• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • "GARAŇKY" ÇYKALGA

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

"GARAŇKY" ÇYKALGA

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.88 (8 Ses)

garanky cykalga

Jennet beýleki gyzlar ýalydy. Men oňa kiçiräkkä iňlis dili öwredýärdim. Ol hemme gyzlar ýaly mekdebe gidýärdi, öýünde ejesine kömek edýärdi. Ol okuwy gutaryp, hünär edinip, bagtly maşgala gurmagy arzuw edýärdi. Ýöne birden Jennediň durmuşy üýtgedi, käbir zatlar ugruna bolman başlady. Durmuş onuň isleýşi ýaly dowam etmedi. Jennet başyna inen kynçylyklara çykalgalaryň "iň garaňkysyny" saýlady, hawa, siz dogry düşündiňiz, ol öz janyna kast etdi.

Meniň pikirimçe, bu günki gün suisid, ýagny öz janyňa kast etmek ýurdumyzda uly bir heläkçilikleriň biri bolup durýar. Biriniň özüni öldürmegi ýa-da öldürmäge synanyşmagy baradaky habarlary ýygy-ýygydan eşidip durus. Meniň çaklamalaryma görä, ýurdumyzda suisid esasan hem ýaşlaryň arasynda dürli sebäpler bilen edilýär. Şowsuz söýgi, ene-ata bilen oňuşmazlyk we psihiki bozulmalar bu problemanyň giňden ýaýran sebäpleri bolup durýar. Bütindünýa Saglyk Guramasyna (WHO) görä, Türkmenistanda ýaş boýunça suisidiň derejesi 100 000 ilatdan 7.2 adam janyna kast edýär.

Adam janynyň gymmaty uly bolýar. Ölüm, esasanam ýaş ölüm meni örän gynandyrýar. Biziň her birimiz bu mesele barada alada etmeli, sebäbi bu betbagtlyk her bir adamyň maşgalasynda bolup biljek zat. Biz bu problemany içgin öwrenip, oňa çözgüt tapmana synanyşmaly. Her bir adam ýitgisi jemgyýetiň ösüşine we ykdysadyýetine zyýan ýetirýär. Çünki, her bir öz janyna kast eden adam köpçülige we umumy adamzada haýyrly boljak işleri edip bilerdi ýa-da ölmezden öň edýärdi.

Bize näme ýetmeýär?

Gynansakda, ýurdumyzda suiside garşy ilat bilen işleýän, aýratyn bir tanalýan jemgyýetçilik guramalary ýok. Belki, mekdeplerde mugallymlaryň üsti bilen wagyz-nesihat işleri geçirilýändir. Muňa garamazdan, ýurtda suisidiň derejesi uýtgemeýäne meňzeýär. Bu meselä ählimiz uly üns berip, iň täsirli çözgütleri öňe sürmegimiz wajypdyr.

Meniň pikirimçe, görelde alarlyk ýurt goňşy döwlet Gazagystan bolup biler. Gazagystanda suisidiň sanynyň ýokarlandygy sebäpli hökümet, jemgyýetçilik guramalary we mekdepler bileleşip, suisidiň öňüni alyş köpugurly programma döretdiler.

Bu programma 4 tapgyrdan ybarat:

1. Suiside ýykgyn we psihiki problemaly çagalary öňünden tanamak;

2. Mekdep we kollež işgärlerini "suiside garşy garagullar" edip taýýarlamak;

3. Çagalaryň psihiki sagdynlygyny baýlaşdyrmak;

4. Psihologlaryň we lukmanlaryň göz astyna alan çagalaryna kömek etme ukybyny ýokarlandyrmak.

Köpugurly programma laýyklykda, gazak mekdeplerinde professional psihologlar işläp başlady. Daşary ýurtly hünärmenleriň kömegi bilen gazak psihoterapewtler suiside ýykgyn çagalary öňünden tanamak testini ýola goýdular. Bu test ene-atanyň razylygy bilen geçirilip, suiside ýykgyn çagalaryň köpüsini ýüze çykarmak bilen öz täsirini subut etdi.

suicide

Indi Jennediň wakasyna gaýdyp geleliň we biraz analiz edeliň. Ol näme üçin öz janyna kast etdi? Öz halan oglanyna durmuşa çykmana rugsat berilmäni üçin janyna kast etdi. Özüňi öldürmek aňsat zat däl we muny eden adam köp wagtlap erbet emosional we psihiki dartgynlyk astynda ýaşaýar. Diýmek, Jennet öňden bäri belli bir kynçylyklary başyndan geçiripdir. Belki öýde ünsden düşürülendir ýa-da mekdepde synpdaşlary bilen arasy gowy bolan däldir. Ýa-da bularyň ikisi hem bolup biler.

Jennediň suisidiniň ýene bir sebäbi hem şowsuz söýgi. Ýetginjeklik döwri öz howplulygy bilen belli. Ýetginjekler gaty ynjyk, gaharjaň, we sagdyn pikirleniş ukyby kemala gelmedik bolýarlar. 30 ýaşlylaryň söýgi üçin öz janyna kast edip ýörenlerini görmersiňiz. Söýgülä gowşup bolmasa, ýetginjekler üçin durmuş gutarýar. Bu ýagdaýda, olara düşünjek bolmaly we garşylaryna gitmän, olar bilen dostlaşyp, olar ýalňyş kararlara gelmezler ýaly elmydama goldaw, ýardam bermeli. Meniň pikirimçe, eger hiç hili çykalga tapylmasa, edilýän gürrüňleriň we wagyz-nesihatlaryň ýaşlara täsiri bolmasa, onda ene-atalary ýaşlara durmuş gurmana rugsat bermeli. Çünki, bu karar ölümden has gowudyr.

Elimizden geleni...

Biziň elimizden gelýän zat barmy? Biz suisid meselesini ene-atalar ýygnaklarynda gozgap, oňa çözgüt gözlemeli. Mekdeplerde hemişe birek-birege goldaw bermegi, ýagşylyk etmegi we öýlerde ýetginjeklere üns berilmegini ündemeli we iş ýüzünde hereket bilen görkezmeli. Psihiki ýagdaýy bozulanlary öňünden tanap, olara kömek etmeli. Söýgä uçranlara düşünjeli çemeleşmeli, olary öz ýaşlaryna we düşünjelerine laýyk goldaw, peýdaly maglumatlar bilen üpjün etmeli.

Durmuşda her kimiňem öz kynçylyklary bar. Kynçylyklara sabyr we mertlik bilen daraşýan adamlar köp bolsa-da, her hili sebäpler bilen olara çydaman, "garaňky" çykalgany saýlaýan adamlaryň aramyzda bardygyndan habardar bolalyň. Bularyň içine entek aňy doly goýalyşmadyk ýetginjekler hem girýär. Olar kömege mätäç. Ilkinji kömek bolsa, ýagşy söz, mylakatly gatnaşyk we üznüksiz üns bermek bilen başlanýar.

Awtor: Sapar Esenow

  • 1637 gezek okalan