• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • UKYNYŇ BOZULMALARY WE OLARA GARŞY GÖREŞME ÇÄRELERI

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

UKYNYŇ BOZULMALARY WE OLARA GARŞY GÖREŞME ÇÄRELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (17 Ses)

Biziň günlerimizde uky bozulmalary giňden ýaýran kynçylyklaryň hataryna degişli edilýär. Ýer Togalagynyň ýaşaýjylarynyň arasynda uly adamlaryň 8-15%-i ukysynyň bozulmalaryna arz etse, olaryň 9-11%-i uklama üçin niýetlenen dürli serişdeleri ulanýarlar. Bu görkeziji has hem ýaşuly adamlaryň arasynda ýokarydyr. Uky bozulmalary islendik ýaşda duş gelip, her ýaş toparlary üçin mahsus bozulmalaryň görnüşleri bolýar. Ýerine buşukma, gijeki gorkular çagalarda duş gelse, aşa ukuçyllyk ýa-da ukusyzlyk ýaşululara has mahsus bolup durýar. Emma käbir uky bozulmalary çagalyk döwründen başlanyp, ömrüniň dowamynda adamyny yzarlap biler, mysal üçin narkolepsiýa ýagdaýy.

Ilkinji uky bozulmalary içki agzalaryň näsazlyklaryna bagly bolmasa hem, ikilenç döreýän uky bozulmalary başga keseliň netijesinde ýüze çykýar. Uky bozulmalary psihiki we merkezi nerw ulgamynyň kesellerinde, onkologiýa keselleri ýa-da başga kesel netijesinde döreýän zäherlenme netijesinde döräp bilýändir. Somatiki keselleriň dowamynda agyry, üsgülewik, demgysma, gijilewük, tiz-tizden buşukma, ýürek agyry, ýürek urmalaryň kadasyzlygy sebäpli hem uky bozulmalary ýüze çykyp bilýändir.

Uky bozulmalary az wagtyň aralygynda adamyň emosional ýagdaýyny, ünsüni, işe ýarawlylygyny üýtgedip bilýär. Okuwçylarda bolsa okuw bilen bagly kynçylyklar – gaharjaňlyk, emosional durnuksyzlyk, dowamly ýadawlylyk döreýär. Soňunda ýagday beterleşýar, sebäbi adam uky bozulma sebäpli aladalanýar, ynjalyksyzlyk bilen gijäniň gelmegine garaşýar. Bu ukusyzlyk ýagdaýy 3 hepdeden uzaga çekmeýär we stress faktorynyň täsiriniň kesilmegi bilen uky kadalaşýar. Emma käwagt uka gitmegiň kynçylyklary we ukynyň arasynda oýanma öwrendikli bolup, ýagdaýy beterleşdirýär we dowamly ukysyzlyga (insomniýa) getirýär.

Uky bozulmalaryň bejergisi olaryň sebäbine bagly bolup durýar. Beden keselleri sebäpli döreýän uky bozulmalaryň bejergisi esasy keseline gönükdirilmeli. Ukynyň çuňlugynyň we dowamlylygynyň azalmagy ýaşuly adamlarda kadaly diýip hasaplanýar. Uky bozulmalary uky tutdurýan serişde bilen bejerilmezden öň, sagdyn uky üçin umumy düzgünleri berjaý etmeli, gaharjaň ýagdaýda ýatmaly däl, sport bilen meşgullanmaly, emma ýatmazdan öň fiziki maşklary etmeli däl, arassaçylyk düzgünleri berjaý etmeli. Uky bozulmalaryndan ejir çekýän adamlar her gün şol bir wagtda ýatmana we irden turmana ymtylmaly. Egerde 30-40 minudyň dowamynda uklamak mümkin bolmasa, ýeriňden turup, uklama islegi döreýänçä öz işleriňi etmek maslahat berilýär. Köplenç rahatlandyryjy çäreler peýda berýär: ýatmazdan öň arassa howada gezelenç, ýyly wanna kabul etmek, bal goşulan ýyly süýt içmek we başgalar. Bu maslahatlar peýda bermedik ýagdaýda, lukmanyň maslahatyndan soň, mümkin derman serişdeleri ulanma gerek bolar.

Bizi "hüwdüleýän" gormon

Biziň bedenimizdäki melatonin gormony tebigy uky getiriji we gije-gündizlik bioritmleri sazlaýjy gormon bolup durýandyr. Ol kelle beýniň epifiz mäzinde emele gelýär. Garaňky düşüp başlan wagtynda melatonin gormonynyň emele gelmegi güýçlenýär. Onuň gan damarlaryna düşmegi bedeniň işjeň ýagdaýdan rahatlanma, uklama geçmegine ýardam berýär we adam ukuçyllyk duýup başlaýar.

