Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ZENAN DUÝGURLYLYGYNY ÝOKARLANDYRMAGYŇ SYRLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.16 (80 Ses)

Isleglerine garamazdan, erkekleriň hemmesi aýallaryna jynsy gatnaşyklarynda hakyky, lezzetli duýgulary peşgeş bermäge ukyply däldirler. Erkek adamlaryň köpüsi jynsy gatnaşyklaryny geçirmegiň ýagdaýlaryna, usullaryna, tehnikasyna üns berýän bolsalar hem, aýal bilen bolan bu gatnaşyklarynyň emosional, duýgurlylyk tarapyna az üns berýärler ýa-da asla ony ünsden düşürýärler. Köp erkek adamlaryň pikiriçe, jynsy birleşmeden öňki oýunlar, sypalamalar, posa alyşmalar gerekmejek wagt geçirmeler diýip hasaplanýar. Aýal maşgalanyň teni juda duýgur, erogen nokatlaryna baý bolup, emosional duýgulary başdan geçirme, özi bilen bolup geçýän seksual hadysalarynyň jadylaýjy akymyny duýma talaby olar üçin wajyp bolup durýandyr.

Aýal maşgalany jynsy birleşmä çenli emosional taýdan taýynlamazlyk, onuň beden duýgurlylygyny ýokarlandyrma ymtylyşa üns bermezlik aýal tarapyndan orgazmyň (jynsy gatnaşykdan alynýan lezzetlilik duýgusy) duýulmazlygynyň, jynsy gatnaşyklaryň agyryly bolmagynyň sebäbi bolup biler. Bu soraglar babatda aýalyň ýa-da onuň adamsynyň sowatsyz bolmagy seksual taýdan aýalyň sowuklygyna, jübütleriň arasyndaky jynsy gatnaşyklarynyň duýgusyz, bir akymda, birmeňzeş, "gurak" alnyp barylmagyna getirip, är-aýalyň biri-birine bolan ýakynlygyna, ruhy birleşiginiň berkligine ýaramaz täsir edip biler.

Aýal üçin lezzetlilik duýgusy näme?

"Lezzetlilik, lezzet almak" sözi başdan geçiren ýakymly duýgularyňdan hoşal bolmagy, kanagatlyk tapyp begenmegi aňladýandyr. Aýallar duýgulary has güýçli we täsirli başdan geçirýändikleri sebäpli, olar erkek üçin ujypsyz bolup görünýän kiçijik hereketlere hem uly täsirlilik we duýgy bilen jogap berýärler. Öz söýgüli ýaryňy garaşylýan jynsy gatnaşyklara taýynlamak üçin onuň göwnüni götermelidir. Onuň üçin bolsa onuň halaýan zadyny alyp, kiçijik sowgatlary gowşurma, halaýan aýdymçysynyň konsertine ýa-da görmek isleýän teatral oýnuna çagyryş petegini alyp gowşurmak ýerlikli bolup, onuň ýüregine saýlanan "açar" bolup hyzmat edip biler.

Aýal maşgalanyň emosional meýliniň döremegi bilen jynsy ýanaşma başlamaga mümkinçilik açylýar. Ýöne erkek adamlaryň hersiniň bu soragda öz düşünjeleri bolýar. Köpler aýal maşgalanyň jynsy gatnaşyklardan lezzet alma mümkinçiligini diňe orgazm duýgusy bilen baglanyşdyrýarlar. Bu beýle däldir. Näzik zenan teni şeýle duýgur bolup, söýgüli adamsynyň islendik sypalamasy aýalda täsin, ýakymly, maýyl ediji duýgulary döredip biler. (Zenan bedeniniň syrly nokatlary barada doly maglumaty saýtymyzda ýerleşdirilen "Men Seni duýýaryn" atly makaladan okap bilersiňiz).

Erkek adam sypalamalar, mylaýym çemeleşmeler, ýakymly, söýgüden doly sözler bilen gyjyndyrylan aýal maşgalanyň oňa bütinleý hemme söýgüsini bermäge taýyndygyny ýatda saklamalydyr.

