Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ERKEK BIWEPALYGY NÄME ÜÇIN DÖREÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.11 (120 Ses)

Bu gün hemişe ykjam we şadyýan Gözeliň daş-töweregi bilen hiç seri ýokdy. Bölüm müdüriniň beren tabşyryklaryny ýatlamak üçin ünsüni jemlemäge edýän synanşyklary başa baranokdy. Müşderler bilen iş haýal gidýärdi. Wagtyň geçmegi bilen Gözel olary diňlemeýändigini we käbir soraglary gaýtalap soraýandygyny aňşyryp utandy. Howsaladan we gynançdan dolan ýüregi ýarylyp, hemmelere onuň hasratyny äşgär etmäge synanyşjak ýaly bolup göründi.

Ol adamsy Myrat bilen bagtly ýaşaýardy. Iň bolmanda şu güne çenli ol şeýle hasaplaýardy. Myrat uly hojalyk birleşmesinde baş inženeriň wezipesini ýerine ýetirýär. Olaryň iki çagasy ösüp gelýär. Köp ýyllar hususy jaýsyzlykdan kösenip ýaşan maşgala ýaňy-ýakyn täze jaýa göçüpdiler. Ilki bilen maşgalanyň bähbidini ileri tutýan we adamsyny çyn ýüregi bilen söýýän hem-de sylaýan Gözel üçin Myratdan ýakyn we eziz adam ýokdy.

Hemme arzuwlar puja çykyp, ýaz paslynyň başynda garyň ereýşi ýaly ýok bolup gitdi. Ilki bilen goňşysy gelip, Myradyň maşyny açyp bir görmegeý gelni mündürip gidendigini aýtsa, bu gün irden tötänlikde adamsynyň el telefonyna gelen söýgi sms-i onuň tenini gyzyl ot çabrana döndürdi. Hemişe ünsli we dogry geplemäge endik edinen Myradyň bu hereketine düşünme oňa başardanokdy. Onuň diňe bir soraga jogap alasy gelýärdi: "Näme üçin?"...

Gynansagam, maşgala durmuşynda erkek we aýal biwepalygy duş gelip, maşgala durmuşyna öz ajysyny gatyp bilýändir. Ýöne şu gezeklikçe, biz gürrüňimizi has ýygy duşulýan erkek biwepalygy barada alyp barmakçy.

"AK GIRSEDE, AKYL GIRMEDIK"...

Halk arasynda bu ýazgarjy jümläniň kim üçin niýetlenendigini bilýän bolsaňyz gerek. Ýöne geliň başdan başlalyň.

Seksopatologlaryň bellemegine görä, erkekler 25-30 ýaş aralygynda has ýygy biwepalyk edýärler. Bu durmuş möwrütinde olar uzak maşgala gatnaşyklarynda bolup, hemişelik jynsy gatnaşyklardan irip başlaýarlar diýip hasaplanylýar. Ýöne erkek biwepalygy 25 ýaşdan soň ýygy duş gelse-de, olar maşgaladan has giç çykyp gidýärler. Köplenç bu ýagdaý 40-45, käwagtlar 50 ýaşda hem duş gelip bilýändir. Çagalaryň ulalmagy we atalyk borjunyň ýerine ýetirilmegi, aýalynyň bolsa seksual taýdan gyzyklylygyny ýitirmegi, olara has ýaş aýallaryň gujagyny gözlemäge itergi berýär.

Ýenede seksopatologlaryň bellemegine görä, seksual işjeňligi ýokary bolan 20-25 ýaş aralygyndaky erkekleri hemişe biwepalykda aýyplamak ýerliksizdir. Hut şol döwür ýaş ýigitleri ýaňy tutaşan söýgi alawy özüne maýyl edip, olar öz söýgüli ýarlaryna wepaly bolýarlar. Ýöne hemme zadyň geçişi ýaly, ýyllaryň geçmegi bilen köpler üçin ol söýgi ody ýuwaş-ýuwaşdan öçýän bolmaly.

ARZUWLAR, AR ALMA, HAKYKATDAN GAÇMA WE BAŞGALAR

Biwepalyk etmäge erkekleri näme mejbur edýärkä?

1. Täze söýgi. Bu sebäp erkek we aýal biwepalygy üçin hem mahsusdyr. Eger maşgala ýekelikden gaçma ýa-da bähbit görme üçin gurlan bolsa, siz üçin täze, maýyl ediji duşuşyk biwepalyga getirip biler. Täze arzuwlar we ynanmalar ýüregi heýjana getirýän hem bolsa, olaryň durmuşda amala aşjagy gümanadyr.

