• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • BEDEN POZITIWLIGI WE BU BARADAKY ÇAPRAZ PIKIRLER

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BEDEN POZITIWLIGI WE BU BARADAKY ÇAPRAZ PIKIRLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

beden pozitiwligiTürkmençilikde biraz wagt görüşmedik tanyşlaryňa ýa-da garyndaşlaryňa duşulanda "A gyz, semräpsiň-le!" ýa-da "Näme beýle gün-günden horlanýaň?" ýaly jümleleri häli-şindi eşidip durýarys. Sen şeýle sözleriň olary eşidýäne we aýdýana edip biljek täsirler barada oýlanyp görüpmidiň?

Sosial mediýanyň durmuşymyza berk ornaşmagy bilen, beden we daşky görnüş baradaky meseleler has hem ýitileşdi. Häzirkizaman jemgyýetimizde ýörgünli käbir "standartlar" sebäpli, ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda birek-biregi kemsitme we çetleşdirme meselesi hem gitdikçe köpelýär.

Munuň bilen bagly, soňky döwür sosial mediýada giň göwrüm alan beden pozitiwligi hereketine seredip geçmek isleýäris. Sözlükde beden pozitiwligi düşünjesi (iňlisçe: body positivity) "adamyň öz bedeni we syraty barada özüni gowy duýmagy" diýip berilýär.

Aslynda, beden pozitiwligi düşünjesi gözbaşyny 1969-70-nji ýyllarda başlan, semiz adamlaryň duçar bolýan kemsidilmelerine we tankytlanmalaryna garşy döredilen, sosial hereketden alyp gaýdýar. Şeýle-de bolsa, sosial mediýada, hususanda, Instagram we TikTok-da bu düşünjäniň ýörgünleşmegi netijesinde, onuň manysy hem biraz ýoýuldy we giňedi diýse bolar. Indi muňa diňe semizlik nukdaýnazaryndan däl-de, eýsem, maýyplygy, beden reňkini, gartaşmagy, dogrumy, beden zeperlerini we şuňa meňzeşleri hem öz içine alýan, has giň düşünje hökmünde garaýanlar kän. Netijede, bu barada dürli, hat-da käwagt çapraz pikirler emele geldi. Beden pozitiwligini goldaýan tarapdarlar, şeýle hem, oňa garşy çykýan tankytçylar peýda boldy.

Beden pozitiwliginiň tarapdarlary üçin bu hereket:

↪ Adamy bedenini we özüni bolşy ýaly kabul etmäge iterýär;

↪ Özüne bolan ynamyny artdyrýar;

↪ Özüni söýmäge, ruhy saglygyny gowulandyrmaga, bedenine gowy ideg etmegä we fiziki işjeňlige höweslendirýär.

Tankytçylar üçin bolsa, bu hereket:

↪ Adamy ýaltalyga we sagdyn däl durmuş endiklerine ugrukdyrýar;

↪ Öz bedenini "söýmeli" diýen basyş döredýär;

↪ Adamyň beýleki aýratynlyklaryndan beden aýratynlyklaryny üstün tutýar;

↪ Adamyň özüni makullanmaga we bahalandyrylmaga mätäç "zat" ýaly duýmagyna sebäp bolýar.

Şeýle hem, beden pozitiwligini öňe sürüp, adamyň bedenini we daşky keşbini üns merkezinde goýmagyň ýerine, ony diňe bar bolşy ýaly kabul etmegi ündeýän "beden neýtrallygyna" çagyrýanlar hem bar.

Bu meselede käbir sosial barlaglar hem geçirilýär. Emma, entek alymlary we dürli pikirdäki adamlary belli bir derejede ylalaşyga getirer ýaly, düýpli netijeler ýok. Şeýle-de bolsa, şu wagta çenli geçirilen barlaglar, beden pozitiwligi azyndan adamyň ruhy saglygyna gowy we şähdaçyjy täsir edýär diýen pikirde.

Haýsy tarapdan seredeniňde-de, adamyň daşky keşp aýratynlyklary sebäpli ony ýazgarmak, kemsitmek, ýa çetleşdirmek nädogrudyr. Bu, aslynda, tankytlanýanyň kemçiligi däl-de, eýsem, ýazgaryjy we kemsidiji adamyň pes düşünjesiniň alamatydyr.

Gadyrly okyjy, seniň pikiriňçe ‘beden pozitiwligi’ oňyn ýa-da erbet netije berýärmi?

  • 1012 gezek okalan