• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Sagdyn jynsy gatnaşyklar
  • AGRAMYŇ AŞA ÝOKARLANMAGYNYŇ JYNSY HYJUWA ÝETIRÝÄN ÝARAMAZ TÄSIRI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AGRAMYŇ AŞA ÝOKARLANMAGYNYŇ JYNSY HYJUWA ÝETIRÝÄN ÝARAMAZ TÄSIRI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.21 (47 Ses)

Beden agramynyň aşa ýokarlanmagy netijesinde döreýän semizlik adamyň jynsy hyjuwyny peseldip, ýakyn gatnaşyklaryň ýygylygyny azaldyp bilýär.

Aýal maşgalalarda beden agramynyň aşa ýokarlanmagy has agyr ruhy kynçylyklara getirip biler. Sebäbi, olaryň pikiri boýunça, semiz adam owadanlygyny, tebigatyň beren gözel syratyny, ýüzüniň we bedeniň öňki durkuny ýitirýär. Şol aýallaryň özüne bolan ynamy gaçyar. Olaryň öňki mesaýy durmuşy – gizlin durmuşa öwrülip başlaýar, köpçülikden gaçyp öz ýaşaýşyny kynlaşdyrýarlar. Erkli aýallar özüne ýigrenç döredýän kilogrammlar bilen göreşip başlaýarlar.

Agramyň aşa ýokarlanmagynyň aýalyň jynsy hyjuwyna ýetirýän yaramaz täsirleri dürli-dürli bolýar. Has dogrysy, ol täsirler ikä bölünýär: psihologiki we fiziologiki ýaramaz täsirler.

Psihologiki täsir. Häzirki zaman modanyň kanunlaryna laýyklykda – aýal 90-60-90 sm. ölçeglere gabat gelýän bedenli bolmaly. Hor we uzyn zenanlar – gözelligiň etalony. Moda industriýasy şeýle görkezijileri mahabatlandyryp, olary nusga höküminde görkezýär. Şol esasda, aýal maşgalanyň jynsy hyjuwy we islegi psihologiki ýaramaz täsirlere sezewar bolýar. Ýokary beden agramly aýallar erkek adam bilen tanyşmakdan we indiki boljak gatnaşyklardan çekinip başlaýarlar. Aýallaryň bular ýaly çekinjeňligi soňy bilen utanjaňlyga geçýär we jynsy gatnaşyklara bolan garaýyşlaryny üýtgedýär. Semiz aýallaryň artykmaç agramlylygy jynsy gatnaşykda hereketleriň çäklenmegine we gowuşgynsyzlyga getirip, wagtyň geçmegi bilen olaryň jynsy gatnaşykdan asla ýüz öwürmegine sebäp bolup biler. Başga tarapdan seretsek, erkek adamlar jemgyýetde oňlanýan däplere we ülňülere görä özüne ýoldaş edip hor aýallary saýlamaga çalyşsalar hem, özleri şony boýun almasada, olaryň pynhan islegi etli-ganly, dolmuşja zenanlary isleýär. Ähli zada sebäp bolýan faktor – ýokarda agzalyp geçen modanyň talaplary!

Fiziologiki täsir. Jübütleriň biriniň ýa-da ikisiniň hem semizligi zerarly jynsy gatnaşyklary geçirmekde kynçylyklaryň döremegi (gowuşgynsyzlyk, demiň gysmagy, aşa derlegenlik we baş.) semizligiň jynsy hyjuwa ýetirýän fiziologiki yaramaz täsirlerine degişli bolup durýar.

Umuman aýdanyňda, beden agramynyň görkezijileriniň artmagy aýal maşgalada aşakdaky hertaraplaýyn bozulmalaryň döremegine getirip biler:

► özünden göwni geçme, ýagny özüne bolan ynamyň peselmegi;

► jynsy gatnaşykdaky gowuşgynsyzlyk;

► jynsy gatnaşykda talaba laýyk lezzetiň bolmazlygy;

► jynsy gatnaşyga bolan islegiň ýitmegi;

► bilgeşleýin jynsy gatnaşykdan saklanmak;

► kiçi çanaklyk agzalarynda durgunlylyk alamatlaryň bolmagy;

► aýal jyns ulgamynyň keselleriniň (şol sanda endokrin bozulmalar) döremegi;

► jynshananyň duýujylygynyň peselmegi;

► orgazm (keýp alma) duýgusynyň bolmazlygy;

► jynsy gatnaşyklara biperwaý garamak.

