• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • ŞEPAGAT UÝALARY, DOGANLARY WE GÖBEK ENELER: OLAR NÄHILI BOLMALY?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ŞEPAGAT UÝALARY, DOGANLARY WE GÖBEK ENELER: OLAR NÄHILI BOLMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

sepagat uyaŞepagat uýalary, şepagat doganlary, we göbek eneleri (akuşerka, akuşer) saglyga degişli hyzmatlary üpjün etmekde möhüm rol oýnaýarlar. Olar adamlaryň gündelik saglyk zerurlyklaryny üpjün etmäge, enelere we çagalara seretmäge, ölümden goraýjy immunizasiýa geçirmäge we saglyk maslahatlaryny bermäge, gartaşan adamlara ideg etmäge kömek edýärler. Olar köp jemgyýetlerde entek tapdyrýan ýeke-täk saglygy goraýyş işgärleridir. 2030-njy ýyla çenli dünýäniň ähli ýerinde saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterli bolmagy üçin, adamzat jemgyýetçiligine ýene 9 million şepagat uýasy we göbek ene gerek.

Şonuň üçin Dünýä Saglyk Assambleýasy 2020-nji ýyly "Şepagat Uýasynyň, Doganynyň we Göbek Enäniň Halkara Ýyly" diýip yglan etdi.

Döwrebap şepagat uýasy hünäriniň ýodasyny "Çyraly Zenan" ady bilen tanalýan Florens Naýtiňgeýl (1820-1910) çekýär. Florens ömrüniň dowamynda saglyga degişli 150 sany kitap, kitapça we hasabat ýazýar. Ol hassahanalary has arassa we has howpsuz ýerlere öwürýär.

Pikirlenmäge faktlar

↪ Şepagat uýalary we göbek eneleri dünýäniň saglygy goraýyş işgärleriniň 50% tutýar.

↪ Dünýä ýüzünde saglygy goraýyş işgärlerine, esasan hem şepagat uýalaryna, şepagat doganlaryna we göbek enelerine 50% ýetmezçilik bar.

↪ Ähli adamyň sagdyn bolmagyny gazanmak üçin şepagat uýalarynyň, doganlarynyň we göbek eneleriň sany ýeterlik, bilimi ýokary hilli, abraýlary we goldawlary uly bolmaly.

↪ Birleşen Milletler Guramasy şepagat uýalaryna, doganlaryna we göbek enelerine goýlan her bir maýa goýmunyň müňlerçe esse bolup gaýdyp gelýändigini tassyklaýar. Saglyk pudagynda iş ýerlerini döretmek we saglygy goraýyş işgärlerini ýetişdirmek ýurda ykdysady, saglyk we howpsuzlyk taýdan uly ösüşler getirýär.

↪ Dünýäde saglygy goraýyş we jemgyýetçilik işgärleriniň 70%-ni zenanlar düzýär. Ol zenanlaryň hem aglabasy şepagat uýasy we göbek ene bolup zähmet çekýärler.

Maglumatlaryň çeşmesi

Bütindünýä Bankynyň 2014-nji ýyldaky hasabatyna görä, Türkmenistanda her 1000 adama 4,6 şepagat uýasy düşýär. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň içinde bu görkeziji iň pesidir (Gazagystan – 8,5, Özbegistan – 12,1, Gyrgyzystan – 6,4, Täjigistan – 5,2).

Türkmenistanda şepagat uýalarynyň we doganlarynyň, göbek eneleriň işleri barada sen näme bilýärsiň? Olar nähili kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar? Sen olaryň edýän işlerine nähili baha berýärsiň?

  • 3397 gezek okalan