Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ENDAMDA DÖREÝÄN DÜWÜRTIKLER: SEBÄPLERI WE ÇÄRELERI
Düwürtik diňe ýüzde çykmaýar. Gyzarmalar we düwürtikler bedeniň islendik ýerinde ýüze çykyp bilýär, olar esasanda arkada, döşde we gollaryň ýokarky böleginde köp duşýarlar. Bedendäki düwürtikler kä adamy gijäp ýa-da agyryp bimaza etseler, käbirlerinde ýygralyga sebäp bolýarlar.
Endamdaky düwürtik näme?
Düwürtik örän giňden ýaýran dermotologik mesele bolup, ähli ýaşdaky adamlara täsir edýär. Düwürtikler deridäki ýaglaryň (sebum) we deriniň öli öýjükleriniň [deri deşijeklerini] (deri deşijekleri) dykmagy netijesinde emele gelýärler. Düwürtikleriň ujy ak, gara, gyzyl ýa-da tümmejik görnüşinde bolup bilýär.
Ýüzünde düwürtik çykýan adamlaryň ählisiniň bedeninde-de düwürtik bolmaýar, emma bu iki deri meselesi köplenç bilelikde ýüze çykýar. Köp kişi düwürtikleri ýetginjeklikde başdan geçirýär, çünki bu döwürde üýtgäp duran gormonlar deriniň aşa köp ýag öndürmegine getirýärler. Eger düwürtikler aşa köp bolsa we bejerilmese, olar aýrylansoň hem deride yzlary galyp bilýär. Ýetginjeklik düwürtikleri adatça 20 ýaşlaryň içinde aýrylyp gidýär, emma käbir adamlarda olar uly ýaşda hem häli-şindi çykyp durýar.
Düwürtikleriň görnüşleri
Dermatologlar düwürtikleri üç görnüşe bölýärler: ýeňil, aram we agyr görnüşi.
Ýeňil görnüşli düwürtikleriň adaty, meselem aýbaşyň başlamanka ýa-da strese düşen mahalyň çykýan düwürtige meňzemegi ahmal. Bu düwürtikler deriniň iň üstki gatlagyna ýakyn ýerleşýän kiçijek digirler ýa-da düwürtijekler bilen häsiýetlendirilýär. Bular çişen ýa-da çişmedik bolup bilerler.
Aram görnüşli düwürtikler ujy ak, ujy gara, çişen we gyzaran düwürtikleriň ençemesinden düzülýärler. Çişleriň käbiri ýokançly bolup, aram görnüşli düwürtikler arkada we döşde hem ýüze çykyp bilýär.
Agyr görnüşli düwürtikler welin düwürtikleriň ähli görnüşini, şol sanda has çuň düwünleri, ýokançly bolmagy ähtimal bolan aşa dykylan deşijekleri we deriniň aşagyndaky kiçi çişmeleri öz içine alyp bilýär. Ýüzüň, döşüň we arkaň derisi adatça gyzarýar we çişýär.
Endamdaky düwürtikleriň esasy sebäpleri
Edil ýüzdäki düwürtikler ýaly, bedendäki düwürtikler hem esasan gormon üýtgeşmeleri we mäzleriň aşa köp mukdarda ýag öndürmegi netijesinde döreýär. Gormonal kontraseptiwler, bodibilderleriň ulanýany ýaly kuwwatlylygy güýçlendiriji serişdeler, ýumurtgalyklaryň polikistoz sindromy ýaly ýagdaýlar hem düwürtikleriň döremegine eltip biler. Genetik faktorlar, iýmitlenme we hereketlilik endikleri, daşky gurşaw, şeýle-de käbir alawlandyryjy keseller hem sebum önümçiligini ýa-da deriniň irmesini ýokarlandyryp, düwürtikleriň ýüze çykmagyna goşant goşup bilýärler.
Endamda düwürtikleriň çykmasynyň töwekgellik faktorlary
Her bir adamyň bedeninde düwürtik çykyp bilýär, emma käbir ýagdaýlar olaryň döreme ähtimallygyny ýokarlandyrýar. Bulardan habardar bolmak saňa onuň öňüni almaga kömek eder.
↪ Yzygiderli fiziki basyş – Dar ýa-da gysýan rezinli eşikleri geýmek.
↪ Köp derlemek, esasan hem deriň howa geçirmeýän eşikleriň aşagynda saklanyp galmagy.
↪ Käbir kosmetika önümleri, esasan-da agyr tonalnyý kremler deri deşijeklerini dykyp bilýärler. Kosmetika saýlanyňda ýagsyz, düwürtik döretmeýän we deri deşijeklerini dykmaýan (iň: "non-acnegenic", "noncomedogenic") önümleri gözle.
↪ Aýbaşynyň öňýanynda gormon derejeleriniň ýokarlanmagy.
↪ Käbir derman serişdeleri, meselem kortikosteroidler.
↪ Käbir iýmitler, meselem, gaýtadan işlenilen iýmit önümleri beden üçin, şol sanda deri üçin hem peýdaly däl. Şonuň üçin, tebigy, bitin we dürli reňkli gök-önümlere baý iýmitleri kabul et.
Endamdaky düwürtikleri nädip aýyrmaly?
Deriňi dörjelemek ýa-da düwürtikleri gysmak olaryň deride yz galdyrmagyna eltýär. Uly düwürtikleri ýarmazlyk ýa-da dykylan deşijekleri gysmazlyk hernäçe kyn düşse-de, olara el degirmek bilen düwürtikdäki mikroblary deriň başga ýerlerine ýaýratmagyň mümkin. Ondan başga-da:
↪ Benzoilperoksid, salisil kislotaly mazlar we retinoidli kremler ýaly tropiki serişdeler dykylan deşijekleri açyp, mikroblary azaldyp bilýärler.
↪ Rahat we howa geçirýän eşikleri geý, derläniňden soňra haýal etmän eşikleriňi çalşyp ýuwun, ýokumly iýmitlen we ýeterlik suw iç.
↪ Derini irizmeýän, deşijeklerini dykmaýan we düzüminde ýag saklamaýan deri we kosmetika önümlerini saýla.
↪ Eger beýleki usullar netije bermeýän bolsa, lukmana ýüz tutmakdan ýaýdanma. Lukman saňa iň laýyk gelýän bejergini saýlamaga kömek eder.
- 49 gezek okalan