Söýgülimiň sesi

Pynhan gatnaşyklarda öz söýgülisiniň sesinden hem aýal maşgala az lezzet alanok. Söýgüli ýary mylaýym, gulaga ýakymly sözleri pyşyrdanda zenan ýüregi ereme bilen bolýar. Dyňzap gelýän islegiň täsiri bilen köplenç erkek adamlar aýalyň "gulagy bilen gowy görýändigini" ýatdan çykaryp, uruşdaky sorag edilýän partizan kimin sesini çykarman aýaly jynsy ýanaşma "çagyrýarlar".

Öz söýgüsini bildirýän sözleri aýdyp eretmegiň ýerine, köplenç erkek adamlar sesini çykarman aýalynyň eşiklerini çykaryp ugraýarlar. Gulaga ýakymly birnäçe jümleleri aýdyp, söýgüli ýaryňyzy jadylaň. Meselem, "Seniň owadandygyňy!", "Saňa seretme nähili ýakymly!" diýen jümleler söýgüliňiziň ýüregini eredip, ony heýjana getirer. Söýgiňizi bildirýän sözleri aýdanyňyzda ünsli boluň. Zenanyň hakykatdan hem siziň pikiriňizçe owadan we sizi özüne çekýän beden agzalaryna seredip öwgüli sözleri aýdyň. Meselem, gözleriniň owadanlygyny, ýüpek saçlaryny, görmegeýligini. Tersine bolanda, ol sizi özüniň üstünden gülýändir diýip pikir etmegi mümkin.

Eger siziň söýgüli zenanyňyz dolmuşja bolsa, oňa ol barada aýtmagyň geregi ýokdur. Onuň ýerine onuň bedenini nähili halaýandygyňyzy, onuň bedeniniň görnüşiniň çekilen suratlardaky gözel zenanlaryňka kybapdaşdygyny belläp öwüň. Eger siziň söýgüli ýaryňyz tersine, hortomsy bolsa, ol barada hem aýtmagyň asla geregi ýokdur. Onuň siz üçin "kiçijik, naşyja, goragsyz guşjagaz" bolup, ony hemişe goramagy isleýändigiňizi duýdursaňyz dogry bolar.

Jüpüne düşýän, siziň duýgularyňyzy bildirýän mylaýym, öwgüli sözleri ýerinde sözleme hem zenan ýüregini eýelemegiň bir usulydyr.

Ys lezzeti

Aýal maşgalanyň seksual duýgurlylygyny söýgüli erkek adamsynyň bedeniniň ysy hem ýokarlandyryp bilmäge ukyplydyr. Erkek adamdan gelýän deriň ýa-da çilimiň ysynyň hem gyjyndyryp biljekdigi baradaky pikirler nädogrydyr. Ýeri kime bu ýakymsyz yslar täsir edip bilerkä? Güýçli ysly parfýumeriýa serişdelerini köp ulanmagyň hem geregi ýokdur. Çalajadan bildirip duran, ýöne ýakymly yslary ulanmaga çalşyň.

Aýallaryň köpüsi arassalygyň ysy – şampunyň, sabynyň ysy gelip duran adamsynyň bedenini halaýarlar. Beýle bolanda, är-aýal jübütleri wannada biri-birini ýuwmanyň kömegi bilen lezzetliligiň başlangyjyny peşgeş berip bilerler.

Söýgüň üçin sag bol!

Aýal maşgalanyň jynsy ýanaşma taýynlygynyň döremeginiň, onuň erkek adamdan uçursyz seksual ýeňişlere, edermenliklere garaşýandygyny aňlatmaýar. Söýgi bilen utgaşdyrlan posalar, guçmalar we süýji sözler – zenanyň erkek adamdan garaşýan düzüjileridir. Diňe şularyň kömegi bilen erkek soňky lezzetlere bolan mümkinçilikleri açyp biler.

Şular üçin aýal erkek adam tarapyndan göýberilen seksual säwlikleri hem bagyşlap biler, ýöne aýallaryň hiçisi hem islän çagy mähir-muhabbatyň bolmazlygyny bagyşlap bilmez.

  • 18169 gezek okalan