• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • ARAL DEŇZINIŇ KRIZISI WE ONUŇ ADAM SAGLYGYNA TÄSIRI: NÄMELER BELLI?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ARAL DEŇZINIŇ KRIZISI WE ONUŇ ADAM SAGLYGYNA TÄSIRI: NÄMELER BELLI?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (7 Ses)

Aral we adam saglygy

Çeşme: UNEP/GRIDA

Aral deňziniň ýagdaýy barada gysgaça maglumat

Aral deňzi Gazagystanyň we Özbegistanyň territoriýasynda, Garagum we Gyzylgum çölleriniň aralygynda ýerleşýär. Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, we Özbegistan döwletleriniň ählisi Aral deňzi bilen araçäkleşýärler. Deňziň suwunyň derejesi 1960-njy ýyllarda peselip başlady. 1960-njy ýyldan häzirki güne çenli, Aral deňziniň tutýan meýdany 10 esse kiçeldi.

Aral deňziniň guramagynyň esasy sebäbi: Amy derýanyň we Syr derýanyň suwlarynyň köp böleginiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ekin meýdanlaryny suwarmak üçin ulanylmagydyr. Munuň netijesinde, Araly suw bilen üpjün etmeli derýalaryň 100% suwlarynyň diňe 5.2%-i Arala baryp ýetýär. Aralyň guramagyna täsir eden ýene bir faktor hem demografiýadyr. 20-nji asyryň ikinji ýarymynda, Aral deňziniň sebitiniň ilaty güýçli depginde köpelip başlady. Eger laýyk çäreler görülmese, gelejekde hem, Merkezi Aziýanyň ilatynyň köpelmegi bilen, suwa bolan talap we suw ýetmezçiligi artar.

Aral deňziniň adam saglygyna täsiri

Deňziň guran böleginde meýdany 5 million gektardan geçýän Aralkum çöli emele geldi. Güýçli ýeller Aralyň guran düýbündäki çägäni, duzy, we tozany 500 kilometre çenli äkidip, Özbegistana, Gazagystana, we Türkmenistanyň hem käbir ýerlerine ýetirýärler. Deňziň suwunyň biçak duzlulygy onuň töweregindäki ösümlik we haýwanat dünýäsine erbet täsir etdi. Ekologik sredanyň zaýalanmagy ýerli ilatyň saglygynyň birden ýaramazlaşmagyna sebäp boldy.

1998-nji ýylda, tozanyň respirator saglygyna edýän täsirlerini öwrenmek maksady bilen, Türkmenistanyň Aral deňziniň günortasynda ýerleşýän böleklerinden (Bokurdak, Ýerbent, Derweze, Şasenem, Köneürgenç, Daşoguz, Darganata, Seýdi, Çärjew, Garabekewül, Repetek, Baýramaly, Tejen, Kaka, Änew, Aşgabat) nusgalar alnyp, barlandy. Netijede, bu ýerlere gelip çökýän tozan derejesiniň dünýäde iň ýokarydygy belli boldy. Şeýle-de, indi pestisidleriň yzygiderli sepilmeýändigine garamazdan, ähli barlanan nusgalardan köp mukdarda fosalon galyndylary tapyldy. Daşoguz ýaly suwarymly ekerançylyk ýerlerinde bolsa, onuň konsentrasiýasy has ýokary bolup çykdy. Aral deňzinde we onuň töweregindäki topraklarda kadmiýniň we gurşunyň hem konsentrasiýalary ýokary – bularyň we beýleki toksinleriň hem dem alynýan tozanly howa düşýän bolmagy örän ähtimaldyr.

Howa hapalanmasy we respirator saglygy

Aral deňziniň guran böleklerindäki tozanyň we duzuň ýokary galmasy arkaly howa hapalanmasy döreýär. Tozanly tupanlar hroniki keselleriň (esasan hem respirator keselleriniň) ýitileşmegine alyp barýar: hroniki bronhit, bronhial demgysma, inçekesel, we täze döreýän spesifik we spesifik däl keseller. 2000-nji ýylda bir ylmy-gözleg ýerli çagalaryň dem alyş funskiýasyny barlady. Gözlegiň netijeleri Aral deňzinden 200 kilometr daşlykda ýaşaýan çagalaryň has köp üsgürýändigini görkezdi. Emma, giňden ýaýran demgysma bilen tozanly howanyň arasynda baglanyşyk tapylmady. Käbir çeşmeler Aralyň töweregindäki köp sanly inçekesel hadysalaryny beterleşen garyplyk, ýagny şahsy gigiýenanyň we ýeterlik iýmitlenmäniň ýaramazlaşmagy bilen baglanyşdyrýarlar.

