Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GORAGSYZ GEÇIRLEN JYNSY GATNAŞYKLARYŇ GORAGLYLYK ÇÄRELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.64 (11 Ses)

goragsyz jynsy gatnasykLukmanlar hemişe jynsy gatnaşyklarda ýoldaşyň bir bolmagynyň howpsuzlygy barada aýdýarlar. Ýöne durmuşda hemişe şeýle bolanok. Duýdansyz duşuşyk, özara üns bermek we näz-kereşmeler, pynhan meýiller... Elbetde ol wagt siz ikiçäk galan adamyňyzyň saglygy barada pikir etmeýärsiňiz. "Dursana, sen hakykatdan hem sagmy?" diýen soragy bermek bolsa asla siziň kelläňize hem gelmeýär. Ýöne gowy tanamaýan adamyň bilen jynsy gatnaşykdan soň nämeler barada pikir etmeli bolýar?

Prezerwatiwli gatnaşyk. Howp barmy?

Dogry, prezerwatiw jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän (merezýel, sözenek, hlamidioz, trihomoniaz, mikoplazmoz, gardnerellez, gepatit B we C, AIW) kesellerden goraýar. Ýöne daşky jynsy agzalarda bolup biljek ýokançlyklardan goramaýar – bitlilik, gijilewük, galtaşykly mollýsk, uçuk we siňňiller. Ýöne bu keselleriň alamatlaryny seredilen wagty aňlap bolýandyr.

Başga ýokançlyklar we wiruslar elbetde bu bökdençlikden geçip bilmezler, ýöne olar eger aýal kesel bolsa prezerwatiwiň üstünde, erkek kesel bolsa onuň iç ýüzünde galyp bilerler. Şonuň üçin hem, prezerwatiw çykarlandan soň ilki bilen elleri, soňundan bolsa jyns agzalary sabyn bilen ýuwmak hökmandyr. Eger mümkinçilik bar bolsa, jynsy gatnaşykdan soň jyns agzalary we olaryň daşyndaky derini miramistin ýa-da hlorgeksidin serişdeleri bilen arassalamak peýdaly netijeleri berer

Gynansakda, köpler jynsy gatnaşyklaryň başga görnüşlerinde hem prezerwatiwi ulanmagy hökmany saýmaýarlar. Ýokançlyklar oral we anal jynsy gatnaşyklar arkaly hem ýokuşyp bilýärler. Eger prezerwatiw ulanylmadyk bolsa, öňüni alyş gaýragoýulmasyz çäreleri geçirmek wajyp bolup durýandyr.

Hüşgär bolmaly alamatlar

Eger jynsy gatnaşyklarda siz öz ýoldaşyňyzyň jynsy agzalarynda üýtgeşik alamatlary syn eden bolsaňyz, onda utanjaňlygy, göwne degmezlik we gatnaşyk etmek islegini aýyryň. Weneriki keselleriň bardygyny şu alamatlar görkezip biler:

↪ Jyns agzalarda dörän dürli örgünler;

↪ Jyns agzalaryň gyzarmagy, çişginliligi we agyrmagy;

↪ Kadaly bolmadyk bölünip çykmalar we ysyň alynmagy;

↪ Gasyk limfadüwünleriň ulalmagy;

↪ Peşew edilende, ujyt gönelende we döl dökülende agyrlaryň bolmagy. Bu alamatlary ýoldaşyňda duýmak elbetde kynçylyk döredip biler. Ýöne onda-da, ünsli bolmak gerek.

Ýöne jynsy agzalaryň derisiniň arassa bolmagy hem ýokanç keselleriň ýoklugyndan güwä geçmeýär. Bir adamda ol bildirýän alamatly geçse, beýlekide alamatsyz geçip bilýändir. Goragsyz jynsy gatnaşyklarda hemişe öňüni alyş çäreleri geçirmek wajypdyr.

Wagt çäkliligi

Goragsyz jynsy gatnaşyklardan soň geçiriljek çäreleriň netijeliligi ondan soň geçen wagta baglydyr.

Gatnaşykdan soňky birinji 2 sagatda ýokuşmanyň öňüni almak mümkinçiligi ýokarydyr. Şol wagt gaýragoýulmasyz öňüni alyş çäreleri geçirmek netijelidir. Eger 2 sagatdan 4 sagada çenli wagt geçen bolsa, çäreleriň netijeliligi biraz peselýär. 4 sagatdan soň gaýragoýulmasyz çäreleri geçirmek öz manysyny ýitirýändir.

↺ Soňky 72 sagadyň dowamynda ýokuşma ýa bolup geçýär ýa-da bolanok. Keseliň alamatlary doly ýüze çykyp ýetişmeýär. Bu wagtda derman bilen öňüni alyş çäresini geçirýärler.