► Melatonin adam saglygy üçin örän wajyp bolup, ol:

► Gije-gündiz ritmleri kadalaşdyrýar: gündiz işjeň ýagdaýda bolup, gije uka gitmäge ýardam edýär;

► Ruhy ýagdaýy gowulandyrýar, stressi aýyrýar;

► Arterial gan basyşy kadalaşdyrýar;

► Öýjüklerde DNK-nyň dargamagyndan goraýar, boş radikallary we rak öýjüklerini dargydýar;

► Garramaklygy yza çekýär, ömrüň dowamlylygyny uzaldýar;

► Immun ulgamyny berkidýär;

► Endokrin ulgamyň işini sazlaýar;

► Bedendäki ýag çalşygyny kadalaşdyrýar, çünki ukynyň dowamlylygy ýeterlik bolanda adamyň kadaly agramy saklanýar.

Melatonin gormony gije sagat 2-de has köp mukdarda bölünip çykýar, şonuň üçin bu wagtdan gijä galman ýatmak beden üçin örän wajypdyr. Ýaşyň ulalmagy bilen melatoniniň bölünip çykmagy peselip, ukysyzlygyň sebäbi bolup bilýär.

Ýagtylyk – melatoniniň duşmany

Gijesine ýanyp duran ýagtylyk beriji islendik enjam – telewizoryň ekrany, işleýän kompýuter, sagat, çyralar, penjireden düşýan yşyk we başgalar melatonin gormonynyň esasy duşmanlary bolup durýar. Çünki gije näçe ýagty bolsa, şonçada bedende az melatonin bölünip çykýar. Gijesine oýanyp çyrany ýakanymyzda, melatoniniň bölünip çykmagy ýenede peselýär, netijede uka gitmek ýenede kynlaşýar, gündizine bolsa doly dynç alynmadyk duýgy döreýär. Şonuň üçin hem, doly garaňkylykda uklamak ukysyzlygy bejermegiň esasy çäresi bolup durýandyr.

Tehniki progress we uklama kynçylyklary

Tehniki ösüş bilen adamzat günüň ýagty bölegini uzaltmagyň mümkinçiliklerini aldy. Emma bu abadanlyk adam üçin şeýle peýdalymyka? Ilki bilen uky bozuldy. Ukysyzlyk we onuň başga bozulmalarynyň görnüşleri adamlary emeli uky getiriji derman serişdelerini satyn almaga mejbur edýär, sebäbi tebigy uky getiriji gormon bedende ýeterlikli mukdarda emele gelenok. Has hem gök reňkli yşyk bu gormonyň bölünip çykmagyny peseldip, beden üçin zyýanly bolup biler.

Gowy ukyňy alyp, irden şähdaçyk oýanmak üçin alymlar şeýle peýdaly maslahatlary berýärler:

► Ukyňyz çalt geler ýaly, agşamara gök reňkli yşyk berýän çeşmelerden gaça duruň;

► Ýatmazdan 1 sagat öň kompýuterde işlemeden we telewizor görmekden saklanyň;

► Köp mukdarda reňkiň gök spektri energiýany az harç edýän we swetodiod lampalardan bölünip çykýar. Gowusy adaty, gyzdyryjy lampalardan alyp goýuň we agşamara olary ulanyň;

►  Ýatylýan otaglarda gije ýakylýan çyrajyklary, elektron budilnik ulanmaň.

Tersine, irden ýiti gök yşygyň çalt oýanmaga kömek edip biljekdigini göz öňüne tutup, bu ýagdaýy irden kynlyk bilen oýanýanlar bellige alsa peýdaly bolar.

Sizde "Ýatanyňda gözler ýumuk bolsa, nädip yşyk zyýan edip bilýär?" diýen soragyň ýüze çykmagy mümkin. Gözleriň torly gatlagyndaky ýörite öýjükler beýnidäki görüş merkezi bilen dälde, epifiz bilen baglanşyklydyr. Bu öýjükleriň ýagta duýgur pigmenti islendik ýagtyny duýýar, netijede uky gormonyň bölünip çykmagy peselýär, beden bioritminde näsazlyk döreýär.

Melatonin we onkologiýa keselleri

"Uky ýetmezçiligi we onkologiýa keselleri bir-biri bilen baglanşykly" diýip kaliforniýaly alymlar belleýärler. Gije ukyny ýeterlik alýan adamlaryň immun ulgamy rak keseline has durnukly bolýar. Bu adamlarda öýjükleriň DNK-nyň dargamagyndan goraýan antioksidantlar we melatonin ýeterlikli mukdarda emele gelýär. Melatonin rak öýjükleriň emele gelmegine itergi berýän aýallaryň estrogen gormonynyň bölünip çykmagyny peseldýär. Uklaman gijäni geçirýän zenanlar täze döremeleriň ýüze çykmagy babatda howp toparyna degişli edilýändir.

Yşyk bolçulygy adamlar üçin hakykatdan hem ekologiki bela bolup durýar. Ol ewolýusiýanyň millionlarça ýyllaryň dowamynda döreden beden bioritmlerini bozýar, uky gormonynyň ýetmezçiligi netijesinde erkek adamlarda erkeklik jyns mäziniň, aýallarda bolsa göwüs mäziniň rak keseliniň döreme töwekgelçiligi ýokarlanýar.

Elbetde, durmuşdaky stresslere garşy durmak agyr bolsa hem, doly garaňkylykda, kadaly şertleri döredip wagtynda ýatmak biziň elimizde bolup durýar.

  • 3471 gezek okalan