• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • "MEN SIZI DIŇLEÝÄRIN..."

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

"MEN SIZI DIŇLEÝÄRIN..."

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.90 (20 Ses)

"Adamyň ruhyny bejermezden,
bedenini bejerip bolmaz"

Sokrat

Lukmançylygyň bütin taryhynyň dowamynda lukman-näsag gatnaşyklarynyň esasyny ynamdarlyk tutýandyr. Biri-biriňi habarly etmek, hiç bir maglumaty gizlemezlik, diňe hakykaty aýtmak ýaly häsiýetler bejerginiň şowly we netijeli bolmagyny üpjün edip biler.

Lukman bilen näsagyň arasyndaky ynamly gatnaşyklary ýola goýmak üçin goldaw bermek häsiýeti wajyp orun eýeleýändir. Eger näsag lukmanyň talap etmän ýa-da zor salman oňa kömegi bilen goldaw berýänini duýsa, ol lukman bilen gatnaşygyny has hem ýakynlaşdyrar. Eger lukman nasag bilen gepleşikde oňa düşünmäge synanyşsa, näsag öz arzlarynyň eşdilip, lukman tarapyndan olara seljerme berilýändigi babatda ynamly bolar. Onuň üçin näsagy baş atyp, oňa seredip, ünsli diňleme, "Men Sizi diňleýärin", "Men Size düşünýärin" ýaly jümleler bilen öz ünsli gatnaşygyňy bildirme wajypdyr. Sylamak – adamynyň ýaşyna, kärine garamazdan adamyny şahs höküminde kabul etmekdir. Oňa uýma esasan hem näsagyň durmuşy, kesel taryhy öwrenilende wajypdyr. Duýgudaşlyk etmek – näsag bilen ýakyndan aragatnaşyk etmegiň açary bolup durýandyr. Özüňi näsagyň ýerine goýup, ýagdaýa onuň gözi bilen seretme, onuň keseli baradaky pikirlerini bilme, onuň howsalalaryny duýma oňa diňe bir bejergi bilen däl-de, eýsem ruhy taýdan goldaw bermäge hem kömek berip biler.

Näsag bilen gepleşmek wajypmy?

Gowy lukman – bu diňe bir hünärmenlik derejesi ýokary bolan, ýokary bilim derejeli, peýdaly we ýerlikli netijeleri kabul edip bilýän, lukmançylyk bejeriş usullaryny bilýän hünärmen däl-de, eýsem näsag bilen sözleşip hem bilýän söhbetdeşdir.Lukmanyň näsag bilen gatnaşygynda esasy guraly – onuň sözüdir. Ol öz sözi bilen bejerip, umyt we melhem hem berip bilýändir, özünden näsagy daşlaşdyryp hem bilýändir.

"Meniň maşgala lukmanym hemişe işli.Ýa eli kagyzly bir ýere ylgap barýar ýa-da eli telefonly gürleşip otyr. Onsoň meni gyzyklandyrýan soraglary bermäge wagt hem tapman, bu soraglary başga, tanyş lukman tapyp bermeli bolýaryn".

Maýa, 32 ýaşynda.

"Men şu gün ýüregim agyryp kardiolog lukmanynyň ýanyna bardym. Erbet zat diýip biljek däl. Ol bir-iki sorag berdi, geçen EKG hatymy gördi we eline kagyz alyp bir zatlar ýazyp ugrady. Ýazmasyny tamamlap şu dermanlary kabul etmelidigini aýtdy. Meniň ýüregimde näme kemçiligiň bardygy we bu dermanlaryň täsiri barada soramda,” Maşgala lukmanyňyz düşündirer” diýip jogap berdi. Kardiolog lukmanynyň özünden hemme zady bilen bolsam arkaýyn bolardym...".

Durdymyrat aga, 55 ýaşynda.

"Men göwreliligim sebäpli ginekolog lukmanynyň maslahatlaryny alyp, gözegçilikde saklanýaryn. Biziň obada ýaşaýanlygymyz sebäpli, şäher ginekology aýda üç gezek bize seretmäge gelýär. Görmeli göwreli aýallarynyň köplügine garamazdan, ol bizi hemmetaraplaýyn barlaýar, ýagdaýmyzy düşündirýär, maslahat berýär, soraglara jogap bermäge hem wagt tapýar. Öz aýal lukmanymyzyň barlagyna biz hemişe garaşýarys, çünki mende onuň bilen söhbetdeşlikden soň arkaýynlyk döreýär".

