• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • KÖRLER WE KERLER: BIZ NÄMELERI BILMEÝÄRIS?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

KÖRLER WE KERLER: BIZ NÄMELERI BILMEÝÄRIS?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (5 Ses)

TKKJ logoSaglyk redaksiýasy Körler we kerler jemgyýetiniň (TKKJ) Merkezi Müdirliginiň Guramaçylyk-köpçülik bölüminiň müdiri bilen söhbetdeş boldy.

Söhbetdeşlik gysgaldylyp alyndy.

Saglyk: Siz kimler üçin döredilen?

Gürrüňdeş: Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýeti (TKKJ) görüş we eşidiş taýdan maýyplygy bolan adamlar üçin döredilen. Biz Türkmenistanda iň irki açylan jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolup, 1932-nji ýyldan bäri hereket edýäris. 1932-nji ýylda Halk Komissarlar Soweti Körler Jemgyýetini gurmaklyk barada karar kabul edýär, emma bu jemgyýet agza sanynyň ýetmezçiligi sebäpli 1934-nji ýylda ýapylýar we Körler we Kerler Jemgyýetine öwrülýär. Jemgyýetiň Tertipnamasyna görä, biz 18 ýaşdan ululary jemgyýete kabul edýäris. Häzirki wagtda jemgyýetimizde 3328 agza bar.

Saglyk: Edýän işleriňiz barada gürrüň beräýseňiz.

Gürrüňdeş: Biz körler we kerler jemgyýetindäki adamlaryň hemmetaraplaýyn ösüşi üçin zerur şertleri döretmek ugrunda zähmet çekýäris. Biziň esasy maksatlarymyzyň biri maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny we bähbitlerini gorap, olar üçin durmuş taýdan dikeldiş işlerini, zähmete, bilime, medeniýete we sporta çekilmekligi ýola goýmakdyr. Biz olar üçin Türkmenistanda durmuşy ýeňilleşdiriji şertleri döretmäge çalyşýarys.

Meselem, görüș taýdan maýyplygy bolan adamlara el telefonlarynda we kompýuterlarde gürleýän Jaws programmalary, jemgyýetçilik taksileri ýa-da eşidiş taýdan maýyplara elýeterli wideoly aragatnaşyk we ş.m.

Iş üpjünçiligi barada aýtsak, Türkmenistanyň dürli nokatlarynda biziň 10 sany okuw-önümçilik kärhanamyz (OÖK) bar. Agzalarymyz OÖK-lerde önümçilik bilen meşgullanyp, kartonaž, poligrafiýa, mebel, tikinçilik önümlerini öndürýärler.

Material-tehniki üpjünçilik bazasy (MTÜ) kärhanalarymyzda öndürilýän harytlary satmaga we çyg mallary satyn almaga ýardam edýär.

Durmuş taýdan dikeldiş toplumynda (DTDT) görüş we eşidiş taýdan maýyplygy bolan adamlar sag adamlar bilen bilelikde zähmet çekýärler. Diňe Aşgabat şäherinde hereket edýän DTDT binasynda dürli dikeldiş maksatlary üçin birnäçe şertler, okuw kurslary, sport zaly, kitaphana, kompýuter otagy hem-de myhmanhana otaglary gurnalan. Welaýatlardan gelýän agzalarymyz bu myhmanhana otaglarynda mugt galyp bilýärler. Sport zalynyň we küşt kurslarynyň boş wagtyny görmersiňiz. Ýaşlar hem, ýaşulular hem bu ýere ýa küşt oýnamaga ýa-da şeýle söhbet etmäge ýygy-ýygydan gelýärler.

Saglyk: Siziň öndürýän önümleriňizi nireden satyn alyp bolýar?

Gürrüňdeş: Biziň önümlerimizi Aşgabat şäherinden we ähli welaýatlardan satyn alyp bolýar. Muňa degişli ähli maglumat websaýtymyzda hem berlen.

Saglyk: Kimler siziň guramaňyza goşulyp bilýär? Guramaňyza nädip agza bolmaly? Adresiňizi, telefon belgiňizi hem-de sizi welaýatlardan nädip tapmalydygyny paýlaşaýsaňyz.

Gürrüňdeş: Görüş (1-nji we 2-nji topar) we eşidiş maýyplygy bolan we 18 ýaşy dolan islendik adam biziň jemgyýetimiziň agzasy bolup bilýär.

Habarlaşmak üçin:

Websaýtymyz: www.bdst.info

Adresimiz: Aşgabat şäheri, A.Kekilow köçesi, 49 (2068)

Telefon belgilerimiz:

Aşgabat şäher we Ahal welaýaty: 34-76-84

Daşoguz welaýaty: 800-322-2-4-45

Lebap welaýaty: 800-422-9-23-24

Mary welaýaty: 800-522-7-92-66

Balkan welaýaty: 800-222-6-01-32

Saglyk: Häzire çenli näçe adama kömek etdiňiz we nädip?