2. Emosional ýetmezçilik. Erkek adam aýal bilen bar bolan gatnaşykda düşünişmekligi, özüne bolan ynamy tapmaýar. Ol özüne mynasyp bahalandyrma, gadyra duş gelenok. Tapmaýan zadynyň gözlegini maşgaladan daşynda alyp baryp, biwepalyk edýär.

3. Siziň gatnaşygyňyzda dawa-jenjel köp. Aýal erkegi hemişe tankytlap, onuň pikirine garşy çykýar. Başga aýalyň oňa boýun bolup we gatnaşykda oňa hökmürowanlygyň berilmegine isleg bildirip, erkek adam biwepalyga baş goşýar.

4. Arzuw edilen Zenan. Mümkin, bar bolan gatnaşykda ol öz seksual hyýallaryny doly derejede amala aşyrmaga mümkinçilik tapan däldir. Ol özüniň arzuw eden (onuň pikiriçe) aýalyna duş gelip, seksual taýdan özara baglanşygyny barlamak isleýändir.

5. Ar alma – biwepalyga biwepalyk etme bilen jogap berme. Ony taşlan söýgüli gyzyna ýa-da göwnüne degen ejesine kine saklap, hemme aýal jynsyna degişlilerden ar alma islegi.

6. "Nesil yzarlama" häsiýeti. Ýigit atasyna meňzejek bolup, onuň hereketlerini gaýtalaýar.

7. Öňki biwepalyk etme ýagdaýlary. Eger aýal erkek adamynyň öňki biwepalyk etmelerini bagyşlan bolsa, bu ýagdaýyň ýene-de gaýtalanmagy mümkindir. Aýal erkegi ýitirmeden gorkýan bolsa, erkek adamy "jezalandyrmagyň" bolmazlygy ýene biwepalyga iterýär.

8. Ýitije duýgular. Paş edilme howpunyň ýokary bolmagy, pynhanlyk duýgusy erkek adamy gyzyklandyryp, onuň birsydyrgyn, öwüşginsiz durmuşyny "bezemäge" kömek edýär. Ýitije duýgular-ruhy talap bolsa-da, ony biwepalyk bilen amala aşyrman, özara gyzyklanmalar bilen kanagatlandyrylsa ýerlikli bolar.

9. Saýlama hukugy. Eger başga aýal maşgala tarapyndan seksual gatnaşyklara bolan isleg bildirilip, ol açyk äşgär edilse, erkek adamlaryň aglabasynyň ondan ýüz döndürmäge erki ýetmez.

10. Seksual taýdan kanagatsyzlanma. Seksual gatnaşyklar öňki gyzygyny, täzeligini, lezzetliligini ýitirýär. Täze seksual duýgulary duýma we tejribe toplama islegi döreýär. Eger erkek adamynyň seksual islegleri we hyýallary bir aýal bilen gatnaşykda kanagatlandyrylmaýan bolsa, ol öz isleglerini maşgaladan daşynda kanagatlandyrmaga ymtylar.

11. Erkek adamynyň boş wagtlary, dostlary bilen wagt geçirmeleri.

12. Höküm sürme islegi. Başga aýallar tarapyndan halanma, olaryň öwgüsini alma erkek adamynyň öz-özüniň öňünde hormatynyň ýokarlanmagyna kömek edip biler. Hakykatdan hem, köpsanly seksual gatnaşyklar arkaly öz bahaňy ýokarlandyrma islegi, erkegiň emosional taýdan kämilleşmedikdigini we onuň çynlakaý gatnaşyklara taýyn däldigini alamatlandyrýar.

13. Hakykatdan gaçma. Maşgala gatnaşygyndaky ýetmezçilikleri aradan aýyrmagyň ýerine, täze seksual gatnaşyklary tapyp, ruhy taýdan kämilleşmedik erkek adam hakykatdan daşlaşmaga ymtylýar.

Erkekleriň biwepalygyna alyp barýan sebäpler, ýokarda bellenilip geçilenlerden has çylşyrymly hem bolup bilerler. Näme-de bolsa, olaryň hiç biri hem biwepalygyň oňlanmagy üçin sebäp bolup bilmeýär.

Erkek biwepalygy aýalyň hemmetaraplaýyn üýtgemeleriniň amala aşyrylmagyna uly itergi bolup hyzmat etmelidir. Olarsyz erkek adam üçin täzeden gerekli, islenilýän Zenana öwrülip bolmaz. Ýöne bu barada biz indiki gürrüňdeşligimizde söz açarys.

  • 26505 gezek okalan