• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • "HIÇ ZAT BILDIRMEÝÄRDI"

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

"HIÇ ZAT BILDIRMEÝÄRDI"

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

hic zat bildirmeyardiNäme üçin Gazagystan suisid (janyňa kast etmek) boýunça öňde barýar? 1-nji bölüm. Çagalar we ýetginjekler. Dokumental film. – Почему Казахстан в лидерах по суицидам? Часть1. Дети и подростки.

Saglygyň redaksiýasy bu filmi ene-atalara, mugallymlara we psihologlara görmegi maslahat berýär.

Bu filmde çagalaryny ýitiren ene-atalar we maşgala agzalary başdan geçirenlerini gürrüň berýärler. Çagalaryny ýitiren ene-atalaryň köpüsi "Hiç zat duýdurmaýardy. Ähli zat gül ýalydy" diýýärler. Filmde psihloglar nähili alamatlara (ýetginjegiň daş keşbine, hereketlerine, duýgularyna) üns bermelidigini düşündirýärler. Şeýle-de, film nesilleriň (ene-atalar we çagalar) arasyndaky aratapawutlary düşündirmäge synanyşýar. Suisidiň ähli maşgala agzalarynyň fiziki we ruhy saglygyna we bütin jemgyýete ýetirýän täsiri bellenilýär. Filmde psihologlaryň sanynyň azlygyndan we elýetersizliginden hem söz açylyp, mekdeplerde edip boljak işleriň üstünde durup geçilýär. Filmde şeýle düşünjeler berilýär.

Suisidologiýa – adamlaryň näme üçin özüni heläkleýändiklerini we onuň nädip öňüni alyp boljakdygyny öwrenýän ylym. Jana kast etmek bilen baglanyşykly köp dürli ugurlar bar, olaryň ikisi psihologiýa we sosiologiýa. Dogry hereketler, suisid baradaky bilimler we ol barada gürleşmek medeniýetini ösdürmek hem-de bütin jemgyýetiň suisid barada düşünjesini üýtgetmek arkaly suisidiň öňüni alyp bolýar.

Suisidolog – adamlaryň näme üçin öz janlaryna kast edýändiklerini we munuň öňüni alyp boljakdygyny öwrenýän hünärmen.

Türkmenistan

Il içinde häli-şindi: "Pylanynyň ogly, gyzy ýa-da öz janyna kast edipdir" diýen ýaly gynançly habarlary eşidip durýarys. Eşiden badymyza hem bolan ýagdaýa ynanman, "nätdiňaý, wah pahyr, ol-a bolmandyr" ýaly geň galyjy we gynanç bildiriji sözleri aýdýarys. Göräýmäne sagat, hemme zady üpjün ýaşap ýören adamyň, beýle ýoly saýlap, ýaşaýyş bilen hoşlaşmagy gaty gynandyryjy ýagdaý. Ýurdumyzda suisid barada statistiki maglumat bolmasa hem, bu ýagdaýyň ýygy-ýygydan bolup geçýändigini hemmämiz bilýändiris, görendiris ýa-da öz janyna kast eden ýakyn adamymyzyň goýup giden derdini çekip ýörenimiz bardyr...

"Hudaý ýüregine salan bolmaly", "Kellesine sesler gelendir. Öz erkine bolan däldir", "Ykbaly, täleýi şeýle eken, pahyryň", "Şeýtanlar oýnandyrlar", "Kysmatynda bardyr", "Şeýle ölüm maňlaýyna ýazylandyr".

Gadyrly okyjy, seniň daş-töweregiňde şeýle pajygaly ýagdaýlar bolup geçende adamlar näme diýýärler? Şeýle garaýyşlar nämäni aňladýar?

  • 1065 gezek okalan