Leýli, 26 ýaşynda.

Gynansakda, näsag bilen söhbetdeş bolmagynyň usullary we ähmiýeti barada okuw jaýynda aýratyn sapak geçmeýärler. Ýyllaryň geçip, tejribäniň toplanmagy bilen her lukmanyň özi "lukman-näsag gepleşikleriniň" ähmiýetini we ülňüsini özi üçin kesgitleýär.

Biziň döwrümizde tehniki ösüşiň öňe gitmegi bilen, lukmançylykda hem anyklaýyş çäreleri ýeňilleşdirýän ýüzlerçe usullar tapyldy we amala lukmançylyga ornaşdyryldy. Ýöne lukmançylygyň özeni bolup durýan Lukman – onuň bilimi, pikiri, lukmançylyk seljermesi we netije çykarmasy hiç bir öňdebaryjy tehniki guralyň (meselem, kompýuteriň) berýän gury netijesi bilen çalşylyp bilinmez.

"Meni bilimde döreýän agyrylar lukmana ýüz tutmaga mejbur etdi. Nirämiň agyrýanyny eşiden newropatolog lukmany derrew meni kompýuter barlagyny, EKG barlagy, ganyň we peşewiň barlagyny geçmäge ugratdy. Uzyn nobatda durup barlaglary geçip ýören wagtym, näme üçindir lukmanyň hatda meniň agyrýan ýerlerimi elläp hem görmändigine geň galdym".

Dilber, 46 ýaşynda.

Näsagy diňe bir diňlemäni başarman, eýsem ony eşitmegi hem başarmalydyr

Lukman-näsag söhbetdeşlikleri hemişe ikiçäk alnyp barylmalydyr we diňe käbir belli ýagdaýlarda üçünji adama (dost-ýarlaryna) maglumatlar äşgär edilinip bilner.

Näsag bilen söhbetdeşlikde nämelere üns bermeli we onuň peýdalylygyny nädip ýokarlandyrmaly? Bu babatda birnäçe ýönekeý, ýöne wajyp maslahatlary berip bolar:

► Näsagyň içki howsalalaryny ýüze çykarmaga we olary öwrenmäge ymtylyň.

► Näsaga onuň nämeleri etmelidigi, özüňi nähili alyp barmalydygy barada anyk maslahatlary bermäge çalşyň.

► Gartaşan adamlar bilen söhbetdeş bolanyňyzda olara ýaşlaryny ýatlatmadan saklanyň. Gürrüňdeşlik mesaýy ýagdaýda geçirilip, belli bir pert jogaby talap edýän anyk sorag berilmelidir.

► Maslahatlary dilden aýtmakdan saklanyň. Ýaşaýyş düzgüni, iýmitlenme, derman bilen bejerme baradaky maslahatlary kagyza ýazyp beriň.

► Ruhy ýagdaýa zarba urýan faktorlardan (gerek bolmajak maglumatlar, stress we baş.) gaça durmagyň zerurlygy barada düşündiriş geçiriň.

► Kynçylykly ýagdaýlar dörände hemişe kömege geljekdigiňiz barada ynandyryň. Näsag siziň goldawyňyzy duýmalydyr.

► Islendik ýagdaýda hem näsaga sagalma ynam bermäge çalşyň. Onuň üçin oňa peýdaly, ýaramly maglumatlary beriň. Olar onuň biraz hem bolsa sagalmagyna goldaw berer.

► Näsaga beren wadalaryňyzy ýerine ýetirjek boluň.

Lukmançylyga keseli anyklama düzgünleriniň şeýle görkezijileri bellidir: näsaglaryň 45-50%-de kesel taryhyny öwrenip, 80-85%-de bolsa sorag berme we ilkinji lukmançylyk barlaglaryň kömegi bilen anyk kesel kesgidini anyklap bolýandyr. Diňe näsaglaryň 15-20%-i çüňňur we çylşyrymly laborator we abzallar bilen geçirilýän barlaglary talap edýändir.

  • 3227 gezek okalan