• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • LUKMANÇYLYKDA HÜNÄRMENLIK ÝANMASY: NÄME ETMELI?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

LUKMANÇYLYKDA HÜNÄRMENLIK ÝANMASY: NÄME ETMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

hunarmenlik yanmaHaçanda biziň keselhanamyzda köp ýyldan bäri işläp ýören tejribeli, halypa lukmanymyz işden gidende, men ondan onuň gitmesiniň sebäbini sorapdym. Ol: "Men öz kärimden peýdalanyp köp zatlar öwrendim, adamlara hem köp peýda getirdimmikäm diýip pikir edýärin. Men hünär abraýynam, sylagam, görüpligem gördüm. Özümi boşan küýze ýaly duýýaryn. Säginip, töwerek-daşyňa seretmäge wagt geldi" diýip jogap beripdi. Men ol wagtlar bu sözleriň manysyny aňşyryp bilmedigem bolsam, ençeme ýyl geçenden soň halypa lukmanda hünärmenlik ýanmasynyň bolup geçendigine düşünip galdym.

Hünärmenlik ýanmasy – bu näme?

Hünärmenlik ýanmasy (professionalnoýe wygoraniýe) – bu adamynyň psihikasynyň onuň hünärmenlik gurşawynda (işinde) döreýän dowamly, orta güýçdäki stresslere jogap bermesidir. "Näme üçin orta güýçdäki stressler?" diýip soramagyňyz mümkin. Sebäbi güýçli stressler adamynyň güýjüni ýygnap, oňa jogap bermegine itergi berýär. Orta güýçdäki, hroniki stresslere bolsa adam pikir bermän, çalt öwrenşip bilýär. Netijede, adam tarapyndan psihologiki jogabyň berilmezligi, ýaramaz psihologiki dartgynlylygyň döremegi stressli ýagdaýyň döremegine we hünärmenlik ýanmasyna getirip biler.

Krizis merkezleriň we psihiatrik keselhanalaryň işgärleriniň ýagdaýyna syn edip, "emosional ýanma" diýen düşünjäni 1974-nji ýylda ilkinji gezek psiholog H. Freýdenberg işe girizdi. Bu ýagdaýyň alamatlarynyň ençeme hünärleriň wekilleri üçin häsiýetlidigi sebäpli, "emosional ýanma" termini soňundan "hünärmenlik ýanmasy" ýa-da "ýanma sindrony" diňlip atlandyrylyp başlandy.

Näme üçin lukmanlarda hünärmenlik ýanmasy has ýygy duş gelýär?

Adamlara hyzmat, kömek edýän hünärleriň hemme wekillerinde bu ýagdaýa uçrama mümkinçilikleri ýokary bolsa hem, lukmanlarda bu has hem ýygy duş gelýändir. Çünki lukmanlar:

↪ Dürli stress ýagdaýynda bolan adamlaryň köpüsi bilen aragatnaşykda bolýarlar;

↪ Gijeki nobatçylyklarý çekip, belli wagt çägi bolmadyk iş düzgünini alyp barýarlar;

↪ Iş aýratynlyklary sebäpli öz kärdeşleri bilen iş salyşmaly, düşünişmeli bolýarlar. Işdeşleriň arasynda düşünişmezlikler, yekelenmeler lukmany psihologiki kynçylyklara sezewar edip biler;

↪ Öz işlerinde dürli resmi kagyzlary, maglumat kagyzlaryny, hasabatlary alyp barmak üçin wagtlaryny sarp edip, ýolbaşçylar tarapyndan düşünişmezliklere duçar bolup bilýärler;

↪ Öz maşgalasyny maddy taýdan üpjün etmek islegleri bilen hünärmenlik ösüşlerine bolan ymtylmalaryň deň gelmezligine duçar bolup bilerler.

Näsaglarynyň ýygy ölümçilige sezewar bolýandygy sebäpli onkolog we reanimatolog lukmanlaryň arasynda hünärmenlik ýanmasyna uçuraýanlar köpdür.

Hünärmenlik ýanmasy nähili alamatlar bilen ýüze çykýar?

