• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • NÄHILI OTURMAK HOWPSUZ?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

NÄHILI OTURMAK HOWPSUZ?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.27 (15 Ses)

Siz nähili oturmagy halaýarsyňyz? Biziň herimiziň öz oturyş ýagdaýymyz, aýratynlygymyz bolup, ol biziň bedenimiziň saglyk ýagdaýyna, endigimize, jemgyýetde tutýan ornumyza baglydyr.

Siz aýagyňyzy aýagyňyzyň üstünde goýup oturmagy halaýaňyzmy? Göräýmäge, amatly. Şeýle oturma has hem zenanlaryň arasynda ýörgünli we bu oturyş olary has näzik görkezýän ýaly. Ýöne lukmanlar bu ýagdaýda oturmagyň saglyga zyýan ýetirip biljekdigini aýdýarlar.

Geliň, delillere ýüzleneliň.

Uzak wagtlap aýagy aýagyň üstüne atyp oturma endigi kiçi injik nerwine zeper ýetirip, aýagyň ysmazlygyna getirip biler. Ondan başga hem, bu ýagdaýda uzak oturma but mysşalarynyň dartylmagynyň we üýtgemeginiň sebäbi bolýar. Netijede, içki but myşsalary gysgalsa, daşky myşsalar uzalýar we bogunlaryň işine täsir edip ugraýar.

Adamlaryň ýüzlerçe ýyllar şeýle oturyp, hiç zyýan çekmändikleri barada oýlanmagyňyz mümkin. Ýöne biziň döwrümizde adamlaryň iş ýerlerinde 8-9 sagat şeýle oturma ýagdaýynda işleýändiklerini ýatda saklamalydyr.

Üstesine hem, aýagy aýagyň üstünde goýanyňyzda wenalar gysylýar we olaryň içinde basyş ýokarlanýar. Bu ýagdaý bolsa warikoz keseliniň döremegi üçin şert bolup biler.

Ýeri gelende aýtsak, 2010-njy ýylda alymlar şeýle ýagdaýda oturmagyň gan basyşyň ýokarlanmagyna getirip bilýändigini subut etdiler. Ondan başga-da, ýygy we dowamly ýagdaýda şeýle oturmagyň oňurganyň ýagdaýyna we işine ýaramaz täsir edýändigi lukmanlar tarapyndan bellenilýär. Bu bolsa arkada döreýän agyrylaryň, bükülip ýöremeleriň sebäbi bolup biler.

Jemläp aýdanymyzda, bedeni taplaýjy gadymy gündogar taglymatlary hem aýagy aýagyň üstünde goýup oturmagy saglyk üçin maslahat bermeýärler. Şol sebäpli hem, lukmanlar sagdyn bolup oturmak we saglyga zyýan ýetirmezlik üçin, aýaklaryňyzy bile goýup hem-de arkaňyzy dogry tutup oturmagy maslahat berýärler.

Awtor: Selbi Myradowa

  • 1892 gezek okalan