• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • TÜRKMENISTAN: KÖÇE IÝMITLERINIŇ BARLAGLARYNYŇ NETIJELERI, ÝOKANÇ DÄL KESELLERINE ELTÝÄN FAKTORLAR WE ÇAGA SEMIZLIGI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÜRKMENISTAN: KÖÇE IÝMITLERINIŇ BARLAGLARYNYŇ NETIJELERI, ÝOKANÇ DÄL KESELLERINE ELTÝÄN FAKTORLAR WE ÇAGA SEMIZLIGI

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.86 (7 Ses)

caga semizligiHabaryň iňlisçesi we çeşmesi: Turkmenistan: new findings on street food, NCDs risk factors and childhood obesity.

Bu habar häzire çenli diňe iňlis dilinde çap edildi. Habar Saglyk.org topary tarapyndan has köp sanly türkmenlere maglumat ýetirmek maksady bilen türkmen diline terjime edildi. Terjime üçin Bütindünýä Saglyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyk edilmedi.

2018-nji ýylyň iýul aýynyň 18-22 aralygynda Türkmenistandaky Bütindünýa Saglyk guramasynyň (WHO) döwlet ofisi we BSG-nyň Ýokanç däl Keselleriň öňüni alýan, olara gözegçilik edýän Ýewropa ofisi köçe iýmitleri, ýokanç däl (red. ýürek-damar, rak, diabet, öýken) kesellerine eltýän faktorlar we çaga semizligi ugurlaryndan 3 sany barlagnamanyň ilkinji netijelerini aýan etdiler. Ol netijeler birnäçe üstünlikleriň, şol sanda, birnäçe aladalandyryjy ýagdaýlaryň hem üstüni açdy.

Köçe iýmitleri: ter miweler we gök-önümler, emma ýokary mukdarda duzly we trans-ýagly

FEEDCities – bu GDA (Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy) ýurtlarynda dürli köçe iýmitleriniň düzümini öwrenýän barlagnamadyr. 2016-njy ýylda soňky geçirilen barlaglar ýurduň paýtagty Aşgabadyň ter miweler we gök-önümler bilen birlikde dürli görnüşli iýmitlere baýdygyny tassyklaýar.

Emma, ol iýmitleriň köpüsiniň ideal hasaplanýan möçberden has az iýmitlik gymmaty bar. Esasanam, şor garbanalgalar (ýeňil iýmitler), konditer önümleri, taýýar işdäaçarlar, dönerler we gamburgerler düzüminde aladalandyryjy derejede duz saklaýan ekeni. Ol iýmitleriň her 100 gramyndaky duzuň mukdary 6.6 grama ýetýär. Bu bolsa BSG-nyň günlük iýmegi maslahat berýän duz mukdaryndan (5 gr) has ýokarydyr.

Bu iýmitleriň beýleki aladalandyryjy tarapy bolsa olaryň düzüminde aşa köp mukdarda trans-ýaglaryň we doýgun-ýaglaryň bolmagydyr. Bu esasanam süýji konditer önümlerinde we garbanmalarda köp duş gelýär. Senagatda öndürilýän trans-ýaglary haçanda ergin we gaty ýaglar senagatda gaýtadan işlenilende emele gelýär. Trans-ýaglary iýmek ýürek we rak keselleri bilen birlikde dürli hili keselleriň döremegine getirip bilýär. Barlagnamanyň netijeleri kökelerde tapylan her 100 gr ýagdaky trans-ýaglaryň gündelik iýmeli çäkden 8 esse köpdügini görkezdi.

Duzuň we trans-ýaglaryň şeýle uly möçberlerde ýygy-ýygydan iýilmegi adam saglygyna howp salýar.

Ýokanç däl kesellere eltýän faktorlar: Türkmenistan BSG-nyň Ýewropa Bölegine girýän ýurtlaryň çilim çekmekde we spirtli içgileri içmekde pes görkezijilileriniň arasynda

STEPS barlagnamasy halkara derejesinde ulanylýan gural bolup, ýurtlara Ýokanç däl Keseller barada düýpli maglumatlary ýygnamaga, derňemäge we ýaýratmaga mümkinçilik berýär.

Ýakynda Türkmenistanda geçirilen STEPS barlagnamasynyň netijeleri 2018-nji ýylda ýurtda çilimiň we spirtli içgileriň ulanylyşy örän pes diýip görkezýär. Bu netijelere görä ilatyň 3.4%-i çilim çekýär we 4.8%-i spirtli içgileri içýär.

Bu görkezijiler 2013-nji ýylda Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilen STEPS barlagnamasy bilen deňeşdireniňde mazaly aşaklapdyr. Bu sanlar şu wagta çenli ýakynda STEPS barlagnamalaryna gatnaşan ýurtlaryň içinde iň pesi bolup durýar.

