• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • СRISPR: GEN ÜÝTGETMEK NÄME?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

СRISPR: GEN ÜÝTGETMEK NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

CRISPR gene editingGen üýtgetmek (iňlisçe: gene editing) – bu tehnologiýa arkaly organizmiň DNK-syny üýtgetmekdir. Munuň üsti bilen genomyň islendik ýerine genetik material goşup, aýryp ýa-da özgerdip bolýar.

Gen üýtgetmek dürli maksatlar üçin ulanylýar:

↪ Genetik taýdan modifisirlenen organizmleri (iňlisçe: GMO) ýasamak;

↪ Ösümlikleriň we haýwanlaryň hilini we hasylyny gowulandyrmak;

↪ Gen terapiýasy arkaly adamlarda döreýän käbir keselleriň öňüni almak we bejermek.

CRISPR näme?

CRISPR (iňlisçe: Clustered Regularly Interspaced Short Palindromic Repeats) – bu gen üýtgetmek üçin ulanylýan gurallaryň bir görnüşi.

CRISPR tejribede

Häzire çenli CRISPR bejergilerinde üýtgediljek öýjükler näsagyň bedeninden aýrylyp, laboratoriýada üýtgedilip, soň yzyna goýulýardy. Muňa mysal hökmünde Amerikada ýaşaýan 34 ýaşly Greýiň alan bejergisini görkezmek bolar. Greý nesil yzarlaýjy orak şekilli öýjükleriň keselinden (серповидно-клеточная анемия – rusça) ejir çekýärdi. CRISPR-yň kömegi bilen, lukmanlar onuň süňk ýiligini aýryp, ýiligiň gen öýjüklerini üýtgetdiler we yzyna saldylar.

Ýakynda ilkinji gezek CRISPR ulanyp, DNK-ny bedenden aýyrman üýtgetmäge synanyşdylar. Bu eksperimenti örän seýrek duş gelýän genetik näsazlyk sebäpli kör bolan meýletinçi näsagda geçirdiler. Lukmanlar gözdäki meseleli genleri duran ýerinde üýtgetmek arkaly näsagy körlükden halas etmäge synanyşýarlar. Bejerginiň netijeleriniň birnäçe aýdan belli bolmagyna garaşylýar.

Gen üýtgetmegiň ahlak meseleleri

2019-njy ýylda hytaý alymy ýatgydaky ekiz çagalaryň genini üýtgetmek bilen bütin dünýäniň ünsüni çekdi. Hytaý hökümeti bu hereketi "döwlet kanunynyň bozulmagy" diýip yglan etdi. Köp alym CRISPR-yň entek adam düwünçeginde ulanmak üçin ýeterlik derejede howpsuz we takyk däldigini tassyklaýar. Şeýle-de bolsa, bu eksperimentde gen üýtgetmegiň ýagty gelejegini görýänler hem az däl.

Haçanda ynsan genini üýtgetmekden söz açylanda, ahlak soraglary ýüze çykýar. Gen üýtgetmek bilen bagly açyşlar adamyň beden öýjüklerinde, ýagny ýumurtga we sperma degişli däl öýjüklerinde edildi. Bu öýjüklere edilýän genetik üýtgeşmeler adamyň indiki nesline geçmeýär. Emma, ýumurtga ýa-da sperma öýjüklerinde gen üýtgetme geçirseň, bu indiki nesillere hem täsir edip bilýär. Bu genleri üýtgetmek çaganyň has kämil dogulma mümkinçiliklerini hödürlese-de (zehinli, uzyn boýly), munuň heniz ahlak we howpsuzlyk taýdan dogry hasaplanylmaýandygy sebäpli köp ýurtda çaga düwünçeginiň genini üýtgetmek gadagan edilen.

Sen CRISPR tehnologiýasynyň hödürleýän mümkinçiliklerine nähili garaýarsyň?

  • 202 gezek okalan