• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • ÝAŞLARDA IŞSIZLIK WE RUHY SAGLYK

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝAŞLARDA IŞSIZLIK WE RUHY SAGLYK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

yaslar we issizlikAwgust 12 – Bütindünýä Ýaşlar Güni

Okyjalarymyzyň köp böleginiň ýaşlardygy sebäpli, bu ýyl Bütindünýä Ýaşlar gününde ýaşlaryň işsizligi we ruhy saglygy meselesini gozgamagy makul bildik.

Ruhy saglyk – bu adama öz potensiýalyny görkezmäge, stresi ýeňip geçmäge, öndürijilikli zähmet çekmäge we jemgyýete peýdaly goşant goşmaga mümkinçilik berýän ruhy we sosial abadançylyk ýagdaýydyr. Adamyň durmuşynyň ähli bölegi onuň ruhy saglygyna täsir edip bilýär.

Ýaşlaryň işsizligi näme?

Ýaşlaryň işsizligi – bu 15-24 ýaş arasyndaky işe ukyply adamlaryň işsiz galmagydyr. Dünýä ýüzünde ýaşlaryň işsiz galma howpy ulularyňkydan üç esse ýokarydyr. 2017-nji ýylda ýaşlaryň global işsizligi 13% ýetdi. Ýaşlaryň ençemesi az aýlykly, durnuksyz ýa-da resmi däl işleri edýärler.

Ýaşlaryň işsizligi we ruhy saglyk ylmyň gözi bilen

Dürli döwletlerde alymlar işsizligiň adam saglygyna ýetirýän täsirlerini derňäp öwrenýärler. Meselem, Amerikada geçirilen bir ylmy barlagyň netijeleri işsiz ýaşlaryň işleýän ýaşlardan 3 esse ruhyçökgün bolýandyklaryny görkezýär. Şwesiýada we Belgiýada geçirilen barlaglara görä hem, işsizlik ýaşlaryň ruhy saglygyna ýaramaz täsir edýär.

Sebitimizde ýaşlaryň işsizlik ýagdaýy

Ýewropada we Merkezi Aziýada ýaşlaryň işsizlik görkezijisi (15.7%) dünýä boýunça umumy görkezijiden (13.8%) has ýokarydyr. Şeýle-de bolsa, sebitde ýaşlaryň işsizligi 2012-nji ýyldan bäri her ýyl peselip gelýär. Ýene bir bellemeli zat, sebitde işlemeýän, okamaýan, we iş türgenleşigini geçmeýän (NEET) ýaşlaryň içinde gyzlaryň sanynyň (17.1%) oglanlardan (12.8%) dört göterim köp bolmagydyr. Dünýä ýüzünde welin, işlemeýän, okamaýan we iş türgenleşigini geçmeýän her 3 ýaş adamyň ikisi gyz maşgaladyr.

Bütindünýä Bankynyň 2019-njy ýyldaky hasabatyna görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýaşlaryň işsizlik derejeleri: Türkmenistanda 8.3%, Gazagystanda 3.9%, Gyrgyzystanda 14.4%, Özbegistanda 11.6%, Täjigistanda 20.8%.

UNICEF-iň 2019-njy ýylda Türkmenistanda geçiren ýaşlaryň ýagdaýlaýyn analizine görä:

↪ Türkmenistanda 65 ýaşdan ýokary adamlaryň sanyndan çagalaryň sany has köp. BMG-nyň çaklamalaryna görä, ýurtda 10-29 ýaş aralygynda iki milliondan gowrak adam bolup, olar tutuş ilatyň 40 göterimini düzýärler.

↪ Türkmenistanda 15-24 ýaşly aýallaryň 57.5% kompýuter ulanyp bilýär we 39.3% internet ulanýar. 15-49 ýaş aralygyndaky aýallaryň jemgyýetçilik mediýasyndan (gazet, radio, telewizor) peýdalanýanlary 20.7%.

↪ Bilim üçin edilýän jemgyýetçilik çykdajylary 2014-nji ýyldaky 4.9 göterimden 2016-njy ýylda 3.3 göterime düşdi. Bu bolsa, bilim sektoryny maliýeleşdirmegiň pugtalaşdyrylmalydygyndan habar berýär.

↪ Ýokary okuw jaýlarynda okaýan ýaşlaryň sanynyň köpelendigine garamazdan, ýokary okuwa bolan talap heniz hem doly berjaý edilip bilinmeýär. Bu bolsa köp talyplaryň ýokary bilimi daşary ýurtlarda almagyna sebäp bolýar.

↪ Barlagnama gatnaşan talyplaryň üçden bir bölegi durnukly, pensiýa güwä geçýän döwlet wezipelerinde işlemek isleýändiklerini aýtdylar. Bu töwekgelçilik edip, öz biznesini başladasy gelýänleriň örän azdygyny görkezýär.

↪ 2015-nji ýylda täze döredilen işleriň sanynyň 10,897-den 2020-nji ýyla çenli 92,984-e ýetmegine garaşylýar. Emma, iş gözleýän adamlaryň sany hem 2014-nji ýylda 78,200 bolan bolsa, 2015-nji ýylda 80,300 ýetdi.

↪ Iş gözleýänleriň 49.4 göterimini 18-29 ýaş aralygyndaky ýaş adamlar düzýärler. Şeýle-de, iş gözleýän dalaşgärleriň köpüsiniň (58.2%) diňe başlangyç bilimi bolup (orta mekdebi gutaran ýa-da gutarmadyk), hiç hili ýörite bilimi ýa-da iş türgenleşigi ýok.

Gadyrly okyjy, seniň pikiriňçe Türkmenistanda ýaşlaryň işsizligine nämeler sebäp bolýar? Işsizlik türkmenistanly ýaşlara nähili täsir edýär? Seniň özüň ýa tanaýanlaryň işsizligi başdan geçirip gördümi?

  • 1431 gezek okalan