Şeýle-de bolsa, barlagnamanyň tapan açyşlary 7% töweregi ilatyň fiziki hereketliligi BSG-nyň maslahat berýäninden (hepdede azyndan 150 minut orta depginli hereket) has yzdadygyny aýan etdi. Bu ýakynda STEPS barlagnamalaryny geçiren ýurtlaryň içinde iň kiçi görkeziji bolsa-da, ýurtda semizligiň ýaýgynlygy soňky 5 ýylyň içinde üýtgewsizligine galýar: takmynan ilatyň ýarysy semiz bolup, her 7 adamdan 1 adam aşa semizlikden ejir çekýär.

Gan basyşynyň ýokarlanmagyndan ejir çekýänler bolsa ilatyň 25.9%-i bolup, bu aýallary we erkekleri deň derejede öz içine alýar. Bu görkeziji 2013-nji ýyldan bäri ýokarlansa-da, STEPS barlagnamasyny ýakynda geçiren ýurtlaryň arasynda iň pesi bolmagyna galýar. Emma, 2013-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 2018-de ýokary gan basyşa garşy bejergileri alýanlaryň sany azalypdyr.

Peşew nusgalarynyň düzümindäki duz ölçegleri adamlaryň ortaça günlük kabul edýän duzunyň BSG-nyň maslahat berýän mukdaryndan (5 gramdan az) köpdügini görkezdi.

Çaga semizligi: şekeriň we ýaglaryň çakdan aşa köp iýilmegi we fiziki hereketiň azlygy

BSG-nyň Ýewropadaky Çaga Semizligi Gözegçiligi Inisiatiwasy (COSI) 10 ýyldan gowrak wagt bäri başlangyç mekdep ýaşly çagalarda semizligiň we aşa semizligiň görnüşlerini ölçäp gelýär. Türkmenistan bu ugurdan ilkinji barlaglary 2015/2016 ýyllarda geçirdi. Munda ýygnalan maglumatlar gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär.

Barlagnama başlangyç mekdepdäki her 10 oglandan we gyzdan 1 sanysynyň aşa semizdigini, gyzlaryň 2.3%-iniň we oglanlaryň 3.6%-iniň bolsa semizdigini aýan etdi. Şeýle-de, semizligiň esasy sebäpleriniň biri bolan şekerli içgileriň köp içilýändiginiň üsti açyldy. Şol sanda, köke, süýjili nan, bulka, tortlar we perog ýaly ýaglara we şekere baý bolan iýmitler hem köp iýilýän ekeni.

Galyberse-de, barlaglar çagalaryň sport we dürli fiziki oýunlar bilen az meşgullanýandygyny, netijede olarda fiziki hereketliligiň pesdigini görkezdi.

Paýtagtda ýaşaýan gyzjagazlara we oglanjyklara ýurduň başga ýerlerindäki çagalara garanyňda semizlik we aşa semizlik has uly howp salýar

Soňky pikirler we maslahatlar

Umuman alanyňda, Türkmenistan şeýle netijeler üçin we öz ilatynyň saglygyny goramakda edýän aladalary üçin öwgä mynasyp.

Emma, käbir zatlary ösdürmäge mümkinçilik kän. BSG ýurduň ilat saglygyny goraýyşdaky üstünligini artdyrmaga kömek etjek birnäçe maslahatlary jemledi. Bu maslahatlar anyk we jikme-jik çäreleri hödürleýär:

↪ Ýokary gan basyşyň öňüni almaga we oňa gözegçilik etmäge, duz iýmegi azaltmaga üns bermek arkaly we köpçülikleýin ilat saglygy ösdüriş ýollaryny hödürlemek arkaly Ýokanç däl Keseller bilen baglanyşykly ölümleri azaltmak;

↪ Şeýle ýollar arkaly giňden ýaýran iýmitleriň hilini ýokarlandyrmak: trans-ýaglara gadagançylyk girizmek; iýmitlere goşulýan duzuň mukdaryna çäk goýmak; iýmitleriň iýmitlik gymmatyny öňe sürmek; iýmitleriň gaplarynda natriniň, duzuň, doýgun ýaglaryň we trans-ýaglaryň, şekeriň mukdaryny görkezmek;

↪ Mekdep iýmitlerini we fiziki hereket programmalaryny ösdürmäge we berkitmäge degişli kanunlary girizmek arkaly, şekerli içgileriň kabul edilişini azaltmak we saglyk pudagynda daşardaky paýdarlar (red. biznes, jemgyýetçilik guramalary) bilen hyzmatdaşlygy artyrmak arkaly çagalaryň iýmitlenişini ösdürmek.

Terjime eden: Soltan Meňliýewa

  • 3673 gezek okalan