• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • DÜŞÜNDIRIŞ: TÜRKMENISTAN WAKSINALAR ÜÇIN IKI ESSE KÖP PUL HARÇLAR

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DÜŞÜNDIRIŞ: TÜRKMENISTAN WAKSINALAR ÜÇIN IKI ESSE KÖP PUL HARÇLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

waksinalar dusundirisTürkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy 2021-2025 ýyllar üçin waksinalaryň we immunizasiýa serişdeleriniň satyn alnyşynyň maliýe serişdeleriniň öňki döwür bilen deňeşdirilende iki esse köpeldilendigini habar berýär.

Maliýe serişdeleri

↪ ÝUNISEF (UNICEF) bilen Türkmenistanyň Hökümeti 2021-2025 ýyllar üçin waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almagyň meýilnamasyna gol çekdi. Meýilnama we baglanyşylan şertnama ilata elýeter däl.

2016-2020 ýyllar aralygynda hökümet ilaty waksina bilen öňüni alyp bolýan kesellerden goramak üçin 40 million ABŞ dollaryndan gowrak pul harçlady. Şeýle-de, hökümet ýene 3 infeksiýa (pnewmokok, rotawirus, gepatit A) garşy waksina satyn almak üçin goşmaça 17 million ABŞ dollaryny harçlady.

↪ 2021-2025 ýyllarda Türkmenistan sanjymlary satyn almak üçin 83 million dollardan gowrak serişde harçlar. Munuň üçin habarda görkezilen sebäpler: "Çaga dogluşynyň görkezijileri we täze sanjymlaryň girizilmegi göz öňünde tutulyp, döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän öňki döwür bilen deňeşdirilende, immunobiologik serişdeleri satyn almak üçin maliýe serişdeleri iki esse köpeldildi".

↪ ÝUNISEF-iň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda çaga dogluşynyň koeffisiýenti bir aýala 3,2 dogruma deň (2016 ýyl), 2019-nji ýylyň hasabaty boýunça çaga dogluşynyň koeffisiýenti bir aýala 3 dogruma deň.

Sanjymlaryň tertibi

↪ Häzirki wagta Türkmenistanyň milli kalendarynda 14 infeksiýa garşy waksina bar. Täze meýilnama degişli habarlarda hem şol bir 14 waksinanyň satyn alynjagy bellenilýär, ýagny hiç hili täze waksinanyň ady bellenilmeýär.

↪ Türkmenistanda ilatyň immunizasiýasyna degişli resmi sanlary BSSG-nyň web sahypasynda görüp bolýar. Hasabat sahypasyna görä, ilatyň 99% waksinasiýadan geçen.

↪ Türkmenistanda soňky üç ýylyň içinde diňe hapgyrtma we gökbogma bilen kesellänleriň sanlary görkezilýär: Hapgyrtma (swinka) keseline duçar bolanlar: 2017-nji ýylda 24 adam, 2018-nji ýylda 15 adam; Gökbogma (koklýuş) keseline duçar bolanlar: 2016-njy ýylda 2 adam.

↪ Türkmenistanda ähli çagalara waksina sanjymlary tölegsiz berilýär. 24-35 aýlyk çagalaryň 95% bir ýaşa ýetmänkäler maslahat berlen waksinalary alýarlar.

  • 1213 gezek okalan