• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Sagdyn garrama
  • TÜRGENLEŞEN MYŞSALAR GARRYLYGA ÇENLI JUWANDYRLAR

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÜRGENLEŞEN MYŞSALAR GARRYLYGA ÇENLI JUWANDYRLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.93 (14 Ses)

Ýylyň islendik paslynda her bir erkek adama ynamlylyk berýän zat nämedir öýdýärsiňiz? Elbetde, gujur-gaýrat! 

Söýgüli aýalyny garraýança ellerinde götermek isleýän her bir erkek kişi hemişe gujur-gaýratda bolmagyň arzuwandydyr. Kimdir biriniň bu zatlar biderek diýip pikir etmegi hem ahmal. Ýöne onuň bu pikiri düýbünden nädogrudyr!

Adamyň ýaşyna garamazadan, her ýaşda-da berdaşly we çydamly myşsalary edinse bolýar. Alymlar gartaşan myşsalaryň gujur-gaýratyny, işjeňligini agram götermek arkaly saklap bolýar diýip hasaplaýarlar. Bu babatda daşary ýurtly hünärmenler tarapyndan köpsanly barlag işleri geçirildi.

Kimdir biriniň bu nämä gerek diýmegi mümkin. Garrap, tapdan galansoň, agyr ýükleri götermeli däl-de, baglary, gülleri suwarmaly diýerler. Emma gerontologlar bütenleý başgaça pikir edýärler (gerontolog – bu garrylyk we adam ömrüni uzaltmaklyk meseleleriniň üstünde işleýän alym). Gartaşan erkek özüni ýaş wagtyndakysy ýaly garaşsyz duýasy gelýär. Hojalyk işlerinde bir bedre suwy hiç kime haýyş etmän, özi getirende, garry özüni ynamly duýýar. Özüni şeýle ynamly duýýan garry hüňürdeýän-de däldir. Ol hatda indiki ýaşlaryň terbiýesiz ösýändigini tankytlap-da duranok. Gartaşan adam özüniň fiziki başarnyklaryny tapdan galan ýaşytdaşlary bilen  deňeşdirende, onuň öz-özüne bolan ynamy artýar. "Gördüňmi, men nähili zor-a! Goňşym bolsa lagşap gidipdir" diýip, öwnüp-de bilýär.

Gujur-gaýraty bilen öwünmegi halaýan erkekler myşsalarynyň güýjüni, çydamlylygyny türgenleşdirmelidir. Lukmançylyk hünärmenleri agramly daşlary götermek bilen edilýän maşklaryň saglyga oňaýly täsiriniň bardygyny anykladylar. Beden türgeneşigi maşklar arkaly ýaşlykda başlanylsa has-da oňatdyr. Ýöne halk arasynda «Hiçden giç ýagşy» diýen nakyl hem bardyr.

 

Ýüregi türgenleşdirmek

Agyrlyklary götermeklik ýürek-damar ulgamynyň işini sazlaşdyryp gowulandyrýandygy käbir alymlar tarapyndan anyklanyldy. Olar agramly daşlary götermek bilen edilýän maşklardan soň gandaky holesteriniň derejesiniň peselýändigini ýüze çykardylar. Belli bolşy ýaly, holesteriniň köp mukdarda bolmagy beýnä gan urmagynyň, ýürek infarktynyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Holesteriniň türgenleşik wagtynda näme üçin azalýandygy alymlar üçin hem entäk doly aýan däl. Olar munuň sebäbi barada birnäçe çaklamalary aýdýarlar. Birinjiden, agramly daşlary götermek bilen maşk edýän adamyň agramy azalýar we onuň endamyndaky ýagyň mukdaryň kemelýär. Belki, şu sebäbi görä gandaky holesteriniň mukdary kemelýän bolmagy ahmal.  Ikinjiden, çydamlylygyň artmagy bedeniň himiki düzümine täsir edýärler.

Türgenleşik mahaly myşsalar kuwwaty köp mukdarda sarp edýärler.  Bedeniň myşsalar agramy näçe köp bolsa, adamyň organizmindäki maddalaryň alyş-çalşygy şonça-da tizleşýär.

