• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • ATGULAK

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ATGULAK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.43 (49 Ses)

Atgulak – iň gadymy derman otlarynyň biri. Onuň mundan 3000 ýyl ozal Hytaý lukmançylygynda ulanylandygy barada maglumatlar bar. Gadymy grekler we rimliler hem atgulagyň tohumyny içgeçmelerde, aşgazanyň, içegäniň sowuklama kesellerinde şypa berýändigini bilipdirler. Gippokrat, Galen ýaly gadymýetiň meşhur lukmanlary hem atgulagy ulanypdyrlar. Lukman Hekim (Awisenna) dürli ýaralary bitirmekde atgulagyň örän peýdalydygyny belläpdir. Ol atgulagyň ýapraklaryny ýara bitiriji we gan akmalary togtadýan serişde hökmünde ulanypdyr.

Halk içinde atgulagyň ýara bitiriji häsiýeti barada şeýle rowaýat bar:

Günlerde bir gün iki ýylan ýoluň ugrunda güneşe meýmiräp ýatan eken. Birdenkä ýolda araba peýda bolýar. Ýylanlaryň biri gaçyp ýetişipdir, ikinjisi bolsa arabanyň tigriniň astynda galypdyr. Şonda arabanyň üstünde oturan adamlar üýtgeşik bir wakanyň şaýady bolupdyrlar: gaçyp gutulan ýylan otlugyň içinden atgulagyň ýapragyny getirip, ýaralanan ýylanyň ýarasyna ýapypdyr. Tigriň astynda galan ýylan hem şypa tapypdyr. Şeýdip adamlar atgulagyň şypa beriji häsiýetini bilipdirler. 

Atgulak ösümliginiň birnäçe ýagdaýlarda em bolýandygy bellidir. Şolaryň käbiriniň üstünde durup geçeliň.

Atgulagyň ter ýapraklarynyň şiresi göz perdesiniň ýaralaryna emdir. Şeýle-de atgulagyň ýapraklarynyň şiresini suw bilen 1:2 gatnaşykda garylyp ulanylan ýagdaýynda kesel döredeji  stafilokoklaryň köpelmeginiň, 1:4 gatnaşykda garylyp ulanylan ýagdýynda iriňiň döremeginiň öňüni alýar. Atgulagyň ýapragynyň şiresinden taýýarlanylan ekstraktlaryň rahatlandyryjy, ukladyjy häsiýetleri bardyr. Atgulagyň ýapraklaryndan demlenen çaýlar dem alyş ýollarynyň nemli gatlagynyňtirpildiýän kirpijekleriniň işjeňligini artdyryp, bronhial nemleriniň işlenilip çykarylmagyny güýçlendirýär. Bu bolsa öz gezeginde gakylygyň ýumşap, üsgürilende bronhlardan daşa çykmagyna ýardam berýär. Atgulak ýapraklarynyň gan basyşyny peseltmek häsiýeti hem bardyr.

Lukmançylykda atgulagyň ýapraklaryndan taýýarlanylan şire bronhial demgysmada, gökbogmada, öýken inçekeselinde gakylyk aýryjy serişde hökmünde ulanýarlar. Atgulakdan ýasalan derman serişdeleri aşgazanyň we oniki barmak içegäniň baş kesellerinde ulanylýar. Atgulagyň ýapraklaryndan alnan şireleri agyz boşlugynyň we burnuň sowuklama kesellerinde, urgudan döreýän gögermelerde, ýaralarda, kesilmelerde, dowamly baş kesellerinde, ýanyklarda, flegmonalarda, çybanlarda we iriňli ýaralarda ulanylýar. Atgulakdan ýasalan derman serişdeleri ayal jyns agzalarynyň sowuklama kesellerini, yumurtgalyklaryň işiniň dürli bozulmalaryny  bejermekde hem ulanylýar.

Üns beriň! Aşgazanyň nemli gatlagynyň sowuklama keselinde (gastrit), turşulyk derejesi örän ýokary bolan aşgazanyň baş keselinde, damarlarda tromboz (gan lagtalarynyň emele gelmegi) döremek howpunyň bolan ýagdaýlarynda atgulakdan taýýarlanylan derman serişdelerini ulanmak gadagandyr.

Atgulakdan ýasalan serişdeleriň taýýarlanyş usuly

Iymit siňdiriş agzalarynyň sowuklama yagdaylarynda, aşgazanyň we onki barmak içegäniň baş kesellerinde: atgulagyň guradylan ýapraklarynyň 3 ç.ç bir bulgur gaýnag suwa demläň. Soňra ony 6-8 sagatlap demine goýmaly. Nahardan ýarym sagat öň bulguryň 1/3 bölegini kabul etmeli.

Dem alyş agzalarynyň sowuklama keselinde:guradylan atgulagyň 1 n.ç syrçaly gaba salyp, 1 litr gaýnag suw guýmaly-da, pessejik otda 10 min saklamaly. Soňra ony galyň zada dolap, bir gije-gündiziň dowamynda demine goýmaly. Taýýar bolan suwuklygy günde 3 gezek nahardan 15-20 min öň kabul etmeli.

Atgulagyň ýapraklaryndan taýýarlanylan demlemeler erkekleriň jyns mäzleriniň işlerine ýaramly täsir edýär. Ony erkekleriň jyns ejizliginde ulanmak maslahat berilýär. Demlemäniň taýýarlanyşy: guradylan atgulagyň 25 g 200 ml gaýnag suwa demläp, 1 sagat demine goýýarlar. Soňra ony hasadan süzüp, günüň dowamynda 1 n.ç. 3-4 gezek kabul etmeli.

Ulanylan WEB Salgy

  • 16843 gezek okalan