• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • DÜMEW MÖWSÜMI: SIZ SANJYM ALMAGA HOWLUGÝAŇYZMY?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DÜMEW MÖWSÜMI: SIZ SANJYM ALMAGA HOWLUGÝAŇYZMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

dumew sanjymGüýz aýlary ýetip geldi, onuň yzysüre bolsa gyş pasly geler. Onuň bilen birlikde bizi möhüm işlerimizden alyp galyp, düşege ýatyrjak dümew hem peýda bolar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hasabatlaryna görä, her ýyl 3-5 mln. adam dümew bilen keselleýär, epidemiýa döwründe onuň gaýraüzülmelerinden 300 müňden 650 müň aralygy adam ölýär.

Ondan goranmak üçin siz nämeler etmeli? Witamin serişdelerini, sarymsakdyr-sogan, limon almazdan öň – özwagtynda öňüni alyş sanjymyny alyň. Dümewe garşy waksinasiýanyň alynyş düzgünleri we wagty barada maglumaty siz ýaşaýan ýeriňiz boýunça Saglyk öýlerinden, maşgala lukmanyndan alyp bilýärsiňiz.

2018 ýylyň möwsümleýin waksinasiýasynda nähili täzelikler bar?

Alymlaryň bellemegine görä, bu ýyl dümewi wiruslaryň 4 sany dürli görnüşi (ştammlary) döredip biler: wiruslar H1N1; H3N2 we B görnüşiň iki wirusy. Sanjymlary öndürijiler bu maglumatlary nazara alýarlar. Roçester Uniwersitetiniň Lukmançylyk merkeziniň mikrobiologiýa we immunologiýa bölüminiň professory Dawid Totemiň bellemegine görä, häzirki wagtda towuk ýumurtgasynda, adam öýjüklerinde, mör-möjekleriň öýjüklerinde taýynlanan waksinalar bardyr.

Olaryň arasynda mör-möjekleriň öýjüklerinde taýynlanan waksinalar has hem tapawutlydyrlar. Towuk ýumurtgasynda "ösdürilenlerden" tapawutlylykda, soňkularda wirus beloklary üýtgemä sezewar bolmaýar we sanjymdaky wirus tebigy H3N2 wirusa has meňzeş bolýar. "Towukly" waksinalarda hem arassalanma geçirilýär we olar ýumurtga allergiki täsirliligi bolan adamlar üçin düýbünden howpsuzdyr.

Çagalara, gartaşan adamlara we göwrelilere öňüni alyş sanjymlary nähili geçirilmeli?

Dünýäniň köp ýurtlarynda 2 ýaşdan başlap çagalara burna damdyrylýan dümewe garşy öňüni alyş serişdeleri ulanylýar. Bu serişde burna sepilýän aerozol görnüşinde bolup, özünde dümewiň diri wirusyny saklaýandyr. Düzüminde diri wirusy saklaýan sanjymy göwrelilere, demgysmaly we immun ýetmezçilikli näsaglara ulanma rugsat berilmeýär.

Göwreli aýallara "gowşadylan" waksinalary göwreliligiň 20 hepdesinden soň ulanma rugsat berilýär. Waksinasiýa geçmezden öň göwreli aýal akuşer-ginekolog lukmanyň gözegçiligini geçmelidir.

Immunolog lukmanlaryň bellemegine görä, gartaşan adamlaryň immun goraglylygy gowşak bolýar. Şol sebäpden hem, 65 ýaşdan uly adamlara wirus beloklarynyň ýokary mukdaryny saklaýan waksinalary ulanma maslahat berilýändir.

Ýaýbaň geçirilen tejribeler, waksinasiýanyň dümewi döredip bilmeýändigini, diňe immun ulgamy "habarly" edip, bedeni indiki wirus bilen "duşuşyklara" taýynlaýandygyny görkezýär. Esasan hem çagalar, göwreli aýallar, gartaşan adamlar, dowamly keselli we immun ýetmezçilikli näsaglar – bu topar dümewiň gaýraüzülmeleriniň döremegi boýunça ýokary howpa degişlidir we ilkinji hatarlarda waksinasiýany talap edýändir.

Lukmanlar dümew wirusynyň çylşyrymlylygyny we her ýyl üýtgemä ukyplydygyny belleýärler. Bu häsiýet bolsa lukmanlary her ýyl wiruslaryň görnüşine görä sanjymlary taýynlamaga mejbur edýär.

Öňüni alyş sanjymlary haçan alyp başlamaly?

Lukmanlaryň maslahat bermegine görä, dümewe garşy öňüni alyş sanjymlary möwsüm başlamaka – sentýabr-noýabr aýlary aralyk alynmalydyr. Ýöne waksinasiýany geçirmek hiç haçan ir ýa-da giç bolmaýar, eger siz edilmeli wagty geçiren halatyňyzdada, epidemiýa wagty hem sanjymy almak maslahat berilýändir.

Çeşmeler: 1 / 2

  • 2625 gezek okalan