 

Süňkleri beketmek

Adam haýsydyr bir agyr zady göterende, süňklerine düşýän agramy artdyrýandyr. Munuň netijesinde süňklerde mineral maddalaryň mukdary artýar. Bu bolsa öz gezeginde süňkleriň bekemegine ýardam edýär. Sebäbi bilşimiz ýaly, garrylyk döwründe azar berýän osteoporoz ýa-da süňkleriň portlugy olaryň düzümindäki mineral maddalaryň ýitirilmegi netijesinde ýüze çykýar.  Alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijesinde agramly daşlary göterip türgenleşýän adamlaryň süňkleriniň dokumalary beýleki adamlaryňkydan has dykyz bolýandygy mälim boldy. Şonuň üçin-de mümkin boldugyndan, beden türgenleşiklerini yzygiderli ýagdaýda geçirmek saglyk üçin peýdalydyr.

 

Türgenleşige başlamazdan öň birnäçe peýdaly maslahatlar.

  1.  Hökmany suratda lukman bilen maslahatlaşyň. Eger-de ol sizde osteoporozyň alamatlarynyň bardygyny anyklasa, siz üçin ýörite ýeňilleşdirilen maşklar toplumyny düzmeli bolar.
  2. Eger-de siz heniz agramly daşlary götermek arkaly türgenleşip görmedik bolsaňyz, onda ýöriteleşdirilen sport toplumyna baryp, tälimçä ýüz tutuň. Ol size türgenleşigiň inçe tilsimlerini öwreder. Soňabaka siz özbaşdak hem türgenleşip bilersiňiz.
  3. Agram daşlaryny götereniňizde, islendik beýleki işlerde bolşy ýaly dem alyň. Maşklary ýerine ýetirip bolýançaňyz, birsydyrgyn dem alyň. Demiňi saklamak saglyk üçin zyýanlydyr. Sebäbi gan basyşyň ýokarlanmagy mümkindir.
  4. Agramly türgenleşikleri ýeňil zatlary götermekden başlamaly. Türgenleşikleriň hepdedäki sany hem çäkli bolmalydyr. Birbada 10-15 gezek daş götermek ýetirlikdir. Soňabaka ýuwaş-ýuwaş köpeldiberiň.  
  5. Güýji köpeltmek üçin köp wagt gerek däldir. Onuň üçin iki-üç hepde ýeterlikdir. 2-3 aýyň dowamynda arakesmesiz türgenleşseňiz, myşsalaryňyzyň gujur-gaýraty size söýgüli aýalyňyzy berdaşly gollaryňyzda götermäge mümkinçilik döreder. Gazanan üstünlikleriňizi ýokary derejede saklamak isleseňiz, hemişe agramly daşlary göterip türgenleşmegi dowam etdirmeli bolarsyňyz. Sebäbi çalt gelen gujur-gaýrat çalt-da gidip biler.
  6. Öz-özüňize zor salmaň. Özüňize laýyk agramy we göwnüňize ýaran zatlary göteräýiň. Ganteleni halamaýan bolsaňyz, alyň eliňize ýekedabany! Esasy zat göterýän agramyzyň daş keşbi däl-de, olary göterip, yzygiderli türgenleşip durmakdyr.
  7. Ýene-de esasy maslahatlaryň biri-de — göteren agramly zadyňyzy emaý bilen ýere goýmak. Munda çydamlylygy beketmegiň bar syry ýatyr. Eger siz ele alan daşyňyzy „üç-de” ýokary göteren bolsaňyz, ony dörde çenli sanaňyzda ýere goýmaly. Agyr zatlar emaý bilen ýere goýlanda, myşsalaryň terslin gysgalmalary bolup geçýär. Bu bolsa olaryň çydamlylygy artdyrýar.
  8. Agyrlyk daşlaryny islendik ýaşda-da göterse bolýandyr. Bu babatda myşsalaryň dokumalary örän täsindir. Olaryň çalt uýgunlaşmaga, ýagny 40, 60 ýa-da 90 ýaşda-da çydamlylygyň artdyrmak häsiýeti bardyr.  

 

Amerikanyň Massaçusets ştatynyň Taft uniwersitetiniň hünärmenleri haýran galan märekäniň öňünde agram daşlaryny götermek arkaly türgenleşdirilen myşsalarynyň göwrüm kuwwatynyň 100%-den 200%-e çenli artan 90 ýaşly garrynyň çykyşlaryny guradylar.

Ulanylan WEB Salgy

  • 6065 gezek okalan