Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

FEROMONLAR: SÖÝGI HYJUWYNYŇ YSY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.37 (38 Ses)

Adatça, feromonlar barada gürrüň gidende, olardan bihabar adamlar parfýumeriýa önümlerini göz öňüne getirýärler. Hakykatda bolsa, ol adamyň derisinde ýerleşýän ýörite mäzleriň işläp çykarýan himiki maddalarydyr. Tebigatda feromonlaryň dürli görnüşleri gabat gelse-de, olaryň arasynda söýgi hyjuwyny güýçlendirýän görnüşleri esasy orunda durýar. Parfýumeriýa önümçiliginde emeli usul bilen alnan feromonlar (olary "attraktantlar" diýip hem atlandyrýarlar) atyrlaryň düzümine goşulýan, garşydaş jynsdaky adamlaryň ünsüni çekýän, ýakymly ysly maddadyr.

FEROMONLAR NÄHILI TÄSIR EDÝÄRLER?

Biziň bedenimiz feromonlary üznüksiz bölüp çykaryp durýar. Olar bedenimiziň dürli emosional we fiziki ýagdaýynyň üýtgemesine jogap höküminde işläp çykarylýar. Feromonlaryň ysy bildirmeýär. Ys alyş agzalary olary anyk seljermäge ukyply bolmasa hem, burun boşlugynda ýerleşýän ýörite reseptorlar olary nerw ulgamynyň belli bölümlerine geçirmäge kömek berýärler. Diňe emosiýalar, duýgular we islegler döreýän aň derejesinde biz olary aňşyrmagy başarýarys.

Feromonlar dürli-dürli bolýar. "Položitel" feromonlar bedenden keýpimiziň gowy, rahat wagty, özümize ynamymyz ýokary bolanda, dogry iýmitlenip, sagdyn durmuş ýoluny berjaý edenimizde bölünip çykýar. "Položitel" attraktantlaryň töweregindäki adamlary özüne çekmek, ýakymly duýgy döretmek ukyby bar. Ýöne şonuň bilen birlikde "repellentler" diýip atlandyrylýan, "otrisatel" feromonlar hem bardyr. Olar gaharly, biynjalyk, öz güýjüňize bolan ynam gowşanda we gorky duýgusyny başdan geçirenimizde ýüze çykýarlar. "Repellentleriň" bölünip çykmagy töwerekdäki adamlaryň size biperwaý, ynamsyz garamagyna getirip biler.

Erkek adamlara hem, aýallara hem mahsus feromonlar bardyr. Erkek adamlaryň feromonlary "androsteronlar", aýallaryňky bolsa "kopulinler" diýip atlandyrylýar. Hut şol feromonlar hem jynslary biri-birine çekmäge we ysnyşdyrmaga ýardam berýän, bioligiki işjeň maddalar bolup durýarlar. Alymlaryň anyklamagyna görä, jyns gormonlary hem belli bir derejede feromonlaryň häsiýetine eýe bolup bilýärler.

Olary öý şertlerinde, emeli ýol bilen öndürmegi başaran ýok. Bu feromonlar parfýumer önümçiliginde çäkli görnüşde çykarylyp, gymmat baha parfýumeriýa serişdelerini öndürmekde ulanylýar.

FEROMONLARYŇ ORNUNY TUTUJY SERIŞDELER BARMY?

Feromonly gymmat baha atyrlary satyn almaga hemme adamlaryň mümkinçiligi ýok. Ýöne "afrodiziaklar" diýip atlandyrylýan maddalar bolsa hemmeler üçin elýeterli bolup biler. Olaryň täsirini adam bedeniniň işläp çykarýan attraktantlaryna deňäp bolmasa hem, gadym döwürlerden bäri olar söýgi hyjuwyny güýçlendirmek üçin ulanylypdyrlar. Şol serişdeleri dogry ulanmagy başarsaňyz, söýgi duýgusyny äşgär etmekde ýeňiş gazanyp bilersiňiz.

Feromonlaryň häsiýetine mahsus häsiýetli maddalaryň hatarynda sibetin, müşk, şokolad, wanil, lawanda we bägül ýaglaryny, sandal we paçuli ýaglaryny belläp geçmek bolar.

Müşk – gadym döwürden bäri tanalyp giňden ulanylýan maddadyr. Ol gibiskus ösümliginiň dänelerinde we dýagilýanyň köklerinde duş gelýär. Häzirki döwürde adatça, emeli usul bilen alnan müşk ulanylýar.

Sibetin – güýçli müşk ysly, käbir haýwanlarda işlenilip çykarylýan maddadyr.

Dürli ösümliklerden alynýan efir ýaglarynda hem attraktantlaryň ornuny tutup bilýän alamatlar bardyr. Bular ýaly ösümliklere: žasmin, lawanda, mindal (badam), paçuli, limon, rozmarin, geran, gwozdika, narpyz, sandal we bergomont ösümlikleri, arça, kedr degişlidir.

Ýokarda agzalan serişdeleri ulanyp, siz garşydaş jynsyň ünsüni çekip bilersiňiz. Ýöne feromonlara mahsus häsiýetli önümleri nähili görnüşde ulansaňyz hem, olar sizi öz bolşuňyzdan gowy, gözel, ýakymly edip görkezmäge ukyply däldir. Olar sizi diňe wagtlaýyn özüne çekiji, islenýän edip görkezip, hakyky, çynlakaý düýgülaryň ornuny tutup bilmezler.

  • 7165 gezek okalan