• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • ÝARAMAZ IÝMITLENIŞIŇ TÄSIRLERI NESIL YZARLAÝAR

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÝARAMAZ IÝMITLENIŞIŇ TÄSIRLERI NESIL YZARLAÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

iymit we nesilGöwrelilik döwründe enäniň iýmitlenişiniň çaga saglygyna edýän täsiri uzak wagtlap dowam edýär. Muňa Niderland Açlyk Derňewi (Dutch Famine Study) aýdyň mysaldyr.

Ikinji Jahan Urşunyň soňlarynda Germaniýa niderland hökümeti tarapyndan gurnalan demir ýol işçileriniň iş taşlaýyş hereketlerine gaýtargy hökmünde Niderlandiýanyň käbir böleklerini gabap alýar. Nemesler gabap alan ýerlerine daşardan iýmit harytlarynyň getirilmegini gadagan edýärler. Gadagançylyk ýatyrylan wagty eýýäm ýowuz gyş başlaýar we daşardan iýmit getirmek henizem arzuw bolup galýar. Birnäçe aýlap adamlar açlykdan ejir çekýärler. Diňe tutuş Ýewropa azat edilenden soňra açlygyň hem soňy gelýär.

Bu açlyk döwründe müňlerçe adam ölýär. Açlyk döwründen çykylansoň, ylmy-barlagçylar Niderland Açlyk Döwründe Doglanlaryň Derňewi (The Dutch Famine Birth Cohort Study) atly ylmy derňew işine başlaýarlar. Bu derňewiň üsti bilen olar açlyk döwrüni başdan geçiren göwreli zenanlaryň çagalarynda nähili üýtgeşmeleriň boljakdygyny öwrenmegi maksat edinýärler.

Ylmy barlagçylar açlyk döwründe ene göwresinde heniz düwünçek çagalaryň ulalansoňlar ýürek keselleri bilen kesellemek ähtimallygynyň iki esse ýokary bolýandygynyň üstüni açdylar. Şeýle-de, ol çagalar şizofreniýa, semizlik, süýjülik, rak we stres bilen baglanyşykly keseller bilen kesellemäge has ýakyn bolýarlar.

Gynansakda, subutnamalar açlygyň çagalarda goýan täsiriniň olaryň indiki nesline hem geçýändigini görkezýär. Açlyk döwrüniň jebrini çeken aýallaryň diňe çagalarynyň däl, eýsem agtyklarynyň hem kämillik ýaşyndan soňra saglyk ýagdaýlary ýaramazlaşyp başlady.

Derňewiň peýdaly tarapy bolsa, göwreli zenanlaryň iýmitlenişini gowulandyrsaň diňe olaryň çagalarynyň däl, agtyklarynyň hem durmuşlarynyň gowulanýandygyny habar berýär. Ýa-da derňewiň awtorlarynyň aýdyşy ýaly: "Göwrelilikde enäniň iýmitlenişiniň gowulandyrylmagy soňky nesilleriň hem saglygyna peýdaly täsir edip biler".

  • 257 gezek okalan
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location