• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • SUW HOWUZLARYNDA SUWA DÜŞMEGIŇ HOWPSUZ DÜZGÜNLERI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SUW HOWUZLARYNDA SUWA DÜŞMEGIŇ HOWPSUZ DÜZGÜNLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.59 (17 Ses)

Tomus günleriniň gelmegi bilen biziň her birimizde suwa ýakyn bolmak, suwa düşüp öz bedeniňi sowatmak we suwuň şypa beriji häsiýetinden peýdalanmak islegi döreýär. Ynha sonda, biz ýörite gurnalan suw howuzlaryna barmaga ymtylýarys. Ýöne olardan peýdalanan wagtyňyz hem saglyk üçin zyýanly ýagdaýlaryň döräp biljekdiginden habarly bolmalydyr.

Ýörite gurnalan suw howuzlarynda biziň saglygymyza zyýan ýetirip biljek ilkinji howplaryň biri hem kömelekli ýokançlyklardyr. Olar esasan keratomikoz ýa-da dermatomikoz ýokançlyklary bolup, deriniň üstüni ýa-da onuň aşaky gatlaklaryny hem şikeslendirip bilýändirler. Köplenç dabanyň kömelekli ýokançlygy duş gelse hem, onuň dyrnaklary we saçlary şikeslendirýän halatlary hem az bolanok.

Suw howuzlarynda suwa düşülenden soň adamlar köplenç lukmanlara diňe bir kömelekli ýokançlyklar babatda dälde, eýsem başga keseller sebäpli hem ýüz tutup bilýärler. Meselem, boýunda we döşde döreýän kepek görnüşli demrew, garnyň derisini zeperlendirýän psewdomikoz, siňňil, galtaşykly mollýusk we deriniň iriňli keselleri. Suwda ýüzüjiler, häzir seýrek duş gelýän gijilewük keseline hem ýolugyp bilýärler. Bu kesel öz alamatlary bilen uzak wagt ýüze çykman, adamyny daş-töweregindäkiler üçin ýokançly edip bilýändir.

Ýüzüjiler köplenç suw howuzlarynda gepatitiň A görnüşi bilen keselleme mümkinçiliginiň bolup biljekdigi barada sorag berýärler. Ýokuşma ähtimallygy pes bolsa hem, howp saklanýandyr. Gepatitiň bu görnüşi nejesatlar bilen hapalanan suwuň üsti bilen geçip bilýändir. Şonuň üçin hem, suwuň şeýle howply hapalanmasy ýüze çykarlanda, hökman howzuň suwuny çalşyrmak üçin howuzlara gözegçilik edýän jogapkärleri habarly etmelidir.

Ýöne ýokançlyklar bilen bagly bolmadyk kynçylyklar hem bolup biler. Howzuň ýerleşýän jaýynyň howasynyň ýyly we çygly bolmagy, suwy zýansyzlandyrmak üçin ulanylýan hloramin demgysma keseliniň beterleşmeginiň sebäbi bolup bilýändir. Şonuň üçin hem, demgysmaly we allergiki täsirliligi bolan adamlar kämil ýelejiretme ulgamly jaýlarda ýerleşýän howuzlardan peýdalanmalydyr.

Howuzlardaky suwy aýratynlykda alanyňda bolsa, ol keselleri ýokuşdurma babatda howply däldir. Ol suw hlor bilen işlenilýär, ony süzýärler we kadaly çalşyp durýarlar. Köp ýerlerde suwy häzir ozonyň täsiri bilen zyýansyzlandyrýarlar. Esasy howp suwy gurşap alýan daşyndaky ýerlerde saklanýar – duş kabul edilýän jaýlar, eşik çalşylýan ýerler (oturgyçlar, ýerdäki rezinli örtükler), ýüzülýän zala barýan ýerler.

Ýokançlygyň ýokuşma ähtimallygy köp ýagdaýlara baglydyr. Ol esasan hem ýokançlygyň göniden-göni ýokuşmagyna we bu galtaşygyň dowamlylygyna bagly bolup durýandyr. Şonuň üçin hem ilki bilen dabany goragly saklamalydyr. Eger aýaklarda ýarajyklar, kesilmeler, sypjyrmalar bar bolsa, olary antiseptik plastyr bilen ýelmemelidir. Howuzlara barlanda şahsy rezin şypbyklardan peýdalanmalydyr. Ulanylandan soň olary zyýansyzlandyrmalydyr. Onuň üçin köwşi formaliniň 25%-li ergini ýa-da aşhana sirkesiniň 40%-li ergini bilen süpürme ýeterlik bolup, soňundan ysynyň aýrylmagy üçin günüň dowamynda açyk howada goýma, naşatyr spirti bilen süpürme maslahat berilýär.

Howzuň ýerleşýän jaýynda nirä oturýanyňyza hem üns beriň. Eşik çalşylýan otagda hemişe süpürgijiň bir belli ýüzüni ýazyp oturyň. Köplenç adamlar ilki bilen ýazyp oturyp, soňundan süpürgiji kellesine daňýarlar. Beýle etmek nädogrydyr. Süpürgiji ulananyňyzdan soň ony hökman gaýnadyň we iki ýüzüni hem ütükläň.

Duş kabul edilýän jaýda has hem ünsli boluň. Otagda suw ýygnanyp duran ýerler bolmaly däldir. Eger olar bar bolsa, olara basmaň, çünki kömelekler duran suwda has hem köpelegen bolýarlar. Howuzlara barmazdan öň dyrnaklaryňyza kömeleklere garşy serişdäni saklaýan lak çalyň, suwa düşeniňizden soň bolsa dabanyňyza kömeleklere garşy täsir edýän melhem (klotrimazol saklaýan islendik melhem) çalyp bilersiňiz. Duş kabul edeniňizden soň, aýagyňyzy süpürgiç bilen guraýança süpüriň.

  • 3052 gezek okalan