↺ 3 gün geçenden soň bolsa derman bilen öňüni alyş çäresini geçirmek diňe bir peýdasyz bolman, eýsem zyýanly hem bolup biler. Ol keseliň alamatlaryny üýtgedip biler, antibiotik serişdelere durgunlylygy döredip biler ýa-da ýokançlygy gizlin görnüşe geçirer. Eger wagt geçen bolsa, onda sabyrly bolup garaşaýma galýar.

Eger alamatlar bolmadyk ýagdaýynda hem laborator barlaglary tabşyryp ýagdaýa göz ýetirmek ýerlikli bolar. Jynsy gatnaşykdan soň esasy bakterial ýokançlyklara – 2 hepdeden, merezýel keseline – 1,5 aýdan, uçuk wirusyna, gepatite, AIW ýokanjyna – 3 aýdan soň barlagdan geçmek maslahat berilýär.

Eger haýsy hem bolsa bir alamatlar dörän bolsa ýa-da siz bir kesele güman edýän bolsaňyz – öňünden, özbaşdak bejergi almakdan saklanyň. Ilkibada doly göwrümde laborator barlaglary geçmäge çalşyň. Iň dogrusy tizden lukmana ýüz tutuň.

Birinji 2 sagatda weneriki keselleriň öňüni alyş gaýragoýulmasyz çäreleriň yzygiderliligi

Öňüni alyş çäreleri özbaşdak geçirme mümkindir ýa-da weneriki keselleriň öňüni alyş nokatlaryna hem ýüz tutup bolýandyr. Şeýla nokatlaryň ýerleşýän ýerleri barada maglumaty şäher deri-weneriki dispanserine jaň edip bilip bolýandyr. Ol nokatlarda öňüni alyş çäreleri tejribeli saglygy goraýyş işgäri tarapyndan geçirilýändir.

Eger ilkinji iki sagadyň dowamynda öňüni alyş nokadyna ýüz tutmaga mümkinçiligi ýok bolsa, onda hemme çäreleri özbaşdak geçirmelidir.

Ol çäreler şeýle yzygiderlikde alnyp barylmalydyr:

⇒ Derrew jynsy gatnaşykdan soň peşew ediň. Peşewiň akymy peşew çykaryş ýolundan (uretradan) bakteriýalary ýuwup çykarmaga kömek eder.

⇒ Gowy edip daşky jyns agzalaryňyzy, butlaryňyzyň derisini sabyn bilen ýuwuň.

⇒ Jyns agzalaryňyzy we onuň daşynyň derisini antiseptiki erginler bilen işläň. Adatça bu maksat üçin hlorgeksidin biglýukonatyň 20%-i ergini, 0,01%-li miramistin,, 10%-li powidon-ýod ulanylýar. Bu serişdeleri saklaýan flakonlaryň inçe ujynyň kömegi bilen ergin peşew çykaryş kanalyna (2 ml köp däl) we jynshana (30 ml köp däl) göýberilýär. Serişde göýberlenden soň peşew çykaryş kanalynyň deşigini birnäçe minut gysyň, soň göýberiň. Derman özbaşdak akyp çykar. Şu serişde bilen daşdaky deri örtügi hem süpüriň, 1-2 minut saklap, gowy ýuwuň. Derman bilen işlenilenden soň birnäçe sagat peşew etme maslahat berilmeýär. Erginleri emaý bilen, güýç ulanmazdan göýbermäge çalşyň. Güýçli basyş ýokançlyklaryň peşew ýollary arkaly ýokary galmagyna şert döredip biler.

⇒ Şem ýa-da gerdejik görnüşli antiseptikleri ulanyň: hlorgeksidin biglýukonaty 16 mg. (Geksikon atly), 200 mg powidon-ýod. Jynshana 1 şemden ýa-da gerdejikden salynýar. Erkek adamlar üçin niýetlenen şemler inçejik taýajyk görnüşli bolup, peşew çykaryş kanalyna emaý bilen salynýandyr.

Goragsyz jynsy gatnaşyklardan soň geçirilýän öňüni alyş çäreleriň prezerwatiwiň ýerini tutup bilmeýändigini, şeýle-de, olaryň geçirilmeginiň lukmanyň maslahatynyň wajyplygyny aradan aýyrmaýandygyny bellemelidir.

  • 1814 gezek okalan

Teswirler (1)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Men 1ay yaly prezerwativ ulanman jynsy gatnasyk etdm yone hic zat bolonok ya sonlugy govy bolmazmyka jogabyna garasyan?

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location