Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
DEMENSIÝANYŇ ÖŇÜNI ALYP BOLÝARMY?
Köp adamlar demensiýanyň öňüni alyp bolýan keseldigine ynanmaýarlar, emma täze çykan hasabat demensiýanyň döremesine böwet bolup ýa-da ony gijikdirip bolýandygyny görkezdi.
Adamlaryň ömür dowamlylygy uzadygyça, dünýä ýüzünde demensiýa bilen ýaşaýanlaryň sany hem artýar. Şu ýyl The Lancet žurnalynda çap edilen demensiýanyň öňüni alyş, interwensiýasy we idegi boýunça hasabata görä, bejerilmedik körlük we ýokary holesterin demensiýanyň döremesi üçin töwekgellik faktorlarydyr.
Töwekgellik faktorlary: orta ýaşda ýokary holesterin, bejerilmedik körlük, fiziki hereketsizlik, çilim çekmek, aşa semizlik, gipertoniýa, kerlik, depressiýa, süýji keseli, aşa alkogol içmek, beýniniň şikeslenmesi, hapa howa, pes bilimlilik, we sosial üzňelik.
Ömrüň dowamynda bu töwekgellik faktorlaryna çäre görmek arkaly demensiýa hadysalaryny 45% azaldyp ýa-da gijikdirip bolar.
Maslahatlar: Hasabatda demensiýanyň döreme töwekgelligini azaltmak üçin 13 sany maslahat berilýär. Olaryň esasylary: görşüň we eşdişiň ýitmegini özwagtynda bejermek, damar ulgamyna düşýän agramy azaltmak we fiziki hem aň taýdan işjeň ýaşamak.
- 113 gezek okalan