Gürrüňdeş: Ýokarda hem belleýşim ýaly, biziň jemgyýetimiziň ýaşy-da göwrümi-de örän uly. Biziň Aşgabat şäherinde we ähli welaýatlarda hereket edýän Ilkinji Guramalarymyzyň (IG) müdirlikleri görüş we eşidiş taýdan maýyplygy bolan adamlar barada maglumat ýygnaýarlar, olary jemgyýetimize çekýärler we hasabatyny ýöredýärler. IG-de eşidiş taýdan maýyplygy bolanlar üçin terjimeçiler bar we olar kepilhanalarda, klinikalarda, polisiýa merkezlerinde we başga ýerlerde terjimeçilik işlerinde kömek berýärler. Şeýle-de, IG görüş we eşidiş ukyby pes bolan çagalar bilen işleşýär. Biz bu işi meýletin ýerine ýetirýändigimiz üçin, çagalar barada statistika saklamaýarys. IG giç kör we giç ker bolan adamlara hem durmuş taýdan dikeldiş hyzmatlary bilen kömek edýär. IG hemişe ösüşe ymtylýar. 2017-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň goldawy bilen, her ýyl jemgyýetimiziň ýaş agzalary professional mekdeplere ýazylýar. Șu güne çenli 79 agzamyz okuwa ýerleșdi.

Saglyk: Siz haýsy üstünlikleriňize guwanýarsyňyz?

Gürrüňdeş: Bizde guwanara sebäp känmikä diýýärin. Olaryň biri hem biziň döwlet edaralary, maýyplygy bolan adamlaryň beýleki birleşikleri, we daşary ýurt guramalary bilen dostlukly gatnaşyklarymyzdyr. Biz öz kärhanasynda maýyplygy bolan adamlary iş bilen üpjün edýän az sanly döwlet guramalarynyň biri bolup durýarys. Biziň agzalarymyzyň içinde örän zehinli aýdymçylar, tansçylar, we şahyrlar bar. Biziň jemgyýetimiz körler we kerler üçin kitaphananyň açylmagyna sebäpkär boldy. 2000-nji ýyllarda biz Türkmenistanda maýyplygy bolan adamlar üçin ilkinji köpçülikleýin sport guramasy bolan Maýyplaryň Merkezi Bedenterbiýe-Sport Klubyny (MMBSK) döretdik. Türkmenistanyň dürli ýerlerinde 5 sany täze kärhana açyldy we 2000-nji ýyllardan bäri her ýyl "Sungat we Şygryýet" festiwalyny geçirip gelýäris. Bu festiwal gyzgalaňly ýagdaýda her ýyl bir welaýatda geçirilýär. Şeýle-de, biz Türkmenistanyň Medeniýet Ministrliginiň goldawy bilen, her ýylyň dekabr aýynyň 3-ne paýtagtymyzyň teatrlarynyň ýa-da konsert zallarynyň birinde Halkara Maýyplar Gününi belleýäris.

Saglyk: Işiňizde nähili kynçylyklara duş gelýärsiňiz?

Gürrüňdeş: Biziň jemgyýetimiz garaşsyz görnüşde hereket edýär we maddy we ykdysady taýdan berkemegimiz üçin biziň önümlerimize yzygiderli talap gerek. Biz alyp barýan işlerimiziň çykdajylaryny önümlerimizi satyp gazanýan peýdamyz bilen ödeýäris. Gynansakda, biziň önümlerimize bolan talabyň çäkliligi peýdamyzy we konkurentliligimizi peseldýär. Biz bu meseläni çözmäge döwlet kömek eder diýip umyt edýäris.

Ýene bir kynçylyk hem maýyplygy bolan adamlar barada raýatlaryň bilimini artdyrmak. Muny bolsa diňe maýyplygy bolan adamlaryň özleriniň işjeň gatnaşygy bilen gazanyp bolýar. Onuň üçin hem maýyplygy bolan adamlaryň başlangyç bilimi gowy bolmaly. Biziň jemgyýetimiziň Merkezi Müdirligi ýaş adamlaryň dürli bilim edaralaryndaky (mekdepler, kolležler, tehnikumlar, uniwersitetler) gatnaşygyny artdyrmak üçin Türkmenistanyň Bilim Ministrligi bilen dowamly işleşip gelýär. Biz birnäçe ýaşlary daşary ýurtlara hem ugratdyk. Emma bu ýeterlik däl. Şeýle işler Türkmenistanyň ähli ýerinde alnyp barylmaly.

Saglyk: Ýönekeý türkmen raýatlary hökmünde, biziň okyjylarymyz size nähili kömek edip bilerler?

Gürrüňdeş: Ilki bilen, maýyplygy bolan adamlara mähirli we ünsli çemeleşmegiňizi maslahat berýärin. Maýyplygyň kesel däl-de, fiziki ýagdaýdygyny hem ýatladyp geçesim gelýär. Men maýyplary keselli görgüli ýa-da ejiz hasaplaýan adamlara köp duş gelýärin. Olar bilen nädip aragatnaşyk etmelidigini bilmeýänlere hem az gabat gelmedim. Meniň pikirimçe, maýyplygy bolan adamlara gynançly bakyş däl-de, goldaw we deň mümkinçilikleri bermek olara kömek etmegiň iň täsirli ýoludyr.

Saglyk: Söhbetdeşlik üçin köp sag boluň! Işleriňizde üstünlik arzuw edýäris!

  • 1973 gezek okalan