Agramy aşa ýokary bolan erkek adamlar, aýal maşgalalara garanyňda, beýle ruhy bozulmalara sezewar bolmaýarlar. Sada dilde aýdaňda, adamzat jemgyýetiniň kuwwatly bölegi bolan erkekler, öz semizliginden kän bir çekinip baranoklar. Olaryň bedeninde muskullar agyr atletika bilen meşgullanýan türgeniňki ýaly bolmasa-da, hatda sallanyp duran garny-da, jübütine ony erkek hökmünde kabul etmäge päsgel bermeýär. Erkek adamlaryň etalony bolan – gadymy grek heýkelleri, aýal maşgalalarda ýaly, semiz erkeklerde olara meňzeme ýa-da kybapdaş bolma islegini döretmeýär diýen ýaly. Emma şu günki gün, jemgyýetiň içinde öz bedeniniň aladasyny edýän, özüne zor salyp aşa agyr türgenleşikler we derman serişdeleri bilen bedenini tertibe salmaga ymtylýanlar hem bar. Ýöne näme-de bolsa, agramynyň aşa ýokarlanandygyndan çekinýän erkek adamlar, aýal maşgalalara garaňda gaty az duşýar.

Ýöne agramyň aşa ýokarlanmagynyň erkek adamlaryň jynsy hyjuwyna ýetirýän fiziologiki ýaramaz täsiri welin, aýal maşgalalaryňka garanyňda näçe esse ýokarydyr. Onuň sebäbi, semiz erkek adamlaryň ganynda estrogen gormonynyň (ýag gatlagynyň agdyklygy sebäpli) görkezijisi juda ýokary sanlarda saklanýar. Globulin belogy bilen esasy erkeklik gormony bolan testosteron birleşip, erkek adamlaryň jynsy hyjuwyny ýokarlandyrýalar. Emma bu birleşmäni estrogen gormony dargadýar. Şu hadysanyň netijesinde, testosteron gormonyň täsiri estrogen gormonyň hasabyna azalýar we semiz erkek adamyň jynsy hyjuwy peselýär. Jynsy hyjuw peselip, wagtyň geçmegi bilen jynsy gowşaklyga (impotensiýa) sezewar edip bilýär.

Los-Anželes uniwersitetiniň ýanyndaky Iýmit Merkeziniň hünärmeni, Herbalife kompaniýasynyň ylmy-maslahat beriş jemgyýetiniň wise-prezidenti, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Luidjy Gordonyň belleýşi ýaly, "Ýalňyş iýmitlenmäniň jynsy gatnaşyklaryna ýetirýän täsiri iki sany biri-biri bilen baglanşykly zatlardan ybarat. Onuň birinjisi – jynsy hyjuw, ikinjisi bolsa – jynsy gatnaşygy doly derejede ýerine ýetirip bilmezlik".

Jyns gormony bolan testosteronyň gandaky derejesi iýmitdäki peýdaly maddalaryň doly toplumyna – beloklara, ýaglara, uglewodlara, mineral we witaminlere baglydyr. Mundan başga-da, testosteronyň gandaky derejesi, adamyň fiziki işjeňligine hem baglydyr.

Adamyň bedenine iýmit üsti bilen gelýän energiýanyň doly we dogry harçlanmagy bozulanda, kadada bolşy ýaly, agramyň aşa ýokarlanmagy we semizlik döräp başlaýar. Artykmaç kaloriýalar esasan mallaryň ýagy we ýönekeý uglewodlar arkaly bedene düşýär. Şeýlelikde, hereketleriň az bolmagy, edil iýmitlenmäniň kadaly bolmaýşy ýaly, bedendäki testosteronyň derejesiniň we jynsy hyjuwyň peselmegine getirýär.

Ikinji meselämiz bolsa – jynsy gatnaşygy doly derejede ýerine ýetirip bilmezlikdir. Semizligiň ýene bir sebäbi, gandaky umumy holesteriniň derejesiniň, ýagny, zyýanly holesteriniň (pes dykyzlykly lipoproteidler) ýokarlanmagy we uglewodlaryň çalşygynyň bozulmagydyr. Bu ýagdaý, erkekleriň we aýallaryň jynsy agzalaryny gan bilen üpjün edýän damarlarynda aterosklerozyň emele gelmegini güýçlendirýär. Erkek adamlarda ereksiýanyň bozulmagy, aýal maşgalalarda jynsy gatnaşykdan lezzet alyp bilmezlik aterosklerozyň netijesi bolup durýar. Umuman aýdylanda, şu sebäpleriň hersi aýratynlykda jynsy ýagdaýlara her tüýsli täsir edýär, emma, şu sebäpleriň hemmesi, özara baglanşyp, adamyň jynsy gatnaşyklaryna we durmuşyna ýaramaz täsirleri güýçlendirýär.

  • 7874 gezek okalan