• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • SENIŇ MAŞGALA LUKMANYŇ

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

SENIŇ MAŞGALA LUKMANYŇ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

masgala lukmanyTürkmenistanda maşgala lukmançylygy ulgamy ilata 20 ýyldan köp wagt bäri hyzmat edýär. Özünde terapewt we çaga lukmanynyň wezipelerini jemleýän maşgala lukmany dürli ýaşdaky adamlara lukmançylyk kömegini bermäge taýyn bolmalydyr. Şonuň ýaly hem, ol inçe hünärmen lukmanlaryň (meselem, hirurg, okulist, akuşer-ginekolog) işiniň esaslary bilen hem tanyş bolmalydyr we zerurlyk dörände ilkinji lukmançylyk kömegini bermelidir.

Maşgala lukmany dürli inçe hünärmenleriň ornuny tutup bilmeýär, ýöne özwagtynda olaryň maslahatyna ugratmalydyr, gerek bolan halatynda keselhana ibermelidir.

Maşgala lukmanynyň we şepagat uýasynyň geçirmeli wezipe borçlary TSG we DSM-iň 8.08.2002ý. №115 "Maşgala ýörelgesi boýunça ilata saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak" baradaky buýrugynda beýan edilendir. Maşgala lukmany öz hyzmat ediş çäginde ýaşaýan her bir raýaty doly barlagdan geçirip, saglyk ýagdaýy we anyklanan bozulmalary bejermek üçin bejeriş çäreleriniň tertibini işläp düzýär.

Maşgala lukmany keselçiligiň öňüni alyş işlerini alyp barýar, hyzmat ediş çäginde dispanserizasiýany, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni alyş çärelerini, waksinasiýany, wagyz-nesihat söhbetdeşlikleri geçirýär.

Siz öz maşgala lukmanyňyzyň işine nähili baha berýärsiňiz? Siziň pikiriňizçe, maşgala lukmanyna terapewt (iç keseller lukmany) we çaga lukmanynyň işlerini bile alyp barma başardýarmy?

  • 599 gezek okalan