• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • ÇAGALARDA RAK KESELI: ÜNS BERMELI MESELELER

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÇAGALARDA RAK KESELI: ÜNS BERMELI MESELELER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

cagalarda rakEsasy faktlar:

↪ Dünýä boýunça rak çagalaryň we ýetginjekleriň ölümçiliginiň esasy sebäpleriniň biri bolup, her ýyl doglandan 19 ýaşa çenli 400.000 çagalarda we ýetginjeklerde anyklanylýar.

↪ Çaga onkologiki keseller howply çişleriň dürli görnüşlerini öz içine alýar. Olaryň arasynda esasan leýkozlar (akganlylyk), beýniniň howply täze döremeleri, limfomalar we gaty döremelere degişli bolan neýroblastomalar we nefroblastomalar ýygy duş gelýändir.

↪ Eger ýokary girdeýjili ýurtlarda rakdan çagalaryň 80% sagalýan bolsa, pes we orta girdeýjili döwletlerde sagalma diňe ortaça 15%-45% ýagdaýlarda bolup geçýändir.

↪ Çagalyk döwründe döreýän ragyň öňüni alyp bolmaýar, şeýle hem skrining usullar bilen anyklap bolmaýar.

↪ Ululardan tapawutlylykda, köp halatlarda çaga ragynyň sebäpleri kesgitlenilip bilinmeýär. Şu günki günde bar bolan maglumatlara görä, onkologiki keselli çagalaryň takmynan 10%-de raga bolan genetiki töwekgelçilik anyklanandyr. Şeýle hem, pes we orta girdeýjili ýurtlarda howp toparyna dowamly ýokançlyklary bolan çagalar degişli edilip bilner. Meselem, AIW, Epşteýna-Barr wirusy we gyzdyrma çaga ragynyň käbir görnüşleriniň döreme howpuny ýokarlandyryp bilerler.

↪ Çagalykda döreýän ragyň köp görnüşlerini derman serişdeleri, hirurgiki usul we şöhle ulanmak ýaly başga usullar bilen bejerip bolýandyr. Islendik girdeýjili döwletler hem çaga ragynyň bejergisine netijeli goýumlary goýmagy amala aşyryp bilerler.

Çagalyk döwründe döreýän ragyň öňüni alyp bolmaýar, şeýle hem skrining usullar bilen anyklap bolmaýar.

Şonuň üçin hem her ene-ata çagasynyň ýagdaýynyň üýtgemegine, onuň arzlaryna ünsli bolup, esasy alamatlar bilen tanyş bolmalydyr.

Beýniniň we oňurganyň çişleri:

► ýygy döreýän kellagyrylar;

► çaşygözlügiň döremegi;

► gözlerde zatlaryň ikilenmegi;

► gaýtalanyp duran gaýtarma;

► ýazuwyň üýtgemegi, bozulmagy;

► tutgaýlaryň döremegi;

► ýöreýşiň üýtgemegi.

Leýkoz:

◉  deriniň we nemli gatlaklaryň solgunlylygy;

◉  ýygy döreýän burun ganamalar;

◉  diş etiniň ganamagy;

◉  derlegenlik;

◉  limfadüwünleriň ulalmagy;

◉  sowuklama bolmazdan beden gyzgynynyň ýokarlanmagy;

◉  demgysma;

◉  ysgynsyzlyk;

◉  sebäpsiz deride gök ýerleriň döremegi.

Limfoma:

◆  limfadüwünleriň ulalmagy;

◆  beden gyzgynynyň sebäpsiz ýokarlanmagy;

◆  derlegenlik;

◆  beden agramynyň birden ýitirilmegi;

◆  örgünsiz deriniň gijilemegi;

◆  demigysmaly üsgülewigiň döremegi;

◆  arkan ýataňda dem almanyň kynlaşmagy;

◆  üşütme.

Çagalarda içki agzalaryň, has hem böwrekleriň täze döremeleri ýygy duş gelýär. Şonuň üçin hem, çaganyň içiniň ýygy agyrmagyna edýän arzlary lukmana tizden ýüz tutmaga sebäp bolmalydyr.

Bar bolan kynçylyklar

Pes we orta girdeýjili ýurtlarda howply çiş keselleri bejerme görkezijileriň pesliginiň sebäpleri birnäçe bolup biler:

↪ anyk kesel kesgidini bellemek kynçylygy;

↪ döwrebap bejergi algoritmleriň elýeterli bolmazlygy ýa-da olary dogry ulanyp bilmezlik;

↪ dürli sebäplere görä bejerginiň doly alynmazlygy;

↪ gaýraüzülmeleriň (meselem, zäherlenme alamatlary) döremeginiň ölüme getirmegi;

↪ esasy derman serişdeleriň we häzirki zaman tehnologiýalaryň elýeterli bolmazlygy netijesinde keseliň gaýtalanmagynyň (residiw) ýygylaşmagy.

Bu ugurda berilýän kömegiň hilini gowlandyrmak we netijeli çözgütleri kabul etmek üçin:

↪ Çagalarda onkologiki keselçiligiň görkezijilerini saklaýan we seljerýän umumy ulgam döretmek;

↪ Onkologiýa merkezleriň we dispanserleriň maddy-tehniki bazasyny güýçlendirmek;

↪ Näsag çagalara we olaryň ene-atalaryna hakykatdan hem maddy we psihologiki goldaw berýän, palliatiw kömegini berýän döwlete degişli we degişli däl merkezleri, jemgyýetçilik fondlary döretmek wajypdyr.

Makalanyň çeşmesi

  • 51 gezek okalan