek isleýänlere bu babatda birnäçe peýdaly maslahat bermegi makul bildik.

1. Ilki bilen deriňiziň aladasyny etmeli.

Derini çyglandyrmak

Ýyl geldigiçe biziň derimiz goşmaça çyglandyrma mätäç bolýar. Çyglylygyň ýetmezçiligi zerarly derimiz terligini ýitirýär, ýygyrtlar emele gelýär. Ýygyrtlaryň öňüni almak üçin düzüminde gialuron turşulygy bar bolan kosmetik serişdeleri ulanmagy unutmaň.

2. Piling (deriniň gatan öýjüklerini aýyrmak).

Deriniň doly derejede täzelenmegine mümkinçilik beriň. Piling geçireniňizde, deriniň gatan, ýaramaz öýjükleri aýrylýar.

3. Dikeldiş

Diňe öýjükleri yzygider täzelenip durýan deri ter we ýylmanak bolýar. Muňa retinol-A witamini ýardam berýär. Düzüminde retinol bar bolan kosmetik serişdeleri hemişe ulanmalydyr. Mysal üçin gije çalynmaga niýetlenen adaty kremiňize A witamininiň 1-2 damjasyny garsaňyz bolar. A witamininiň ergini dermanhanalarda satylýar.

4. Deriniň garramagynyň öňüni almak.

Deriniň öýjüklerini şikeslenmeden we wagtyndan öň garramakdan antioksidantlar goraýar. Düzüminde gök çaýyň, üzümiň, naryň ekstraktlary, şeýle hem Q10 koenzimleri bar bolan kosmetik serişdelerini ulanmak maslahat berilýär.

Ýüze görk bermek üçin ulanylýan kosmetik serişdelerinden seresaplyk bilen peýdalanyň. Zenanyň ýaşy ulaldygyça, ol öz ýaşyna gabat gelýän kosmetik serişdelerini ulanmalydyr.

Pudrany ýa-da krem-pudrany ýüzüňize  gaty galyň edip çalsaňyz, deriňiziň kemçilikleri göze görnüp durar. Şol sebäpli hem ýüzüňize reňkli kosmetikany çalmazdan öň, ýeňil, suwuk görnüşli esas bilen ýüzüňizi ýylmaň.

Gabaklaryňyza ýiti reňkli kosmetik serişdelerini çalmakdan hem gaça duruň, açyk, çala bildirýän reňkleri ulanyň. Çal, mele reňkleri gabaklaryňyza çalsaňyz, siz has ýadaw, ýaşyňyzdan uly görnersiňiz.

Dodaklar üçin ulanylýan kosmetik serişdelerini hem oýlanyşykly ulanyň. Goňur, goýy ýa-da üýtgeşik bir reňkli pomadalary ulanmasaňyz, has ýaş görnersiňiz. Dodaklaryňyzyň çyglylygyny kadaly derejede saklajak reňklerden peýdalanyň.

Zenan maşgala aýratyn bezeg berýän zatlaryň biri hem onuň saçydyr. Has görmegeý we ýaş görünmek üçin saçlara timar bermek örän ähmiýetlidir. Saçlaryňyzy reňklemegi unutmaň. Elbetde, tebigy reňkleri ulanmak has peýdalydyr (hyna, basma we ş.m.). Saçlaryňyzyň şikeslenen uçlaryny gyrkyp aýyrmagy, wagtly-wagtynda saçlaryňyzy emaý bilen daramagy endik ediniň.

Saçyňyzy öz tebigy reňkinden biraz açygrak reňke boýasaňyz hem, siz ýaşaran ýaly görnersiňiz, ýüzüňiz açylar.

Beden we fiziki taýdan ýaşarmak isleseňiz, bu meselä hemmetaraplaýyn çemeleşiň.

