• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • HAPA HOWA RAK KESELINE SEBÄPKÄRLERIŇ SANAWYNDA

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

HAPA HOWA RAK KESELINE SEBÄPKÄRLERIŇ SANAWYNDA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

hapa howa rak sebabiHowa hapalaýjy bölejikler demgysma we allergiýadan başga, onkologik kesellere-de eltip bilýär.

Hapa howanyň öýken ragy bilen bagly bolmagy geň zat däldir. Biz hapa howadan dem alanymyzda gaty bölejikleri içimize sorýarys we olar organlarymyza ornaşyp, onkologik keselleriň emele gelmegine getirýär. Soňky barlaglar howanyň hapalanmagynyň bagyr ragynda, süýt we aşgazanasty mäzleriniň ragynda ölüm howpuny hem artdyrýandygyny görkezýär.

Gonkong we Birmingem alymlary howa hapalaýjy PM2.5 ownujak bölekleriň adam bedenine edýän uzak wagtlaýyn täsirini seljerdiler. Ylmy barlaga Gonkongyň ýaşy 65-den geçen 66280 ýaşaýjysy gatnaşdy. Gatnaşyjylar 1998-2001 ýyllar aralygynda seljerip alyndy. Ondan soňky ýyllaryň dowamynda alymlar olaryň netijelerine gözegçilik etdiler. Barlagyň netijeleri şuny görkezdi: Her bir kub metr meýdana PM2.5 bölejikleriniň 10 mikrogram (mkg/m3) artykmaç täsiri onkologik ölümleriň sanyny 22% artdyrýar.

Giňişleýin aýtsak, hapa howada:

↪ Iýmit siňdiriş ýolunyň ýokarky bölekleriniň ragynda ölüm howpy 42% artýar.

↪ Bagyr, öt kanaly, öt we aşgazanasty mäzi ýaly organlary öz içine alýan kömekçi iýmit siňdiriş organlarynyň ragynda ölüm howpy 35% artýar.

↪ Süýt mäzleriniň rak keselinde bolsa, ölüm howpy 80% artýar.

Awtorlar bu barada mümkin bolan birnäçe düşündirişler berdiler. Howanyň hapalanmagy adam DNK-synda näsazlyklar döredip, täzeden dikeliş prosesiniň haýallamagyna getirip bilýär. Ýa-da, bedeniň immun daýanyklylygynyň bozulmagyna ýa sowuklama getirip, netije-de angiogenez başlaýar – täze gan damarlary emele gelýär we çişleriň ýaýramagyna getirýär. Şeýle hem, alymlar howanyň hapalanmagy içegäniň mikrobiotikasyna zyýan ýetirip, rak keseliniň emele gelme howpuny artdyryp bilýär diýip belleýärler.

Gazagystanda hem PM2.5 howa hapalaýjy bölekleri agdyklyk edýär. Astanada olaryň derejesi ýyllyk bolmalysyndan 2,5 esse köp. Almatyda bolsa, howanyň hili soňky döwürde diňe ýekeje gün kadadan çykmady.

Goňşy döwletimiziň onkologik ýagdaýlary hem örän geň galdyryjy: Gazagystan aşgazan ragyndan ýogalýanlaryň sany boýunça dünýäde 10-njy ýerde we aşgazanasty mäziň ragyndan ýogalýanlaryň sany boýunça 1-nji ýerde durýar. Şeýle-de, ýurtda süýt mäzleriniň onkologiýasy giňden ýaýran.

Makalanyň asyl nusgasy

  • 259 gezek okalan