• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • A SEN СOCA-COLA IÇÝÄRMIŇ?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

A SEN СOCA-COLA IÇÝÄRMIŇ?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

coca cola icyarmin

"Türkmenistan Coca-Cola Bottlers Limited" (TCCB) kärhanasy ýurtda içgilerini öndürmegi 2017-njy ýylda bes edipdi we 2020-njy ýylyň iýul aýynda gaýtadan önümçilige başlady. Biz kärhananyň 2017-nji ýylda näme sebäpden ýapylandygy hakynda maglumat tapyp bilmedik. Ýöne kompaniýanyň metbugat sekretary ýapylmazdan öň beren interwýusynda "walýuta çalşygy meselesi sebäpli çig mal ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny" aýdypdy.

Türkmenistan we Сoca-Cola

Türkmenistanda Сoca-Cola 1998-nji ýylda öndürilip başlady we 22 ýylyň dowamynda ýurt boýunça 11,000-den gowrak söwda nokatlarynda öz önümlerini hödürleýär. 2009-njy ýyldan başlap, Coca-Cola içgilerini öndürmek jogapkärçiligini Türkiýäniň CCI (Coca-Cola Içecek) kärhanasy öz boýnuna alyp, TCCB kärhanasyny 59.5% aksiýasyny satyn aldy. Kärhananyň çykarýan önümlerine Bonaqua, Coca-Cola, Coca-Cola Zero, Fanta Mandarin we Sprite degişlidir. CCI-niň Türkmenistanda bir kärhanasy hereket edýär we ol ýerde 350 adam işleýär. Biz türkmenistanlylaryň anyk haýsy içgileri halaýandygyny öwrenýän ylmy-gözleg işlerini tapyp bilmedik. Ýöne synçylara görä, Coca-Cola önümleriniň ähli ýaşdaky adamlaryň arasynda meşhurdygyna göz ýetirip bolýar we biz ol içgileriň adam saglygyna ýetirýän täsirini görkezýän soňky ylmy-barlaglara ünsüňizi çekmegi makul bildik.

Lukmanlar: şeker, şekerli suwlar we seniň saglygyň

Alymlar gündelik kabul edýän gandymyz bilen semizligiň, süýji keseliň, rak keselleriniň, we dişleriň çüýremeginiň gönüden-göni arabaglanyşygynyň bardygyny belleýärler. Alymlar, lukmanlar we BSGG adamlary hem-de häkimiýetleri bu babatda pikir etmäge çagyrýarlar. Iýýän, içýän tagamlarymyza täzeden göz aýlamalydygy barada nygtaýarlar.

Biotehnologiýa Maglumatlary üçin Milli Merkeziň 2016-njy ýylda çap eden makalasynda, goşulan şekeriň aşa kabul edilmegi netijesinde - metabolik keseller, ýürek-damar keselleri, 2-nji görnüşli süýji keseli (diabet) we alkogolsyz ýagly bagyr keseli, şeýle hem urik kislotasynyň ýokary dereje gan aýlanyşygy, böwrek daşlary ýüze çykyp bilýär.

Şekeriň mukdary: 355 ml kola gutusynda 39 gram şeker bolýar we ol 10 çaý çemçesinden ybarat şekere barabardyr. BSGG-nyň maslahat bermegine görä, şekeriň mukdary bir günüň dowamynda umumy iýilýän iýmitleriň 5%-den köp bolmaly däl. Bu bolsa, 25 grama ýa-da 6 çaý çemçesine deňdir. Bu çäklendirme diňe iýmitlere goşulýan gandy içine alman, adaty ýagdaýda duş gelýän (gant goşulmadyk) önümleri hem içine alýar: bal, sirop, sok, we ş.m.

Boş kaloriýalar: Ylmy-gözlegleriň netijeleri şekerli içgileriň kabul edilmegi we artykmaç kaloriýa almagyň arasynda yzygiderli arabaglanyşyk görkezýärler. Şekerli içgiler az mukdarda iýmit we ýokary mukdarda kaloriýa berip, ýokumly iýmitleriň gerekli mukdarda kabul edilmegine zeper ýetirýärler. Gant adamyň "dokluk" duýgusyna böwet bolýar we artyk iýmitlenmegine sebäp bolýar.

Сoca-Сola näme diýýär?

Coca-Cola kompaniýasy şeker hakynda berlen maglumatlara, barlaglara we käbir ýurtlaryň şekere salan salgydyna (şeker salgydy) jogap hökmünde, 2018-nji ýylda içgileriniň 44%-den gowragyny kiçi 250ml gutuda çykaryp başlady we kiçi gutularda adamlar şekeriň mukdaryny azaldyp biler diýen umyt bilen çykyş etdi. 250 ml gutudaky kolada 28gram şeker bolýar. Mundan başga-da, Coca-Cola kompaniýasy birnäçe şekeri azaldylan we şekersiz içgileri (Diet Coke, Coke Zero Sugar, Sprite Zero we ş.m) çykaryp başlady. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, kola gutularynyň arkasynda içgileriň düzüminde şeker we kaloriýa mukdarlary hem ýerleşdirilýär. 2020-nji ýylyň ýanwarynda Coca-Cola öz web sahypasynda "Aşa semizlik 2-nji derejeli süýji keselini döredýän esasy sebäpleriň biridir. Gereginden artyk şekerli içgileri içmek, köp kaloriýaly naharlary iýmek beden agramynyň artmagyna eltip biler, bu bolsa süýji keseliniň döreme howpuny ýokarlandyrar. Şo sebäpli islendik iýýän we içýän zatlaryňyzda şekeriň mukdaryny azaltmaga synanyşyň." diýen belligi çap etdi.

Coca-Cola we onuň ylmy işlere edýän sponsorlygy

Barlaglara görä, Coca-Cola kompaniýasy alymlara ylymy barlag geçirmekde sponsorlyk edýär we gözlegleriň netijelerine täsirini ýetirip bilýär. Iýmitleniş hünärmenleri senagatlar tarapyndan maliýeleşdirilýän ylmy barlaglaryň döwlet syýasatyna we iýmitleniş maslahatlaryna täsir etmek üçin ulanylýandygyny aýdýarlar. Coca-Colanyň sponsorlyk eden ylmy işlerinde köplenç semizligiň esasy sebäbi şekerli içgiler däl-de, fiziki işjeňligiň ýetmezçiligi diýlip görkezilýär. Şonuň üçin, her gezek Сoca-Cola önümlerine degişli täze ylmy barlag çap edilende, lukmanlar we barlagçylar barlaga kimiň sponsorlyk edýänine üns çekýärler we ilat bilen maglumatlary paýlaşýarlar.

A sen Сoca-Cola içýärmiň?

  • 403 gezek okalan