Bu ýagdaý işe gitmäge islegiň bolmazlygy, kärdeşler bilen düşünişmezlikler, işjeňligiň peselmegi, ýadawlyk, gaharjaňlyk, öýkeleklik, ýekelik düýgusy, hemme zatdan göwni geçme, biperwaýlyk ýaly alamatlar bilen häsiýetlendirilýär. Elbetde, diňe bu alamatlaryň esasynda bu ýagdaýy kesgitläp bolmaýar – onuň üçin psihologlar ýörite işlenen synaglardan (testler) peýdalanýarlar.

Hünärmenlik ýanma ýagdaýy lukmana nähili täsir edip bilýär?

Hünärmenlik ýanmasy lukmanyň ýaşaýyş tertibiniň hemme ugurlaryna täsir edip bilýändir:

Emosional garyplyk – hemme emosional duýgularyň peselmegi, biperwaýlyk, öz käriňden, işiňden göwnüniň geçmegi, güýçli duýgulary (ýakymly duýgulary hem, negatiw duýgulary hem) duýup bilmek kynçylygy, sussypeslik ýaly alamatlar bilen häsiýetlendirilýär.

Töweregindäki adamlar bilen gatnaşygyň bozulmagy – adamlar bilen söhbetdeşlik etme isleginiň bolmazlygy, adamlardan gaça durmak, gödeklik, gaharjaňlyk.

Şahsy üstünliklerini peseltmek – özüne, öz işiniň netijelerine, hünärmenlik ösüşi üçin bar bolan mümkinçiliklerine kembaha garamak, borçlaryny we jogapkärçiligi başga adamlaryň üstüne atmak bilen öz hünäri bilen meşgullanmagyny, gyzyklanmagyny azaltmak.

Hünärmenlik ýanmasy döremez ýaly nämeleri maslahat berip bolar?

Hünärmenlik ýanmasynyň esasy howply tarapy – bu iş, ösüş üçin barha ýaýbaňlanýan zyýanly ýagdaýda adamyň (hatda ol lukman bolsa hem) kynçylyga düşünmän we ony seljermän, adamlardan daşlaşmagy, çäre görmezligidir.

Bu ýagdaýyň döremeginden gaça durmak üçin psihologlar birnäçe maslahatlary berýärler:

↪ Işdäki meseleleri, aladalary, çözmeli soraglary öýe "getirmäň". Öýüňiziň gurşawyny dynç almak, kelläňizi "durlamak" üçin ulanmalydyr.

↪ Her gün gaýtalanýan "iş-öý-iş" zynjyryny üzmek üçin işden boş wagtlaryňyz öz başga gyzyklanmalaryňyz, sport, syýahat etmek, ýakyn garyndaşlaryňyz we size gyzykly bolan adamlar bilen söhbetdeş bolmak bilen meşgul boluň.

↪ Iş wagtyňyzda zerurlyk dörese arakesme ediň. Arakesmeler her 2 sagatdan 5-10 min. dowamlylykda bolup, ol wagt siz iş barada pikir etmäň: uludan demiňizi alyň, otagdan çykyp gezmeläň.

↪ Dörän we çözmesi kyn bolan meseleleri çözmek üçin öz kärdeşleriňiziň, ýolbaşçylaryňyzyň pikirini bilip, gerek bolanda kömek soramadan çekinmäň. Bu sizi ejiz adam höküminde görkezmän, dörän ýagdaýdan ugur tapmaga ymtylyp, işlemäge çalyşýan adam höküminde häsiýetlendirer.

↪ Hemişe öz duýgularyňyza üns beriň! Belki siz adamlar bilen işlemeden ýadansyňyz? Onda barlaghana bölümine ýa-da ylmy-barlaglar bölümine işe geçmek barada pikirleniň.

↪ Maşgala üçin pul ýetmeýärmi? Siz döwlete degişli lukmançylyk edarasyndan hususy lukmançylyk edaralara işe geçip bilersiňiz ýa-da ol ýerde goşmaça işläp bilersiňiz. Hatda lukmançylykdan farmasewtiki ulgama işlemäge geçmek hem çözgüt bolup biler.

↪ Özüňize kembaha garamak, sussypeslik, edýän işiňizden göwnüňiziň geçmegi ýaly şahsy dargadyjy alamatlar dörände, psihologlara ýüz tutmadan çekinmäň.

Hünärmenlik ýanmasyna garşy göreşmek diňe bir beden saglygyny üpjün etmän, eýsem hünärmenlik ösüşiniň we maddy mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna kömek edip bilýändir.

  • 184 gezek okalan