• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • MUGALLYM-PSIHOLOGLAR NÄHILI MESELELERIŇ ALADASYNY ETMELI?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

MUGALLYM-PSIHOLOGLAR NÄHILI MESELELERIŇ ALADASYNY ETMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.86 (7 Ses)

mugallym psiholog2020-nji ýylyň aprel aýynda arzuw.news habarlar gullugy ýurdumyzyň okuwçy sany 300-den geçýän orta mekdeplerinde mugallym-psiholog wezipesini döretmek meselesiniň gozgalandygy barada habar berdi. Bu habar bizi begendirdi we pikirlerimizi we maslahatlarymyzy paýlaşmaga höweslendirdi.

Häzirki wagtda, dünýäde mekdep ýaşyndaky çagalaryň we ýetginjekleriň psihologik ýagdaýy gitdigiçe durnuksyzlaşýar. Şol sebäpli, okuwçylara psihologlaryň goldawy örän möhümdir. Türkmenistanly mekdep okuwçylaryna, esasan, aşakdaky iki möhüm meselede psihologlaryň goldawy gerek diýip pikir edýäris:

1. Çagalaryň birek-birege edýän rehimsizligi (iňlisçe: bulling) – okuwçynyň deň-duşlary tarapyndan yzygider gorkuzmalara ýa-da kemsidilmelere sezewar edilmegi;

2. Ýetginjekleriň (13-18 ýaş) janyna kast etmesi (suisid).

Bulling barada, gynansakda, ýurdumyz boýunça hiç hili resmi maglumat ýok, emma UNICEF-iň Gazagystanda geçiren sowalnamasynyň netijelerine görä, mekdep çagalarynyň 36%, ýagny üçden biri deň-duşlary tarapyndan gorkuzmalara we kemsitmelere sezewar bolýarlar (sahypa 48). Bu örän uly sandyr.

Sebitimizde 15-24 ýaşlylaryň arasyndaky suisid barada BSGG görkezijileri (2015):

Türkmenistanda: 100.000 ilatdan ~ 5,09 (gyz – 4,16; oglan – 6,01)

Gazagystanda: 100.000 ilatdan ~ 16,81 (gyz – 9,88; oglan – 23,52)

Gyrgyzystanda: 100.000 ilatdan ~ 9,13 (gyz – 6.51; oglan – 11,67)

Hasabatda, esasan, oglanlaryň suiside has ýykgyndygyny görüp bolýar. Umuman sanlary deňeşdireniňde, bizde ýagdaý goňşy döwletleriňkiden ýagşyrak ýaly. Emma, ýurdumyzda umumy janyna kast edýänleriň uly böleginiň ýetginjeklerdigini unutmaly däl. Bu örän gynandyryjy ýagdaý. Biziň ýurdumyzda bu mesele barada jikme-jik statistika ýok, ýagny, takyk sanlar aýan edilmeýär. Belki hasap ýöredilýän hem däldir. Emma goňşy döwletlerimiz Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň hökümetleri UNICEF (BMG-nyň çagalar gaznasy) bilen bilelikde bullingiň we suisidiň öňüni alyş çärelerini işläp düzdüler we eýýäm birnäçe ýyl bäri bu meselelere garşy göreşip gelýärler. Olaryň geçirýän esasy netijeli çäreleri:

↪ Ýörite tälim alan mugallym-psihologlar tarapyndan, beýleki mekdep işgärleriniň goldamagynda, çagalaryň özüni alyp baryşlaryna gözegçilik etmek. Bullinge sezewar bolýan, oňa baş goşýan, we suiside meýilli çagalary anyklamak;

↪ Şeýle ýagdaýdaky çaga bilen söhbetdeşlik geçirmek, oňa kömek hödürlemek;

↪ Bu ýagdaýlaryň döremeginiň düýp sebäplerini öwrenmek we anyklamak niýeti bilen barlaglar geçirmek;

↪ Bu çagalaryň maşgala ýagdaýyny öwrenmek we ene-atalar bilen söhbetdeşlik geçirmek, bile işleşmek;

↪ Meseleleriň takyk we açyk hasabatyny ýöretmek.

Gepiň tümmek ýeri, suisidiň we bullingiň ikisi hem soňy pajygaly ýagdaýa eltip biljek meselelerdir. Şol sebäpli, ýurdumyzyň mekdeplerinde mugallym-psiholog wezipesi döredilenden soňra, şu iki meseläni ilkinjileriň hatarynda meýilnama ornaşdyryp, okuwçylar bilen ýakyndan işleşseler, mekdep ýaşly çagalara, ýetginjeklere we olaryň ene-atalaryna ummasyz goldaw bolardy.

Mundan başga-da, şeýle wajyp meselelerde hökümet (saglygy goraýyş ýa-da beýleki degişli edaralar) tarapyndan halka elýeter bolan hasabatlar alnyp barylmalydyr. Bu bir tarapdan halkyň habardarlygyny we hüşgärligini artdyrsa, beýleki tarapdan ýurtda ýagdaýyň nähilidigini anyklamak we betbagtçylygyň öňüni alyş çärelerini gurnamak üçin örän möhümdir.

Seniň pikiriňçe, mekdepdäki psihologlar haýsy meseleleriň aladasyny etmeli?

  • 1624 gezek okalan