  1. Dogry iýmitleniň. Aç gezip ýörmegiň zerurlygy ýok. Çen bilen iýmitlenip 3-5 kg horlansaňyz, özüňizi has oňat we ýeňil duýarsyňyz.
  2. Her günüň dowamynda 2 litr arassa gazlandyrylmadyk suw ýa-da ýokary hilli gök çaý içiň.
  3. Poliwitaminleri yzygider içiň (hut size laýyk gelýän witaminleri siziň maşgala lukmanyňyz bellemelidir).
  4. Dişleriňize üns beriň. Adamlaryň 70% ilki bilen söhbetdeşiniň dişlerine üns berýär. Bu siziň umumy sagdynlygyňyz üçin hem ähmiýetlidir.
  5. Daşary çykanyňyzda ultramelewşe şöhlelerinden goraýan kremlerden çalyň. Bu gyş günlerinde-de ähmiýetlidir.
  6. Gün tertibiňizde fiziki maşklara hem ýer goýuň. Ýöremek, suwda ýüzmek, ýoga bilen meşgullanmak örän peýdalydyr.

Durmuşda şatlanmagy başaryň

Öz aňyňyzy, pikirleriňizi oňat we ýakymly zatlara gönükdiriň. Hemişe gyzykly iş bilen meşgullanyň. Her bir iş size şatlyk getirmelidir.

Beýniňiziň işjeňligini artdyrmak üçin köpräk okaň, dil öwreniň, krossword düzüň we çözüň, küşt oýnaň.

Esasy bellemeli zatlaryň biri hem adamyň söýüp we söýlüp ýaşamagydyr. Kalby päk, ýüregi söýgüden doly ynsanlaryň ýüzi nur saçýar. Şeýle adam diňe bagtly bolany üçin gün-günden ýaşarýar, töweregindäkilerde hem ýaşaýyşa bolan islegi artdyrýar!

  • 7730 gezek okalan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Duwurtiklerden nadip dynmaly maslahat beriñ

Merjen
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Ynsan asa doyup iymeli dal asgazan 3e bolmeli bir bolegi nahar bir bolegi suw bolsa bir bolegi hem howa bolmaly

bagt
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Durmus dowam edyar eger-de durmus sizin isleginize gora bolmasa onda siz durmusyn islegine gora yasamaly yone yylgyrmagy unutmaly dal

bagt
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Yylgyrys dunyanizi bezesin

bagt
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Duyurtigi nadip ayyrmaly lukman aga maslahat berayin

Kuwwat
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Durtuk nadip ayyrmAly

Kuwwat
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Ýaş görünmegi akylly başly ynsanlaryň hemmesi arzuw edýärler. Emma her bir zadyň öz aladasy bar. Oňa döz gelmek köplere başardanagam. Şonuň üçin olaryň arzuwlary hyýal bolup galaýýar.

Röwşen.
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Bizde türkmenlerde özüňi ýaş we owadan saklamak endigi obada ýa-da şäherde bolsun erkekleriň köpüsi diňe aýal-gyzlara mahsusdyr öýdýärler.Emma indi döwür üýtgedi. Daşary ýurtlarda erkekler hem aýal-gyzlar ýaly gelşikli, tämiz görünýärler. Sebäbi...

Bizde türkmenlerde özüňi ýaş we owadan saklamak endigi obada ýa-da şäherde bolsun erkekleriň köpüsi diňe aýal-gyzlara mahsusdyr öýdýärler.Emma indi döwür üýtgedi. Daşary ýurtlarda erkekler hem aýal-gyzlar ýaly gelşikli, tämiz görünýärler. Sebäbi olar hem gerek boldugyça kosmetik serişdeleri ulanýarlar.

Dowamy
Ildeş.
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

"Görk agyzdan girer" diýip ýöne ýere köneler aýtmandyrlar ahyryn. Işdäňi açýan peýdaly, ýakymly zatlary iýip, gowy aýal bilen ýaşasaň, çagalaryň bilen agzibir bolsaň, hany wagtyndan öň garrajagam bolup gördä.

Sona.
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Häzirki döwürde owadan eşikde, kosmetiki serişdeleri ulanyp ýaşaýan türkmen aýal-gyzlaryna buýsanýarsyň. Sebäbi başarjaňlyk we höwes bilen serişdeleri ulanmak oňat netije berýär ahyryn.

Haknazar.
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location