Suw hapalanmasy

Aral deňziniň sebitindäki ýaşaýyş ýerlerindäki (Özbegistanyň we Gazagystanyň Arala ýanaşýan territoriýalary) keselleriň esasy sebäbi suw ýetmezçiligi we agyz suwunyň hapalanmasydyr. Sebitde Gepatit A we içgeçme keselleri köp gabat gelýär. Şeýle-de, oba-hojalygynda ulanylýan pestisidler suw geçirijilerine düşýärler we ilatyň saglygyna howp salýarlar, meselem Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda. Giňden ýaýran bagyr we böwrek keselleri hem agyz suwunyň aşa duzlulygy bilen baglanyşykly bolup biler.

Rak keseli

Gazagystanyň uzak gündogaryndaky ilat bilen deňeşdireniňde, Aralyň töweregindäki ilatyň rak bilen keselleme ähtimallygy has ýokarydyr. Aral deňziniň sebitindäki rak keselli näsaglaryň 80% golaýy gyzylödek ragyndan ejir çekýärler. Munuň hem sebäbi Aralyň günortasyndaky pagta plantasiýalarynda çakdanaşa ulanylýan pestisidler we gerbisidler diýlip çaklanylýar.

Ganazlyk (anemiýa)

Suwda marganes we ziňk ýaly metallaryň köpdügi sebäpli, ýerli aýallar ýeterlik demir kabul edip bilmeýärler. Demir ýetmezçiligi bolsa ganazlyk döredýär. Ganazlygyň derejesi has hem göwrelilikde beterleşýär – Gazagystandaky göwreli aýallaryň 70% üçünji üç aýlyga çenli agyr ganazlyga sezewar bolýarlar. Täze doglan çagalaryň hem takmynan 87% ganazlykdan ejir çekýärler. Göwrelilikde we ýaş çagalarda bejerilmän galan ganazlyk, immun ulgamynyň gowşamagyna we beýnä zeper ýetmegine hem eltip bilýär.

Çaga aýrylmalary

Garagalpagystanda (Özbegistanyň Arala ýakyn bölegi) eneleriň ölüm derejesi Özbegistanyň ortaça derejesinden 3-4 esse ýokary. Aýallaryň 90% göwreliligiň we dogrumyň dowamynda gaýraüzülmelere duçar bolýarlar; göwreli aýallaryň 16% çaga aýrylmasyny başdan geçirýärler. 1995-nji ýylda çap edilen UNDP hasabatynda Özbegistan boýunça ortaça bäbek ölüminiň derejesi 3%, emma Garagalpagystanda 4.48% diýlip görkezilýär. 1996-njy ýylda Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) tarapyndan çykarylan hasabatda käbir ýerlerde bäbek ölüminiň derejesiniň 10%-e ýetýändigi bellenilýär.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň görýän çäreleri

1992-nji ýylda Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, we Türkmenistanyň döwlet baştutanlary tarapyndan Aral Deňzini Halas Etmegiň Halkara Fondy (IFAS) döredildi. Ondan 10 ýyl soňra, ilkinji sammit geçirildi. IFAS Gazagystanda we Özbegistanda häzir hem hereket edýär. Olaryň çap edýän materiallary esasan Aral deňziniň guramasynyň zyýanly täsirlerini aýyrmaga, suw hojalygynyň reformalaryna, we Aral deňzini halas etmegiň beýleki çärelerine gönükdirilen. 2017-nji ýyldan 2019-njy ýylyň awgustyna çenli IFAS ispolkomy Aşgabat şäherinde işledi, emma edilen işleriň hasabaty we websaýt köpçülige elýeter däl.

Aral deňzini gaýtadan dikeltmek üçin suw tygşytlaýjy tehnologiýalar ulanylýar, suwarma çykdajylary kemeldilýär, bentler gurulýar, we duzuň zaýalap bilmeýän ösümliklerini ekmek teklip edilýär. 2018-nji ýylda, Türkmenistanyň inisiatiwinden ugur alyp, Birleşen milletler guramasy IFAS bilen hyzmatdaşlykda karar kabul etdi. Bu halkara bileleşikleriň Aral deňzini gorap saklamakda kömege taýýardygyny görkezýär. Emma ýedi ýyl bäri täze ekspedisiýa geçirilmedi. Araly halas etmäge niýetlenen serişdeler hem, köplenç, betbagtçylygyň bolup geçýän zonasyna däl-de, Merkezi Aziýanyň beýleki böleklerine harçlanylýar. Bu zonadaky ýaşaýjylar ýagdaýlaryň gowulaşmaýandygyndan şikaýat edýärler. Aral sebitinde adam saglygyny, infrastrukturany, we ekologik ýagdaýy ösdürmäge gönükdirilen ylmy işler we beýleki çäreler gijikdirilmeli däl.

Howa hapalanmasy we COVID-19

Italýan alymlary we ylmy-barlagçylary PM10 we PM2.5 gaty bölejikleriň COVID-19-yň ýaýramagynda we keselçiligiň we ölümçiligiň artmagynda oýnaýan roluna düşünmäge synanyşýarlar (bu barlaglar heniz resenzirlenmedik). Statistiki analizlere görä, PM10 we PM2.5 bölejikleriň ýokary mukdary günbatar Italiýanyň käbir böleklerinde karantin girizilmezden öňki ýokary derejeli howa hapalanmasyna sebäp bolan bolmagy mümkin. PM10 diametri 10 mikrometr (mkm) ýa-da ondan kiçi bolan gaty maddanyň bölejikleridir. PM2.5 hem, 2.5 mkm diametrli ýa ondan kiçi bolan maddalaryň bölejikleridir. Bu ölçegdäki bölejikler tozanyň agramly bölegini düzýärler we dem arkaly öýkenleriň düýbüne baryp ýetýärler. Has ulurak bölejikler bolsa, burunda, agyzda, ýa-da bokurdakda galýarlar.

Ylmy barlaglar uzak wagtlap hapa howaly şäherde ýaşaýan adamlaryň COVID-19 bilen has köp kesellegen bolýandygyny görkezýär. Galyberse-de, howanyň hiliniň ýaramazlygy ýiti we hroniki respirator hem-de ýürek-damar keselleriniň döremeginde möhüm rol oýnaýar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) şeýle keselli adamlarda COVID-19 bilen agyr keselleme howpunyň uludygyny belleýär. Şonuň üçin hem, hapa howany COVID-19 ýokuşma howpuny artdyrýan faktorlaryň biri hasaplap bolar.

Hytaýyň fewralda çykaran hasabatynda, koronawirusyň esasan adamyň respirator ulgamyndan çykýan damjalar we adamlara ýakynlaşmak arkaly geçýändigi bellenilýär. Emma, wirusyň PM bölejikleriniň we aerozollaryň üsti bilen hem ýokuşýan bolmagynyň mümkindigi teklip edildi. Deslapky analizlerde Italiýadan alnan PM10 nusgasynda COVID-19 geni tapyldy. Emma, COVID-19 göteriji bölejikleriň keseli ýokuşdyryp bilýändigi ýa bilmeýändigi welin näbelliligine galýar. Şeýle-de, alymlaryň çaklamalaryna görä, eger bir ýeriň PM bölejiklerinde wirusyň geni tapylsa, ol ýerde epidemiýa täzeden gaýtalanyp biler. Aral relative size of particles

Çeşme: WEFORUM

Ýokardaky suratda dürli maýda maddalaryň ölçegleri deňeşdirilýär.

↪ Ýokardan birinji: adam saçy (50-180 mkm);

↪ Ýokardan ikinji: kenar çägesi (90 mkm);

↪ Aşakdan altynjy: tozan bölegi (2.5 mkm);

↪ Aşakdan üçünji: koronawirus (0.1-0.5 mkm).

  • 1604 gezek okalan